SÖZÜŇ TÄSIRI

Bir gezek ýaş zenanlaryň biri körpeje ogluny ýanyna alyp, Lukman Sarahsynyň bosagasyndan ätläpdir: «Lukman baba, oglumyň
dişi agyrýar, bir em etseňiz ýa-da melhemini salgy berseňiz» diýipdir. Lukman Sarahsy bulary az salym synlanyndan soňra: «Ýene
kyrk günden aýlanyň, oňa çenli zerur bolan ähli däri-dermanlary
bilip goýaryn» diýipdir. Aýdylan möhlet geçensoň, ýaňky zenan körpejesi bilen ýene-de Lukman babanyň huzuryna gelipdir.
«Çagaňyza süýji iýdirmäň. Onuň şu diş agyrysy diňe süýjini aşa köp
iýmekden ýüze çykýar» diýipdir. Zenan bu sözlere geňirgenipdir:
«Lukman baba, bu bir çylşyrymly em däl ýaly-la, emma kyrk gün
garaşdyrman, soran badyma hem aýdyp bilerdiňiz ahyry» diýipdir.
«Wah, keýgim, şol wagt meniň özüm agzymy dolduryp, süýji iýip
otyrdym. Özüň bir zady edip otyrkaň, başga birine «şony etme!»
diýseň, sözüň ynandyryjy bolanok. Adamlaryň köpüsi hem şundan
ejir çekýär. Özgelere bir zady ündeýärler, ýöne özleri ýerine ýetirmeýärler. Sözümiň täsirli bolmagy üçin süýjiniň täsiri süňňümden
çykýança, sizi mejbury kyrk gün garaşdyrmaly boldum» diýip, Lukman Sarahsy jogap beripdir.
3 лайков 112 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
25 ноя 2021, 23:52
Mahatma Gandi hem okan bolmaly şuny öň,sebäbi olam şeýtýä ýanyna,"şeker iýmäňi goý " diýip aýt,diýlip getirlen çagany.
Ejegyz.
26 ноя 2021, 09:23
Like