Tebip (Ýer tebibiniň başarmadygyny, Asman Tebibi başarar)

Rowaýatlara görä, işine ussat ökde bir tebip bar ekeni. Ýaradan oňa hiç bir kitapda ýazylmadyk, hiç bir mekdepde öwredilmedik lukmançylyk syrlaryny hem aýan edenmişin. Ol tebip tebigatyň hem diline düşüner ekeni. Her ösümligiň nämelere peýdalydygynam bilipdir. Bilimi esasynda dürli-dümen däri-dermanlary taýýarlapdyr. Olaryň hersini aýratyn bir çüýşelere guýup, tekjede ýerleşdirer ekeni.

Munuň täsin taraplarynyň biri-de, her gezek näsag biri bu lukmanyň ýanyna gelende, çüýşeli dermanlaryň biri öz-özünden gozganar ekeni. Şeýdip näsag öz ahwalyny aýdyp-aýtmanka, tebip onuň keselinem, dermanynam kesgitlär ekeni.

Şeýdip öte zehinli tebip ep-esli näsaglary derdinden saplamagy başarypdyr. Onuň at-abraýy, çawy, meşhurlygy daglardan aşyp, yklymlara ýaýrapdyr. Zeminiň çar künjeginden onuň ýanyna gelýän näsagdyr keselbentleriň yzy üzülmändir. Golaýdakylar pyýadalap, uzakdakylar kölügdir ulaga atlanyp, tebibiň howlusyna tarap akyn eder ekenler. Ep-esli wagtlap bu ýagdaý şeýle dowam edipdir: her gezek hassa biri gelende tekjedäki çüýşeleriň biri ýerinden çala gozganar ekeni.

Günleriň birinde özüni nähoş duýýanlaryň biri gelip, tebibe arzyny aýdyp başlapdyr. Bitap-mejalsyzdygyny, reňňi-roýunyň gün-günden saralyp barýandygyny, horlanýandygyny aýdypdyr. Tebip bu hassany gözden geçirip başlapdyr, arasynda hem mahal-mahal tekjelere nazar aýlaýarmyşyn. Emma tekjelerdäki çüýşeleriň biri hem gozganmandyr. Tebip uludan demini alypdyr-da:

— Seniň dermanyň mende ýok — diýipdir.

Bu sözler ýarawsyz adama has-da ýokuş degipdir. Gynanypdyr, gaýgy edipdir. Maşgalasyny, yzynda galjak zürýatlaryny, ýakynlaryny ýatlap gyýlypdyr. Olary gynandyrasy hem gelmeýän ekeni, şonuň üçinem gelen iline tarap däl-de, başga bir ugra ümdüzine tutduryp gidiberipdir. Işdäsi-de ýok ekeni, iýibem-içmändir. Halys eňki agyp, tapdan düşüpdir. Bir agaja arkasyny diräp, demini dürsemäge oturypdyr. Şol wagt şol golaýdan bir goýun çopany goýundyr geçilerini sürüp, geçip barýan ekeni. Bu biçärä nazary kaklyşandan oňa ýardam edesi gelipdir. Geçi süýdüniň em boljagyna düşünipdir, ýöne süýdi sagar ýaly gap tapmandyr. Ahyry bir malyň Güne kakap galan kelleçanagyny tapypdyr. Geçisini sagyp, süýdi onuň golaýynda goýup ötägidipdir. Ýarawsyz adam ysgyn-mydarsyz oňa tarap süýşenekläp başlapdyr, emma niredendir bir ýerden bir apy ýylan peýda bolupdyr-da, ýaňky geçi süýdüniň ählisini içipdir. Ýarawsyz adam mejbury saklanmaly bolupdyr. Daş alyp, ýylana ataýsamam diýipdir-de, ýene-de gorkusyndan elheder edipdir. Ýaňky ýylan bolsa bir zat tapynan ýaly bolup, içen süýtleriniň ählisini kelleçanaga — yzyna gaýtarypdyr. Soňam bir ýerlere sumat bolupdyr. Ýarawsyz adam ýylan zäheri bilen garym-gatym bolan geçi süýdüne biraz seredip durupdyr. Soňam: «Bu bolup ýörşümem ýaşadygym däl. «Näme bolsa, şol bolsun!» edip, süýdi içeýin-de dynaýyn» diýip, ýaňky kelleçanagy soňuna çenli başyna çekipdir. Soňam özünden gidip, uklap galypdyr. Näçe wagt ýatany belli däl, özüne gelende endam-janynda birjik-de agyry duýmaýan ekeni. Golaýdaky güzere baryp, suwdan ganmak isläpdir. Suwda keşbini görüp, muňa hasam begenipdir, sebäbi reňňi-roýuna täzeden jan giren ýaly ekeni. Hälki ýarawsyz — ýaňky sagalan adam tebibiň ýanyna dolanypdyr. Gele-gelmäne-de:

— Hany, meniň dermanym ýok diýýädiň-le... Ine, seret, dermanym bar eken-ä... — diýip, sugşuryp başlapdyr.

— Ýok, beýle däl. «Seniň dermanyň hiç ýerde ýok» diýmedim. Diňe «Seniň dermanyň mende ýok» diýdim. Saňa nämäniň gerekdigini bilýärdim, ýöne geçiniň ilkinji owuz süýdüni ýaş ýylanyň zäherine garyp, üstünden ýyllar aşan bir malyň kelleçanagynda içirmek — meniň elimden geljek zat däldi. Şonuň üçinem «Seniň dermanyň mende ýok» diýdim. Ýeri aýtsana, sen bu zatlary nädip tapyp bildiň?» — diýip, tebip ondan sorapdyr. Ol adam ähli wakany bolşy ýaly gürrüň beripdir. Tebip bolan zatlara haýran galypdyr:

— Ynsan hemme zady akyly bilen ýerbe-ýer edip bilmeýär, emma Biribaryň bu zatlary sazlaýşyna, gabat getirişine seret ahyry. Zemin tebipleri asgyn gelse-de, asman tebibi hemişe hemme zada hötde gelýändir. Esasy zat, nähili ýagdaýdadygyňa garamazdan, hiç wagt umytdan düşmeli däldir. Iň ýokumly derman — umytdyr» — diýip, tebip jogap beripdir.
2 лайков 103 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.