Ak goşgylar

"Arkadag şäheri-ylham gözbaşy" atly döredijilik bäsleşigine.

A-rkadag şäheri-ylham gözbaşy,
R-uhumyzy galkyndyrdy göklere.
K-öňülleriň , ömürleriň syrdaşy.
A-kylly şäherim bürnüp aklyga,
D-öwrebap tehnika bilen galkynyp,
A-rkadagly Serdar bilen ýalkanyp,
G-özel günde nesip etdi halkyma.

Ş-ugla saçýar ýyldyzlara bäs eýläp,
Ä-hli ýerde ak mermerli binalar.
H-assahana, ussahana , kärhana...
E-rtekiler dünýäsi deý hamala.
R-aýata ähli mümkinçilik bar,
I-şlemäge , okamaga , gurmaga.

Y-lham alyp säher sergin şemaldan,
L-ezzet alýan sözläp seniň waspyňy.
H-amala diýersiň ine erem bag,
A-sudalyk , bagtyýarlyk mesgeni,
M-ermer şäher , merjen şäher "Arkadag".

G-özbaş aldyň Arkadagyň pähminden,
Ö-z-özünden döremeýär beýle bagt.
Z-eminde gurulan uçmah şährim sen,
B-agtdan joşup buýsanmajak şeýle wagt.
A-ýna deý ýollarda gaýýar ulaglar.
Ş-adyýan çagalaň şadyýan sesi,
Y-lham sazy "şildir-şildir" bulaglar.

Harsydünýälik

"Bismilla" bilen başlaýyn söze ,
Haýyr ýokdur şonsuz başlanan işde .
Gaplaň kimin çala gözimiz açyk ,
Ýaşap ýöris alasarmyk bir düýşde.

"Bir başym bar müň işim bar durmuşda ",
diýip gara başyň gara başagaý .
Müň işiň müňsine ýetişjek bolup ,
Aýna seret üýtgäp gidipdir ýüzüň,
Göziňi gapypdyr harsydünýälik ,
Aýdyň hakykaty görenok göziň.

Hasaba çekdiňmi gara nebsiňi ,
Ölçediňmi amallarňy mizanda ?
Göriplikden açylanok dideler .
Göwnimiz öýkeden gümandan doly.
Imanmyzy ogurladyp şeýtana ,
Sallam-sajak geýim bilen ser-sepil ,
Gezip ýören ýaly däli diwana .
Çarkandakly ýoldan büdräp gelýän,
Kä ýykylyp käte aýaga galýan ,
Ýol ýitiren ýol belede çalymdaş ,
Gezip ýörsiň öz-öziňden göwniň hoş.

*    *    *

Ylym

Her dürli dälilik bardyr dünýäde ,
Hemme ylymlary öwrenjek bolup ,
Hemme alymlara öýkünjek bolup ,
Gezip ýörmek, olam bir dälilikdir.
Saňa bolsa ýeter ýeketäk ylym,
Iň kämil ybadat ,iň mäkäm sütün.
Emma beýle ylym berilmez barça,
Beýle ylym dogry sözli,arassa,
Adama berler.
Nähili bolsada kämil ylymdan,
Beýleki ylymlar gyzykly görner,
Peýdaly görner .

Bir ylmyň alymy,mollumy bolup,
Tagat-ybadatdan daşda bolandan,
Daşlaşyp ondan.
Elbet şol ylymdan bihabar bolup ,
Haýyrlydyr dogry ýolda gezmegiň,
Haýyrlydyr kämil ylym öwrenip,
Many düzmegiň.

Gör näçe ylymlar bardyr eýesin,
Bu dünýäde baýlyga hem şöhrata,
Eýe eder, elbet sözlerim hakdyr.
Ahyrýetde bolsa onuň hiç hili,
Peýdasy ýokdur.

*   *   *

Ýalňyzlyk

Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,
Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men .
Bu gije garaňky ,
Örän garaňky .
Ne-hä Aý görinýär ,
Ne-de bir ýyldyz.
Diňe şol uzakda öçigsi çyra ,
Çalaja ýylpyldap görinýär göze .
Durun menem şol bir ýerde aýlanyp,
Mähriban maşgalam hakda oýlanyp ,
Ýörün aýlanyp.

…Işden gelýändirsiň öýe howlugyp,
Çagalaň gülişip öňiňden çykar .
-Kakaaa
-Kakaa
-Kakam gelýär- diýişip
Paýtyl-puýtyl edip ylgajak bolar .
Ýykylaýmasyn diýip ylgarsyň senem ,
Olardan beter.
Şol pursat ulyjaň eliňden tutar ,
Soňra körpejäni gujagňa alyp ,
Öýiňe gelersiň şadyýan bolup.

Gyzgynjak maşgala ,
Gyzgynjak nahar .
Telewizoryň sesi ,
Çaga gülkisi.
Keýwanyň çaý demläp öňiňde goýar,
Seniň bolsa keýpiň bolmaz hiç zada,
Şondan uly bagt barmy dünýäde ?!...

Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,
Tebigatyň ajysyna taplanyp ,
Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men .
Ýok şol ýalňyzlykdan boldum men bizar,
Boldum men hassa.
Ölümden hem beter ajy zatlar bar ,
Bilseň ýalňyzlykdyr iň uly gussa.


© Gerçeknazar AMANNAZAROW.
2 лайков 342 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nazar
01 авг 2023, 00:15
Ikinji goşgyñ has gowy bolupdyr.

Gerçek señ bilen çaýlaşyp bolmazmy. Meni gyzyklandyrýan soraglam bardy
Gerceknazar
Автор 01 авг 2023, 11:46
FanB,elbetde bolar.

Telefon belgim : +99365228952

e-poçtam : gerceknazar97@gmail.com


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndan. Aşgabat şaheri bilen Bäherden etraby aralygyna arkaýyn çagyryberiň . Işden boş wagtyma sazlap çaýlaşaýarys.
Belki
01 авг 2023, 11:48
Şu bäsleşigiñ bildirişini goýaýyñ.
Owrenyan
01 авг 2023, 15:23
Belki,
“Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan “Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” ady bilen şygyr bäsleşigi yglan edilýär. Bäsleşik türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen gurlan “Arkadag” şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabaralaryna bagyşlanýar.

“Makul Hyzmat” Terjime merkezi we “Atavatan Danışmanlık Tercüme LTD” kompaniýasynyň sponsorlygynda geçirilýän bäsleşikde şu baýraklar we goşmaça höweslendiriji baýraklar ýeňijilere garaşýar.

Baýraklar:

Birinji ýere 5 müň,
Ikinji ýere 3 müň,
Üçinji ýere bolsa 2 müň manat pul baýragy berler.
Mundan başga hem bäsleşige hödürlenilen goşgularyň birnäçesine eminleriň ýörite baýragy gowşurylar.

Bäsleşik “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň beýik joşgunyny özünde jemläp, ýurdumyzyň şahyr ýaşlarynyň şygyrlarynyň arasynda geçiriler. Bäsleşige hödürlenjek goşgular Arkadag şäherinden ylham alnyp döredilen bolmaly we özünde bu ajaýyp şäheriň ruhy joşgunyny beýan edilmelidir.

Bellik: Her awtor diňe bir goşgy bilen gatnaşyp bilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar iberýän eseriniň ýanyna özi hakyndaky maglumaty (işleýän we ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, hünäri, telefon belgisi) goşmalydyrlar. Hödürlenjek eserler emin agzalarynyň ilkinji gözden geçirmelerinden geçenden soňra saýta ýerleşdiriler.

Bäsleşige hödürlenilen we saýta ýerleşdirilen goşgular boýunça ýeňijiler emin agzalarynyň netijesi, “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtyndaky okyjylaryň okan sany, “Atavatan TV” kanalyndaky tomaşaçylarynyň tomaşa sany, “@atavatanturkmen Instagram” sahypasyndaky halanan sanlarynyň esasynda kesgitlener.

Bäsleşigiň netijeleri “Arkadag” şäheriniň resmi açylyş dabaralaryndan soňky bir aýyň dowamynda yglan ediler. Bäsleşigiň jemleri we ýeňijileri yglan etmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bäsleşik barada has giňişleýin maglumatlary ýakyn wagtda yglan ederis.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler öz goşgularyny “Arkadag şäheri – ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigine diýip bellik edip, ylhamgozbasy@gmail.com salgysyna iberip bilersiňiz.

Bäsleşige hödürlenýän eserler “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň sahypalarynda çap ediler.
Nazar
01 авг 2023, 20:13
Gerceknazar,
Bolya
Balary
02 авг 2023, 13:31
Owrenyan,
bäsel#sik gecip bolupdyr bolyamyka onda?! birinji tapgyr diyya wln
Balary
02 авг 2023, 13:31
*bäsleshik
Balary
02 авг 2023, 13:32
edebuat dususygna kimiñ baryanyny bilibilen dalsiñiz?!Gerceknazar,
Gerceknazar
Автор 02 авг 2023, 16:23
Balary,Ogultäç Oraztaganowa
Balary
02 авг 2023, 17:15
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:16
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

ha bolya... yaslaram gosgularny okayamy her gezek
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!
Balary
02 авг 2023, 17:20
Gerceknazar
Balary,Ogultäç Oraztaganowa

yas sahyrlaram gosgy okayamy her gezek?!