MANYSY BIR, TÄSIRI TAPAWUTLY
Orta ýaşa ýeten adamlaryň biri Ymam Nesewiden sorapdyr:
«Tagsyr, ýaramaz endigimden hiç saplanyp bilmedim. Ýürekden
ökünsemem, şolardan-a el çekip bilemok, gaýta her gezek «gaýdyp
şu hereketi etmäýin» diýýän welin elim-aýagym şoňa dartylyp dur.
Meniňem abraý bilen il hataryna goşulasym gelýär. Heý, bir alajy
barmydyr?» diýipdir. «Ajaldan başga zadyň alajy bardyr, ogul» diýip,
Ymam söze başlapdyr. «Ýöne, aýt, etmişiňe ökünip, toba edeňde, şol işe
gaýdyp golaýlaşmajakdygyň hakda özüňe söz berip gördüňmi?» diýip
sorapdyr. Ýigit bu sowala: «Wah, her gün ýüzlerçe gezek äht edýän,
ýöne birine hem eýerip bilemok. Ýa amalyma yhlassyz çemeleşýän,
ýa ähdiň wepasyna az düşünýän» diýip, ýüzüni aşak salypdyr. «Ýeri,
onsoň, öz ýanyňdan nähili äht edýäň?» diýip, Ymam meselä has içgin
girişip başlapdyr. «Mysal üçin, gel, adamlaryň göwnüne degmäýin,
abraýyna dil, emlägine el uzatmaýyn diýýärin, emma köp wagt
geçmänkä kelläm ýene ýaňky pikirlerden doly, başga zat küýüme
gelenok, gaýry zat gözüme görnenok» diýip, ýigit öz bolşundan
zeýrenipdir. «Ine, ilkinji säwligiň şu ýerden başlanýar» diýip, Ymam
oňa düşündiripdir. Ýigit bu sözlere geňirgenipdir, soňuna çenli takat
edip oturyp bilmändir: «Heý-de, ýürekden edilýän ökünçde-de bir
nogsanlyk bolarmy? Niýetiňi ýagşa düwmek amallaryň iň gowusy
dälmi näme?» diýende, ymam oňa: «Hak aýdýaň, ogul, häsiýetiňi düzeltmäge ymtylmak Hakyň iň eý görýän zatlarynyň biridir. Emma her
510
gezek öz ýanyňdan «men gaýdyp ýalan sözlemäýin» diýseň, kelläňde,
seriňde ýalan söz hakdaky düşünje öwrüm eder durar, ogurlyk
etmäýin diýseň, ilki bilen ýadyňa ogurlyk düşer, göwnüne degmäýin
diýseň, pikiriňi ilki gurşaýan zat göwnedegme bolar. Bu ýerde
yhlasyňam kemter däldir, ýeterlikdir, emma söz bilen iş salşaňda seresap bol, hergiz ýaman-ýaramaz zatlary ýadyňa saljak sözler bilen äht
etmegin. Hiç wagt «göwnüne degmäýin» diýme, «mylakatly bolaýyn»
diý. Hiç wagt «ogurlyk etmäýin» diýme, «halal bolaýyn» diý. Hiç
wagt «ýalan sözlemäýin» diýme, «hemişe dogruçyl bolaýyn» diý. Hiç
wagt «şer işden daş duraýyn» diýme, «ýagşy işe ýakyn duraýyn» diý.
Hemişe sözleriň ýagşysyny, süýjüsini saýla. Diňe gowy zady ýadyňa
saljak sözleri saýla. Şeri ýeňip geçmegiň iň ygtybarly ýoly haýyrly
tarapyna artykmaç üns bermekdir. Her gezek ökünmek üçin öňki
häsiýetiňi ýatlasaň, şolary etmezlige çalyşsaň, sen bu hereketleriňden
asla saplanyp bilmersiň, emma «geçen geçdi, ol zatlar owarram bolsun, men indi her bir zadyň haýyrly tarapyna seretjek, diňe ýagşy
amallar etjek» diýseň, enşalla, ädimme-ädim özgerer bararsyň. Şonuň
üçin, ogul, saňa pent bolsun, şer işden daşlaşjak bolma, bu pikiri asla
ýadyňa salma, sen diňe ýagşy işlere öňküden-de has köp ýapyşjak
bol. Bu sözleriň ikisiniňem manysy bir, emma täsiri we netijesi düýpgöter tapawutlydyr» diýip, ymam Nesewi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny hem-de sözüň edýän täsirini düşündiripdir.

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.