Gosgy

Yzly-yzyna tusse çekdim içime,
Bigünä çilimde arym bar ýaly.
Aýtsana sen wagşymy ýa jellatmy,
Meniň duýgularma zalym bor ýaly.

Seň ysyňy ýada salmajak bolup,
Temmäkiň ysyna serim aýladym.
Ynan ýary gije şol çilim bilen,
Senli duýgularmy göre jaýladym.

Onsaň başujyna goýdum bir daşy,
Soň çekiçläp daşyň ýüzün gazdym men.
"Bu mazarda ýatan bigünä çilim,
Hemem bir zalymyň golundan ölen,
Bagty gara söýgim" diýip ýazdym men.

Yusup Meredow
0 лайков 72 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.