Durmuş nowellalary (7-nji bölüm)
Soňra Jumanazaryň ýanyna klasdaşy Baba geldi. Baba hem her gün diýen ýaly şu öri meýdana düýelerini bakmaga getirerdi. Baba aňyrdan gele-gelmäne:
-Jumaa , gowymy doost ?-diýip gygyrdy.Jumanazar bu tanyş sesi eşidip biraz aljyrady. Gündeligi arkasynda gizläp:
-Gowy dost, özüň gowymy?-diýdi. Baba Jumanazaryň ýanyna golaýlap:
-Gowylaý menem - diýip elini uzatdy. Klasdaşlar elleşip salamlaşanyndan soň Baba:
-Dost ýör suwa düşmäge gitseň- diýdi. Jumanazar bu duýdansyz teklibe azajyk ikirjiňlendi. Soňra biraz oýlandy-da:
-Ýör-diýdi .
Olar dowarlaryny demirgazyga sürüp, ekinleriň günortasyndaky çeşmä suwa düşmäge gitdiler. Iki sany klasdaş , iki bolup , 1-2 sagatlap , hezil edip suwa düşdiler. Suwa düşüp bolanyndan soň Baba çalt-çalt eşiklerini geýip , Jumanazaryň kepgasyny alyp gaçdy. Jumanazar hem eşiklerini geýip tä kanalyň köprüsine çenli ýadaýança Babanyň yzynda kowalady. Ýöne näçe kowalasada yzyndan ýetip bilmedi. Ahyry Jumanazar geçileriniň ýanyna bardy. Baba bolsa düýelerini oba sürüp , öýlerine tarap gaýdyberdi. Jumanazar bolsa oňa gaharlanyp , agzyndan gelenini sögünip, gargady. Soňra biraz ünsüni sowmak üçin eşikleriniň arasyndan gündeligi çykardy. Jumanazar :
-Şuny görkezmänimem gowy bolupdyraý. Ýogsa munam alyp gaçardy- diýip öz ýanyndan begendi. We gündeligiň dowamyny okamaga başlady.
"Ilkinji ýazan goşgym.
Çagalygymdaku iň ýakymly , iň süýji pursatlarymyň biri hem Şeker bilen geçiren günlerim . Ilki-ilkiler üns bermesemem , soňabaka meniň oňa bolan muhapberim artypdy, söýgüm oýanypdy. Men hakykatdan hem ony hiç kinesi bolmadyk çaga ýüregimden päk söýgi bilen söýýärdim. Olam maňa kem baha garamaýardy. Olam meni söýýän ýalydy. Sebäbi men olara myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga barsamam , olar bize myhmançylyga gelselerde biri-birimizi ýitirip , tapan ýaly bileje oýnaýardyk, degişýärdik, gülüşýärdik.
Ilki bilen Şeker barada gysgaça maglumat . Şeker özüm ýaly , orta boýly, gaharjaň gyz. Aslynda çaga wagty gaharjaňam däldi. Göwnaçykdy, alçakdy, owadandy. Ullakan dury gözleri bardy. Aslynda men onuň şu wagtky ýagdaýyna dälde , çagalygyndaky Şekerime aşyk. Indi ol düýbünden üýtgäpdir.
Şeker daýzamyň gyzy bolan soň häli şindi men ejem bilen olara ýa-da olar bize gelerdi. Şeýle bir hezildi onuň bilen oýnamak , onuň ýanynda bolmak. Ýüregime azap berýän soraglarymyň biri Şekerem meni söýýärmikä? Has dogrusy söýdümikä ? Hawa, içki duýgylarymyň dillenşi ýaly olam meni söýdi.
Bu gün bolsa ilkinji goşgymy nähili ýazylanlygy barada oýlanýan . Hawa ilkinji goşgymy hem heniz elime galam alyp başlan wagtymda ilkinji söýgüm Şekerime ýazypdym. Ol pursatlar henizem göz öňümden gitmeýär. Şol wagt sen meniň bilen hoşlaşyp öýüňe gaýtjak bolup durdyň. A men bolsa seniň bilen hoşlaşasym gelmeýärdi.Sen:
-Sag bol -diýip kiçijek we näzijek , akja eljagazyňy salgap gaýdyp barýardyň. Men bolsa ne "Sag bol " diýip bildim , ne-de elimi galdyryp. Diňe doňňara daş deýin yzyňdan seredip doňup durdym. Şol wagt men juda-juda üýtgeşik duýgylary başdan geçirýärdim. Şol täsin duýgylar bilen men öýe ylgadym. Tekjeden kagyz bilen galam aldym-da ilkinji goşgymy ýazyp başladym.
Men saňa bakýan,
Sen maňa bakýaň.
Bakmak bilenem,
Ýüregmi ýakýaň.
Göräýmäge ýönekeýje sanawaç ýaly sözlemler . Ýöne men bu sözlemlerimi hakydamda ýüregimde göterip ýörün. Bu sözlemler çaga kalbynyň joşgynly owazy, bu sözlemler ilkinji ylham perişdämiň pyşyrdylary.
Şeker aýtsana ,
Meni söýýäňmi ?!
Meniň söýgümi,
Senem duýýaňmy?
Ýa sen söýýäňmi?
Ýa söýeňokmy?
Ýa meniň söýgümi,
Sen duýanokmy?
Kulhuallahu ahad,
Allahyssamad...
Goşgynyň ahyryna Gurhan aýatlaryny goşanyma özümem haýran . Belki näbelli bir güýç bu aýatlary maňa ýazdyrandyr. Belkide gudraty güýçli Biribar ilkinji goşgymyň Gurhan aýatlaryndan başlamagymy isleýändir.
Şeker. Şu ady eşidenimde ýüregim jigläp gidýär.Bir, iki, üç gezek däl , her gezek şeýle.Näme üçin beýlekä?
Şeýle bir söýýärdim,söýýärdim seni
Seň bilen durmuşym örän hezildi
Sen gitdiň ýalňyzlyk aglatdy meni
Joşan göwnim gam kölinde ezildi
Şeýle bir söýýärdim ,söýýärdim seni
Kalbymyň törinde diňe sen bardyň
Sen dünýäme dogdyň şapak mysaly
Ömir ýollaryma ýalkymly nurdyň
Şanyňa ençeme goşgy ýazardym
Galam ,kagyz meniň hemram bolardy
Elmydama seni ýatlap gezerdim
Seň suratyň meniň gümram bolardy
Aslynda men seni näme üçin söýdümkäm ? Näme üçin söýýärkäm? Sen beýle bir owadanam , baýam, akyllam däl . Men seni näme üçin söýýän? Ony söz bilen beýan edip bilemok . Meniň saňa ruhum,bedenim, kalbym siňen.Ine bu gün bolsa ýatlamalaryň arasynda alaşyp, senli günleri ýatlaýan.
Ýadymda henizem şol geçen günler
Şol gün bir mysalyň jogabyn gözläp
Sanardyk biz goşup barmaklarmyzy
Şonda-da jogaby bilmedik çözläp
Soňra biz öýmizden daşary çykyp
Şol mysaly berdik agam Tirkişe
Agam pikirlenmän jogabyn aýtdy
Beýle zehin berilmeýär her kişä
Sen şeýle gaharjaň gyz. Sähel zada gaharlanyp gyzarýaň . Ýöne näme üçindir şonda-da seniň sözleriňe ýüregim ýumşaýar? Sesiňi her eşdenimde.kalbym elenip şool çagalyk ýyllarymy ýadyma salýar.
Ýadymda henizem şol geçen günler
Remezan aýynyň ikinji güni
Size oýnamana men ejem bilen
Barypdym,ýenede göripdim seni
Şol gün seniň bilen goňşy golama
Ýarmezan aýdyp aýlanardyk biz
Bolsakda biz bäş-on sany bir topar
Başga çagalardan saýlanardyk biz
Şol gün sen owadan gaty ses bilen
Ýarmezan goşgysyn aýdyp bererdiň
Men bolsa utanyp uýalyp şonda
Hiç zat aýtman ýere bakyp durardym
Şonda-da olar meň başym sypalap
Süýji-kökelerden paýym bererdi
Soň ilkinji söýgim elimden tutup
Meni başga gapa alyp barardy
Jumanazar gündeligi gyzygyp okap otyrka , Baba ýene-de gazelli kakasy bilen Jumanazaryň ýanyna gelip:
-Bagyşla dost-diýdi-de kepgasyny dosdyna berdi. Jumanazar Babanyň bu sözlerine ýüregi ýumşap gitdi. Soňra ol ýönekeý kepga üçin çagalyk dosdyna sögünip, garganyna ökündi.
Ýagşylary dost tutsaň,
Açylar näzik göwün.
Ýamanlary dost tutsaň,
Ýürekde galar düwün.
(7-nji bölümiň soňy, dowamy bar)
© Gerçeknazar AMANNAZAROW
(Gökdepe 22.07.2023)

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.