Bir adam tebibiň yanyna gelip, içiniň agyrýandygyny aýdypdyr. Tebip ondan: - Näme iydiň? - diýip sorapdyr. Ol adam: - Ýanan çörekden başga iýen zadym yok diýipdir. Soň tebip oňa göz dermanyny berende, ol adam: - Meniň gözüm däl-de, içim agyrýar ahyryn diýipdir. Soň tebip oňa şeýle jogap beripdir: - Bu dermany indikide näme iýýäniňi görmek üçin berýän diýipdir!
Комментариев нет