Ejem

Pelek synaglary bükdüle bilim,
Şükür goldawyma bar ulus ilim,
Sen bar garaňkyda ýitirsem ýolum,
Saňa kän kän diýjek arzym bar ejem!

Ýazgyt daş beräýse gemrip geçerin,
Synaglaryň dagyn ýümrüp geçerin,
Kä ýeňerin käte ýeňlip geçerin,
Ýüregimde isleg arzuw bar ejem!

Biziň üçin çekdiň käte güzabam,
Ödärinmi maňa eden azabyň,
Günälermi bagyşlarmy mizanyň,
Dergähiňde ýene karzym bar ejem!

Gözleriňde mähir söýgi hümmet bar,
Aýaklaryň aşagynda jennet bar,
Şu dünýäni peşgeş etdiň minnetdar,
Öňüňde üzülmez parzym bar ejem!

Süleýman Tekäýew
2 лайков 129 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
27 авг 2023, 15:48
Bu formada-da ýazyşyñ gowy berekella. Ýöne goşgy ýazmagyñ boşaşa formasynda pikriñi has erkin beýan edersiñ. Ýoluñ başyndakañ boşaşada ýazsañ gowy bolar.
Süleýman
Автор 27 авг 2023, 16:30
Men baş aşa ýazyp bilemokda klasika ýazmany gowy görýän kiçilikden kän synandym özgertmäge bolmady ýazsamam göwnüme çig bolup durýa ýazanlarym bar paýlaşaryn pikirleriňize sag boluň
Гость
27 авг 2023, 19:09
Eje hakdaky goşgulary okamak şeýle ýakymly