Ynanma köňlüm
Dünýä seni goýjak diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Köňül berip söýjek diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Bagt baýlygyn berjek diýse,
Ykbal ganat gerjek diýse,
Döwran bile ýörjek diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Görküň baky bar men diýse,
Döwlet saňa ýar men diýse,
Şüm ajal bizar men diýse,
Ynanma köňlüm ynanma !
Ömrüň ýazy geçmen diýse,
Güýç kuwwatyň gaçman diýse,
Ýer agzyny açman diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Ýaşyň ýetjek diýse ýüze,
Hijran gelmen diýse size,
Diýr Gylyjy her bir söze,
Ynanma köňlüm ynanma!
Ýatladar
Yhlas bilen syýa zülpüň daraýşyň,
Pasyllar soltany ýazy ýatladar.
Ýüregime yşk penjesin oraýşyň,
Awun alar algyr bazy ýatladar.
Sensiň söýgüm ahyrkysy ozoly,
Yşk merjenin ýüregmize düzeli,
Dile geler Magtymgulyň gazaly,
Waspyn aýtsam Meňli gyzy ýatladar.
Sensiz ýagty salmaz hoşluk çyrasy,
Gel gülüm galmasyn gaýgy garasy,
Diňläp melhem tapar ýürek ýarasy,
Hoş owazyň aýdym sazy ýatladar.
Diýr Gylyjy yşkdyr söýgüm myradym,
Hak söýgüniň çekýän munda perýadyn,
Ýüregimde derdim gözde suratyň ,
Köl boýunda guba gazy ýatladar.
Ýaňaklaryndan
Söwer ýarym dört örümin çözlese,
Gara zülpi öter aýaklaryndan.
Aşyklar yşgyny ýardan gizlese,
Hanjar bolup öter ýüreklerinden.
Boýy uzyn bili gyla meňzeýär,
Görki bag içinde güle meňzeýär,
Sözleri şirindir bala meňzeýär,
Aý utanyp ýaşar ýaňaklaryndan.
Gözleri durudyr düýpsiz köl ýaly,
Göwüsi giň meýdan misli çöl ýaly,
Dursam gullugynda men hem gul ýaly,
Ölsemde dänmerin buýruklaryndan.
Mest bolup akyldan azaşar boldum,
Ot bolup yşgynda tutaşar boldum,
Bir meýlisde ýara sataşar boldum,
Müşki anbar kokar köýneklerinden,
Duşmasaň ýar yşky mähriň gandyrmaz,
Yşk oduny gözüň ýaşy söndürmez,
Ýüzüň sowsaň köňlüň ýardan döndürmez,
Dil aňlamaz yşgyň sapaklaryndan.
Gylyjy guwanar wepaly ýara,
Biwepa ýar seni goýar azara,
Hoş gylykly ýarym meňzär bahara,
Gören nusga alar gylyklaryndan.
Şahyr barada
Baýmuhammet Gylyjy Eýranyň Karnawe obasynda Hijri senesi ýylynda 1341-nji ýylda dünýä gelýär. Onuň Dädesiniň ady “Gylyç” kakasynyň ady bolsa “Alykul ” bolup, ol kiçilikden türkmen kitaplaryny, dessanlaryny okap berýän adamlaryň ýanynda oturyp türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryny üns berip diňläpdir. Onuň goşgularynda Magtymguly Pyragy, Misgingylyç Mollanepes we beýleki şahyrlarynyň şygyrlary onuň döredijilik äleminde giň rol oýnapdyr we olardan höweslenip klassik şygyr düzme sungatyny özleşdiripdir. Şahyr Baýmuhammet Gylyjy türkmenleriň Gökleň taýpasyndan bolup şygyrlarynda öz iliniň şiwesine gabat gelmek bolýar. Bu goşgular Eýranly Watandşymyzyň "Ilime sowgat" kitabyndan alyndy.
Ynanma köňlüm ynanma!
Köňül berip söýjek diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Bagt baýlygyn berjek diýse,
Ykbal ganat gerjek diýse,
Döwran bile ýörjek diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Görküň baky bar men diýse,
Döwlet saňa ýar men diýse,
Şüm ajal bizar men diýse,
Ynanma köňlüm ynanma !
Ömrüň ýazy geçmen diýse,
Güýç kuwwatyň gaçman diýse,
Ýer agzyny açman diýse,
Ynanma köňlüm ynanma!
Ýaşyň ýetjek diýse ýüze,
Hijran gelmen diýse size,
Diýr Gylyjy her bir söze,
Ynanma köňlüm ynanma!
Ýatladar
Yhlas bilen syýa zülpüň daraýşyň,
Pasyllar soltany ýazy ýatladar.
Ýüregime yşk penjesin oraýşyň,
Awun alar algyr bazy ýatladar.
Sensiň söýgüm ahyrkysy ozoly,
Yşk merjenin ýüregmize düzeli,
Dile geler Magtymgulyň gazaly,
Waspyn aýtsam Meňli gyzy ýatladar.
Sensiz ýagty salmaz hoşluk çyrasy,
Gel gülüm galmasyn gaýgy garasy,
Diňläp melhem tapar ýürek ýarasy,
Hoş owazyň aýdym sazy ýatladar.
Diýr Gylyjy yşkdyr söýgüm myradym,
Hak söýgüniň çekýän munda perýadyn,
Ýüregimde derdim gözde suratyň ,
Köl boýunda guba gazy ýatladar.
Ýaňaklaryndan
Söwer ýarym dört örümin çözlese,
Gara zülpi öter aýaklaryndan.
Aşyklar yşgyny ýardan gizlese,
Hanjar bolup öter ýüreklerinden.
Boýy uzyn bili gyla meňzeýär,
Görki bag içinde güle meňzeýär,
Sözleri şirindir bala meňzeýär,
Aý utanyp ýaşar ýaňaklaryndan.
Gözleri durudyr düýpsiz köl ýaly,
Göwüsi giň meýdan misli çöl ýaly,
Dursam gullugynda men hem gul ýaly,
Ölsemde dänmerin buýruklaryndan.
Mest bolup akyldan azaşar boldum,
Ot bolup yşgynda tutaşar boldum,
Bir meýlisde ýara sataşar boldum,
Müşki anbar kokar köýneklerinden,
Duşmasaň ýar yşky mähriň gandyrmaz,
Yşk oduny gözüň ýaşy söndürmez,
Ýüzüň sowsaň köňlüň ýardan döndürmez,
Dil aňlamaz yşgyň sapaklaryndan.
Gylyjy guwanar wepaly ýara,
Biwepa ýar seni goýar azara,
Hoş gylykly ýarym meňzär bahara,
Gören nusga alar gylyklaryndan.
Şahyr barada
Baýmuhammet Gylyjy Eýranyň Karnawe obasynda Hijri senesi ýylynda 1341-nji ýylda dünýä gelýär. Onuň Dädesiniň ady “Gylyç” kakasynyň ady bolsa “Alykul ” bolup, ol kiçilikden türkmen kitaplaryny, dessanlaryny okap berýän adamlaryň ýanynda oturyp türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryny üns berip diňläpdir. Onuň goşgularynda Magtymguly Pyragy, Misgingylyç Mollanepes we beýleki şahyrlarynyň şygyrlary onuň döredijilik äleminde giň rol oýnapdyr we olardan höweslenip klassik şygyr düzme sungatyny özleşdiripdir. Şahyr Baýmuhammet Gylyjy türkmenleriň Gökleň taýpasyndan bolup şygyrlarynda öz iliniň şiwesine gabat gelmek bolýar. Bu goşgular Eýranly Watandşymyzyň "Ilime sowgat" kitabyndan alyndy.
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.