Walentin güni

Rim imperatory II Klaudius ülkesini özüne mahsus zalymlyk bilen dolandyrypdyr. Şeýlebir söweşli gün gelipdir welin, onuň goşunynda söweşjek esger tapylman galypdyr. Tötänden bir karar bilen ol goşunyndaky esgerleriniň nikalanyp, durmuş gurmalaryny gadagan etdi. Şol wagtlarda Rimde ýaşaýan Eziz Walentin atly kişi gadagançylyklara we her dürli howplara garamazdan jübütleriň nikalaşyp, durmuş gurmaklary üçin kömek bermegini dowam edipdir. Muny eşiden imperator Eziz Walentini öldürdýär. Onuň öldürülen güni biziň eýýamymyzyň 270-nji ýylyň 14-nji fewralydy.

Şol günden bäri 14-nji fewral Söýgüliler güni hökmünde bellenilýär. Söýgüliler güni bütin dünýäde her bir kişi tarapyndan şeýlebir özleşdirildi welin, köp ynsan ol güni agşamlyk naharlar, şagalaňlar, şem yşygynda romantik agşamlar we has tapawutly gutlamalar bilen belleýär. Ynsanlar diňe 14-nji fewralda däl, ýylyň 365 gününi hem biri-birilerini söýüp, hormatlap, beýgeldip, biri-birilerine kömek edip we agzybirlik içinde ýaşasalar ne gözel bolmazmydy?!
0 лайков 77 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.