Biwepa köp eken (4-nji bölüm)
BIWEPA KÖP EKEN (4-NJI BÖLÜM)
SÖÝGÜLILER GÜNI
Eliň güldi nirä barýaň?
Aljyraýaň hem tolgunýaň.
Söýgüliler güni bu gün ,
Şony bilmän nirde bolýaň?
Wah ýadyma düşmändir,
Söýgüliň jan garaşýandyr.
Ol seni küýseýär bu gün,
Bar belki içiň gysýandyr.
Garaşýandyr.
Söýgüliler güninde,
Aýdym aýdalyň.
Şol ýara aýdymmyzy
Sowgat edeliň
Şu aýdymy diňläp Amangeldi şadyýanlyk bilen mekdebe barýardy. Ol bu gün adatdakylaryndan hem görmegeý görünmäge çalyşýardy. Akja köýnegini bir kemsiz ütüklije , garaja kastýum balagy täzeje ýalydy. Saçyny ýörüte daratmasada , özbaşdak saçyny owadan daramak bolup ýarym sagat iş edinipdi. Täze alynan gymmat baha atyryndan gysganman sepinipdi. Bu gün onuň üçin örän üýtgeşik günleriň biri bolmalydy . Sebäbi bu gün söýgüliler günidi. Söýgülisi ýoklar üçin bu gün adaty bir gün bolmagy mümkin ýöne onuň üçin beýle däldi. Çünki onuň söýgülisi bardy. Ol söýgülisiniň ýanyna barmana howlugyp, tolgunyp barýardy. Ol söýýän gyzy Güljana sowgadyny ýatdan çykarmady. Onuň sowgady 100 manat bilen ýekeje gyzylja güldi. Amangeldiniň pikiriçe dünýäde puldan gowy sowgat ýokdy. Sebäbi pul bilen köp zatlary satyn alyp bolýardy. Ol puly Güljana uzadyp :
-Ine şuňa islän zadyňy alyn - diýmekçidi. Hatda ol öten agşam ýörüte Güljana bagyşlap goşgy hem düzüpdi . Ol goşgyny hem sowgatlarynyň arasyna goşdy.
Ine-de Amangeldi mekdebe geldi. Mekdebe geleninde Amangeldiniň klasdaş oglanlary Muhammediň daşynda üýşüşip durdylar. Amangeldi hem olaryň ýanyna baryp seretse Muhammet halaýan gyzyna soňky etjek soňky model , özi üçin köne beýlekiler üçin täze telefony hemmeleri güjeňläp görkezip durdy. Ony görüp Amangeldiniň bada-bat sussy basyldy. Ol klasdaşlary bilen salamlaşyp bir çetde ýylgyrjyrap duruberdi.Hawa hakykatdanam 100 manat telefonyň ýanynda juda azdy. Emma Am angeldi şol puly gazanmak üçin 4-5 günläp Günüň aşagynda pagta ýygyp zordan 100 manada ýetiripdi.Jaň kakylyp birinji sapaga girilende bolsa Muhammet sowgadyny hemmelere göz edip Keýige gowşurdy.Muny görüp käbir oglanlar öz söýýän gyzyna şeýle sowgat alyp bilmeýänine , käbir gyzlar bolsa özlerine şeýle sowgat edilmeýänine içlerinden kemsinýärdiler. Käbir gyzlar bolsa içindäklerini saklap bilmän daşyna çykardylar.
-Gyran degen biz-ä şeýdip sowgat edýänem ýok
-Şony aýtsana
Bu ýerde esasanam Laçynyň içi ot bilen ýalyndy. Ol öz halaýan oglanynyň başga birine sowgat berýänine içi ýanýardy. Aslynda Laçyn kim baý bolsa şony halaýardy. Emma etli-ganly bolany üçin klasynda "çişik" diýilýän Zöhräniň göwni giň, päli pesdi. Ol:
-Menär-ä şu wagt ýüreginden çykaryp ýandak sowgat etselerem begenerdim- diýdi. Ony eşidip göwni açyk Wepa daşardan alyp gelen çopantelpegi Zöhrä uzadyp:
-Ine saňa-da menden sowgat -diýdi. Zöhre hakykatdanam muňa monça bolup:
-Sag bol - diýip çopantelpegi partasynda goýdy. Amangeldi bolsa öz sowgadyny Güljana gowşurmagyň aladasyny edýärdi. Ol söýgüliler günde söýgülisi bilen gürleşesi , gülişesi gelýärdi. Bu gün diňe oglanlar däl käbir gyzlar hem halaýan ýigitlerine sowgat taýýarlap goýupdylar. Aýgül bilen Begli hemmelerden gizlinlikde söýgi söhbetlerini gurap , sowgat alşyp-berşipdiler. Dördünji sapak gutarandan soň Amangeldä amatly pursat döredi. Arakesmede Keýik jorasy bilen barýan Güljanyň ylgap yzyndan ýetdi.
-Güljan garaşaýda
Güljan bu tanyş sese gaňrylyp yzyna öwrülip sägindi. Amangeldi bada-bat päkmesindäki sowgady Güljana uzadyp:
-Ine saňa sowgat - diýip gyzylja gül bilen bukja salynan goşgysyny we sowgadyny uzatdy. Güljan güli görüp ýylgyrdy-da:
-Wiiý-diýdi- Men-ä saňa sowgadam almadym. Öňünden aýdan bolsaň bir zatlar taýýarlardyma. Amangeldi :
-Zyýany ýok -diýip tüýs ýürekden ýylgyrdy. Güljanyň jorasy Keýik bolsa :
-Ine ýigrimi üçinji fewral ýetip gelýär, şonda sowgat edersiňdä-diýdi. Amangeldi Güljanyň sowgady güler ýüz bilen kabul edenine juda begenip ýene-de Güljan bilen degişip-gülişip söýgi söhbetlerine başlasy geldi.
-Sowgat hökman däl-ä , Güljanyň özi meniň öwmrüme sowgat .
Güljan bu sözlere gyzaryp myssa ýylgyrdy . Amangeldi söhbetiň dowamyny dowam etdi.
-Öňňün agşam söýgüliler günine bagyşlap goşgam ýazdym.
Güljanyň ýanyndaky jorasy Keýik saklanyp bilmän :
-Hany bol goşgyny okasana - diýip bada-bat Amangeldini gyssady. Amangeldi goşgyny heniz doly ýat tutmany üçin kisesinden telefony alyp , telefonyna belläp goýan goşgysyny okamana başlady.
Dynman ýagýar akja gar , bu gün söýgüliler güni
Söýgüliler güniň bilen gutlaýaryn söýgülim
Köp söýgüme şaýatlyk bersem gyzylja güli

Ýürekdäki sözlermi ýene aýdyp bilmedim
Güljan seni ömrüme, ýüregime belledim
Kalbymdaky söýgümi käşgä senem bilsediň
Şonda meniň halyma düşünerdiň söýgülim
Saňa sowgadym bolsun şu ýazylan setirlem
Bu jepaly yşgyň jebrin ýalňyz ýürek götermez
Aman aýdar aşyk bolan gol gowşuryp oturmaz
Ertir ýanyňa barjak garaş maňa söýgülim
-Gowy goşgy bolupdyr-diýip Keýik tirsegi bilen çalaja Güljana degdi. Güljan:
-Aý boljak, erbet däl- diýip gülümsiredi.
-Erbet däl diýen bolup göwnüň ýetmedik bolýaňmy? Şular ýaly gadyrňy bilseler begendä gaýta...
Bular şeýdip degişip-gülişip dükana ýöräberdiler.
(4-nji bölümiň soňy . Dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
(Gökdepe 14.07.2023)

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.