"Eje maňa düşünýän ýok"

"Anne beni anlayan yok"
Türk aýdymyndan

Eje maňa düşnýän ýok!
Düşünýän ýok aslynda.
Nirede men, näme men?
Ýylyň haýsy paslynda?

Ýüregimem deşik-deşik,
Dünýäň atan güllesinden,
Ýanyp jyda düşenem men,
Ömrüň goýry kölgesinden.

Gözlerimem gurap galyp,
Daş ýürege dönenem men.
Ynam edip - ýersiz ýere,
Ynamlary synanam men.

Dagdan gaýdan gara daş men,
Hudaý bilsin nirä düşjek?!
Kölde ýüzen ýaşylbaş men,
Şytyrt bolsa göge uçjak.

Heňimi bilýänem ýok,
Sekizinji nota men.
Eýlämem deň, beýlämem deň,
Meňzäp kwadrata men.

Aýdýanlarmyň bary harap,
Sözlem kalba düşenýän ýok,
Düşündirjek bolýan, ýöne,
Eje maňa düşünýän ýok.

26.08.2023ý
ÝUSUP MEREDOW
0 лайков 192 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
27 авг 2023, 21:41
Mlds
Süleýman
27 авг 2023, 21:47
malades duýguly goşgy üstünlik
Oglan
Автор 27 авг 2023, 21:57
Genial,
?
Oglan
Автор 27 авг 2023, 21:57
Genial,
?
Oglan
Автор 27 авг 2023, 21:57
Minnetdar
Oglan
Автор 27 авг 2023, 21:58
Minnetdar
hhGenial
27 авг 2023, 22:03
Üstünlik size
Oglan
Автор 27 авг 2023, 22:09
Sag boluň
hhGenial
27 авг 2023, 22:20
Begendim sizede sag bolun
Oglan
Автор 27 авг 2023, 22:21
Genial
Begendim sizede sag bolun

???