KERIM GURBANNEPESOW DURALGA

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,Jümjüme gülleriň arasy bilenJümjüme ýaglykly bir gözel gelýärJümjüme köýnekli jorasy bilen.Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.“Gyzym, uýam” diýip, lak ataýmasaň,Lak atmagam indi bize howuply.Gyzlaryň birisi – duran bir keýik Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik Megerem, dünýäde iň bagtly oglan-Şol keýik gözlere ýar boljak ýigit.Menem synlap durun çekilip gyra.Gyzlar meňzäp gelýär swetofor-çyra.Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –Ýol ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!Ikisem uz basyp duralga geldiBirisi pyňkyryp, bir zada güldi.Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.Onýanüa gaýradan göründi maşyn.Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşyndaTogtatdy, baş egip gözellik üçin.Mündüler. Gyzlardan galmadym menem.Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem.Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilenGarşy däl uçmaga kosmosa çenlem…Awtobus togtady. Aüyldy işik.Reňbe-reň müň gözel, müň ýigit üýşüp,“Watan” teatrnyň öňünde durlar,Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.Ýüregimi alyp özleri bilen,Kereşmesi bilen, näzleri bilen,Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –Menem böküp düşdüm yzlary bilen.Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.Birden iki gözel dörde öwrüldi –Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.Göreçler göreje atyşdy owsun.Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –Kemputdan doldurdy bir çabdyň jübsün.Onýança-da açdy gapysyn “Watan”…Kemput iýýän gyzyň golundan tutanBir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…Guwan şahyr guwan, Utan shahyr utan !!!
1 лайков 443 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ibo03
11 авг 2023, 17:08
Sen familyan birin yatlatyalay
Perhat Sabirovv
11 авг 2023, 17:56
islenenci,
Kimi?!
Malvina
11 авг 2023, 19:10
Perhadik bu haysy sabirovva_s yalnysmasam selbi oydyan
OrazMuhammet Aşyrow
11 авг 2023, 21:09
Poema hekaýa öwriläýipdir
Kerbaba
11 авг 2023, 21:34
islenenci
Sen familyan birin yatlatyalay

Шу гун агза болупдыр.