Pursat beräýseň

Eý Ezraýly ýalbarýan biraz möhlet ber
Ilki bilen diňle, onsoň janym al!
Menden başga näme işleriň ýokmy?
Baryn bogup indi gezek meňkimi?


Näme her gün gelip haýbat baryny atýaň
Janyňy alaryn diýip elemtas edýäň
Men bir biçäre bireýýäm ölen
Bu hezil dünýäden ýüzün dönderen

Seniň etjegiňi öňdenem bilýän
Bir gün gelip ahmal goýjagyň duýýan
Bir nesihat bersem nähili görýäň
Bir öwüt bolardy gulagyňa ýokýan

Häli men bu dünýäden doýamak
Bir topar işim bar saňa degemok
Hol gitde içip ýatany öldür
Gadyr bilmez köp olary öldür

Men bolsa biçäre sähel şemala ygýan
Seni görsem günälerimi sanaýan
Sanadygym saýyn sandyrap galýan
Günämi ýuwmana pursat ber diýýän

Onsoň janym gerek bolsa alyber diýýän
Ýöne gowusyn et gynama diýýän
Ilki bilen meni köşeşdir diýýän
Häzir öldürin diýip gorkuzma diýýän
0 лайков 59 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.