DUSUNYAN
Düşünýän ( Tankytçylaryma)
Syýa döküp ak kagyzyñ ýüzüne,
Kelam ýazyp ähli dertler düşelýär.
Ýatan hoş sözleriñ sandygyn gulplap,
Açaryny ýitirenine düşünýän.
Illerden däl kemi gözläp özümden,
Monça boldum belki aýdan sözüňden,
Aýdyñ, gan damsa-da gara gözümden,
Dogruçylyñ dosty bolmaz düşünýän.
Ýykylsañ galdyrman basarlar beter,
Ok deý sözleñ sünjer, ýarasy biter,
Güler, ýalñyşymy aýtmakdan geçer,
Ýykylamda özüm galdym düşünýän.
Dogry, añsat iş däl ýalñyşy görmek,
Dogry, añsat zat däl söz bilen urmak,
Deñ bolmaýşy ýaly bäş sany barmak,
Şükür, siz deý däldigime düşünýän.
Moda boldy pesi has-da peseltmek.
Göwni yetmän, güljek bolup ses etmek,
Öwrenerin, giç bolsa-da bes etmen,
Hiçden giç hem ýagşy indi düşünýän.
Şahyr däl men goşgym siñmez añyña,
Hawa, tankytladym gülmedim emma,
Saña däl bu sözler degsin kalbyña,
Eliñ gys ýumruk deý kalbyñ bar bolsa,
Goşgyñ manysyna şonda düşünýäñ.
Jemşit Hajymämmedow
Syýa döküp ak kagyzyñ ýüzüne,
Kelam ýazyp ähli dertler düşelýär.
Ýatan hoş sözleriñ sandygyn gulplap,
Açaryny ýitirenine düşünýän.
Illerden däl kemi gözläp özümden,
Monça boldum belki aýdan sözüňden,
Aýdyñ, gan damsa-da gara gözümden,
Dogruçylyñ dosty bolmaz düşünýän.
Ýykylsañ galdyrman basarlar beter,
Ok deý sözleñ sünjer, ýarasy biter,
Güler, ýalñyşymy aýtmakdan geçer,
Ýykylamda özüm galdym düşünýän.
Dogry, añsat iş däl ýalñyşy görmek,
Dogry, añsat zat däl söz bilen urmak,
Deñ bolmaýşy ýaly bäş sany barmak,
Şükür, siz deý däldigime düşünýän.
Moda boldy pesi has-da peseltmek.
Göwni yetmän, güljek bolup ses etmek,
Öwrenerin, giç bolsa-da bes etmen,
Hiçden giç hem ýagşy indi düşünýän.
Şahyr däl men goşgym siñmez añyña,
Hawa, tankytladym gülmedim emma,
Saña däl bu sözler degsin kalbyña,
Eliñ gys ýumruk deý kalbyñ bar bolsa,
Goşgyñ manysyna şonda düşünýäñ.
Jemşit Hajymämmedow
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.