Gorkýan etikany bozaryn öýdüp.

Salam, çylşyrymly grammatikaň
Tärlerni öwrenip, geljege barýan

Gözel gyz, sen sowuk saýma sözlerim,
Ýakymly eşdilsin intonasiýam.

Aýgytly ädimi bolup ykbalyň

Ýatda galsyn ýaşlyk minutlarymyz.
Anonim bolmasyn sözlermiz biziň,
Sinonimkä ähli umytlarymyz.

Durmuşyň baş düşüm däldigini-de
Duýdum, duşup yşkyň melamatyna.
A gyz ynanmasaň başym egeýin
Meňzäp misli sorag alamatyna.

Juwanlygyň gaýtalanmaz bahary
Bize sowgat bersin bagtlaryn ýazyň.
Ezizim, sözlermiz utgaşyp gitsin,
Mysaly polatal singarmonizm.

Menlik ýöňkemede üýtgedip adyň
Söýgimi siňdirip iberýän goşga.

Men alaç tapmadym (dagy nädeýin!)
Çykalga tapmadym şeýtmekden başga.

Fonetika ýaly syrly gözleriň

Oýnadyp, diýme sen «gep nokatlama».
Gijelerne sen hakynda oýlanýan
Garap ýyldyzlara köp nokatlara.

Görüp seni arasynda boýdaşlaň
Oýlanýan «haçana ýörmeli şeýdip?!».
Ultra ses bilen gygyrjak bolýan,
Gorkýan etikany bozaryn öýdüp.

Haýyş edýän, hata jogap ýazyň,
Ýüregime aralaşsyn ümsümlik,
Hatyňyza garaşýaryn sabyrsyz,
Ýöne jogabyňyz bolmasyn ümlük.

Gurbandurdy ORAZOW
3 лайков 86 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.