*****
Ranawaluna Birinji taryhda dünýäniň iň ganhor we zalym hökümdarlaryndan biri hökmünde häzirem ýatlanýar. Eger Gitler,Stalin,Mao onuň ganhorluklaryny gözi bilen gören bolanlarynda öz eden "işleriniň" hiç zatdygyna gaty namys ederdiler. Hawa, zalymlykda,ganhorlukda Ranawalunadan geçjegi ýokdy...
Ranawaluna 1788 ýylda daýhan maşgalasynda dogulýar. Atasy Ramawo günleriň birinde hökümdara garşy kast edilşik gurnalýandygyny bilip galýar we bu hakda hökümdara duýdurýar. Hökümdar Ramawonuň bu işinden örän hoşal bolýar we ilki Ramawony öz penasyna alýar. Soňra gyzyny özüne ýanýoldaş edinýär. Şeýlelik bilen Ramawonyň gyzyna Ranawaluna Birinji diýip at berilýär. Hökümdar soň ýene 11 aýal aldy. Olar hökümdara mirasdüşerler doguryp berdiler. Ranawaluna bolsa önelgesiz bolup çykdy. Hökümdara perzent dogup berip bilmedi. 1828 ýylda hökümdar tarpa-taýyn aradan çykdy. Onuň ýerine bolsa ýegeni tagta çykmalydy. Ranawaluna bütinleý çete çykyp galjagy bellidi. Emma çete çykmady. Ýurtdaky däp-dessurlary saklap galmak,Madagaskary ýewropalaşdyrmazlygyň tarapdarlary köp wagtdan bäri hökümdar Radama Birinjiň ýöredýän syýasatyndan nägilediler. Ranawaluna şolary öz tarapyna çekdi. Eger şa aýalyna öwrülse,Madagaskar däp-dessurlary saklanyp galjagyna,bu topragy göze sürtip ýaşajagyna wada berdi.
Tarapdarlaryň kömegi bilen birnäçe günçň içinde köşgi eýeledi. Şol günüň özünde hökümdaryň mirasdüşerlerinden başlap,aýallary,dogan-garyndaşlaryna çenli hemmesini gylyçdan geçirdi. Ýekeje-de garşydaş goýmady. Şa aýal täji geýenden soň,aradan 9 aý geçip ol ogul perzentli boldy. Ol merhum hökümdar Radama Birinjiden göwreli eken. Ol syýasaty hristiýanlara garşy uruş yglan etmek bilen başlady. Madagaskardaky ähli hristiýan dinini kabul eden adamlar yzarlanyp başlandy. Akyllyraklary assa-ýuwaş gaçyp gitdi. "Hudaý gorar" diýip galanlaryny bolsa şa aýaly Ranawaluna Birinjiniň gazabyna duçar boldylar. Ele düşen hristiýanlary Ranawalunanyň permanyna görä çuň jara oklapdyrlar, diriligne gazanda gaýnadypdyrlar. Garaz,öldürmekligiň nähili usuly bar bolsa hemmesinden peýdalanypdyrlar. Bara-bara bu zalymlyk Madagaskarda ýaşaýan halkyň degnasyna degdi. Şonuň üçin bolsa gerek ,şa aýalyna "guduzlan şa aýal" diýip lakam goýdular.
Mundan hem aýylganç hoküm häli öňde eken. Ranawaluna Birinji Madagaskardaky halkyň özüne nähili wepalydygyny synap görmek kararyna gelýär. Munuň üçin ýörüte zäher taýýarlanýar. Şa aýaly her bir adama şu zäherden içmekligi höküm edýär. "Eger kimde-kim şa aýalyna wepaly bolsa,bu zäheri içsede ölmez" diýýär Ranawaluna. Elbetde,bu ganhorlugy amala aşyrmak üçin ýöne bir bahanady. Şu zäheriň kömegi bilen ýüz müňden köpräk adam öldürildi.
Ýene bir zat. Günleriň birinde ol ýabany öküz awyny isläp galdy. Munuň üçin 50 müň adam jemledi. Olar 4 aýyň dowamynda ýabany öküz awlamak bilen meşgul boldylar. Şonuň netijesinde 20 müňden köpräk adam wepat boldy.
Bu işler netije berdi. Duşmanlary burça dykylyp ölmekden başga çäre tapyp bilmän galdylar. Diňe ogly Radama Ikinji bu gorkydan azatdy. Ol özüni nähil zalym we wagşy aýalyň dogurandygny bireýýäm aňlapdy we köp gezek enesini tagtdan agdarmaklyga synanşypdy. Emma her gezek şowlulyk ondan ýüz öwürýärdi. Ranawaluna bolsa Madagaskarda hökümdarlygy doly ele alyp,syýasy taýdan mäkäm pozisiýa eýe bolup ýetişipdi. Zalymlygy,ganhorlugy,aşa rehimsizligi bilen golastyndakylaryň baryny özüne boýun egdirip bilipdi. Esasysy,wadasynyň üstünden çykypdy. Madagaskar ýewropalaşmady.Ýurdyň däp-dessurlary doly saklanyp galdy. Ajaýyp günleriň birinde Hudaý şa aýalyň janyny almak üçin Ezraýyly ugratdy. Ranawaluna Birinji 73 ýaşynda dünýeden ötdi. Ogly Radama Ikinji ahyry tagty eýeledi. Ýöne enesiniň ölüminden soň işi Madagaskary ýewropalaşdyrmakdan başlady.
#Arhiwden bulam

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.