Bu-da meniñ ezýetim
Howada ýagşyñ ysy, derrew taksi tapmagym, onuñam arzanjak nyrhdan düşürmegi, keselhanada nobatyñ ýoklugy, üstesine-de diş lukmanynyñ ir gelmegi bu günüñ gowy geçjekligini añlatmalydy ahyry. Ynançlarymy täzeden gözden geçirmeli öýdýän.
...Doñduryjy kol organizmime girip-girmänkä saññyldap ugradym. "Men näme üçin beýle boldumkam?" diýenimde lukman sebäbini düşündirdi...
Agzymyñ çep tarapy mazaly doñýança garaşanymdan soñ hälki bimaza ediji otaga ýene barmaly boldum. Lukmanyñ niýeti iki dişimi birden sogurmakdy. Muny başda-da aýdypdy. Birinji dişim agyrysyz diýen ýaly sogruldy. Ýagdaýymy soran lukman ikinjinem şu wagt sogurtmak isläp islemeýänimi sorady. Içimden "Nämä gerek iki işli bolmak" diýdim. Sözlerim çürt-kesik çykdy: "Soguraly".
Ikinji dişimiñ sogurylyşy sözüñ doly manysynda ezýetdi. Lukman agyrdyjy enjamy bilen näçe çekse-de dişim özüm ýaly ketjallygyna tutýardy. Ahyry olam goparyldy. Minnetdarlyk bildirip, otagdan çykdym.
Howa ýene ajaýyp. "Boldy. Dyndym. Bar zat gutardy" diýen oýlar bilen duran taksä mündüm. Ondan düşüp, öýe tarap ýöremeli ýoldan barýarkam sogurlan ýerde agyry duýdum. Bu diş etiniñ agyrysy däldi. Syzýadym. Diş etiniñ beýle agyrmaga haky ýokdy. Öýe gelip aýnañ öñünde agzymy uludan açyp, çep tarapyny synladym. Sogurlan ýerde kiçijik bölejik diş galypdy. Soñ bolsa çydalmajak derejede güýçli agyry duýdum. Agyry üç sagat dowam etdi. Urdurlan koluñ täsirinden ýatyşandyr belki.
...Agşam agyryny bir duýmaýyn diýip agzymy ýaglyk bilen berk sarap hemme kişiden öñinçä ukladym. Jañ edipdirler. Bolsa-da indegim-ä ýok däldi-le welin, ol wagtlar men ýedinji düýşümdedim.
Ertesi turanymda agyry gowşapdy emma çep tarapym mese-mälim çişipdi. Lukmanyñ agzy ýaglyk bilen sarasañ çişip biljekdigi baradaky aýdanlary ýadyma düşdi. Ilki bilen ýaglygy zyñdym.
... Bu gün ejemiñ doglan güni. Mähribanym iki gün bäri maña iş etdirmejek bolup öýüñ işlerine özi ylgap çyr-çytyr. Käte-de otyryp meniñ hiç zada ýaraman ýörşüme gülüşýäs...
... Häzir düýn gije maña iki-üç gezek jañ eden dostlaryma jañ edýärin. Ýekesi jañ alsa nädersiñ?! Hemişeki bolşy ýaly adam pahyr diñe öz göwnüni awlamagyñ derdinde. Olar meniñ söhbetime düýn gije mätäçdi, men bolsa olaryñ söhbetine hut häzir mätäç...
Bu uzak ýazgyñdan biz nähili netije çykarmaly diýip soramagyñyz mümkin. Men diñe "ajaýyp başdan geçirmämi" siz bilen paýlaşyp azajygam bolsa ýeñlemek isledim. Siziñem nähili netijä gelesiñiz gelse öz eliñizde.

15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.