Söz manysyn aňar bolsaň...
EÝ GÖRÜLÝÄN EDEP
Abdylla ibn Mübärek hezretleri köpçülik bolup namaz okanyndan soňra, dessine kitap-depderlerine meşgul bolýan eken. Bir gezek meşhur sopy alymlaryň biri Şakyk ibn Ibrahim: «Namazy bile okaýaňyz, gowy zat welin, dessine turup gitmegiňiz bolanok-da, oturyp, özara gürrüň etmegem bolar-a» diýipdir. «Men hem hut şeýle edýän-dä, sahabalar, öňki alymlar bilen oturyp, mesawy we ylmy gürrüň edýärin, pikir alyşýaryn» diýip, Abdylla ibn Mübärek dillenipdir. «Sahabalardyr öten alymlar bu ýerde neneňsi peýda bolýar?» diýip, Şakyk sorapdyr. «Olaryň kitaplaryny okaýaryn, olar hakda ýazylan taryhy gaýta-gaýta gözden geçirýärin. Şolar deýin amal etmäge çalyşýaryn. Şeýdip, olaryň dünýäsine gatylýaryn. A siz bolsa, namaz dynan dessine dünýä söhbedine gyzygyp, Taňry bendesiniň gybatyny edýärsiňiz, üstünden düşýärsiňiz. Ähmiýetli zatlara ýapyşyp, manysyz, peýdasyz zatlary terk etmeklik iň eý görülýän edepdir» diýip, Abdylla hezretleri jogap beripdir.
KÖŇÜLLERIŇ SOLTANY
Möminleriň emiri, halyf Harun ar-Reşit Rakka şäherinde eken. Bir gezek Abdylla ibn Mübäregiň ýoly hem şol şäherden düşüpdir. Agyr mähelle ussat alymyň degre-daşyny gurşapdyr. Atlaryň toýnagyndan göterilýän toz asmana ýetipdir. Her kim bu ussada bir ädim golaý durup bilse, donunyň syýyna el degrip bilse, özüni hoşbagt saýýan eken. Daşarda bolýan bu wakany köşgüň hüjresinden synlap duran, möminleriň emiriniň ejesi ýanyndaky hyzmatkärlerinden bu adamyň kimdigini sorapdyr. «Ol Horasandan, Merwden gelen ussat alym, adama mahsus ähli kämil häsiýetleri özünde jemlän akyldar Abdylla ibn Mübärek» diýip, jogap beripdirler. «Ine, hakyky hökümdar şeýle bolmaly. Ýarag bilen ýurtlary däl-de, paýhas bilen ýürekleri eýeläp bilýän adam hakyky soltandyr» diýip, halyfyň ejesi dillenipdir.
MANYSY BIR, TÄSIRI TAPAWUTLY
Orta ýaşa ýeten adamlaryň biri Ymam Nesewiden sorapdyr: «Tagsyr, ýaramaz endigimden hiç saplanyp bilmedim. Ýürekden ökünsemem, şolardan-a el çekip bilemok, gaýta her gezek «gaýdyp şu hereketi etmäýin» diýýän welin elim-aýagym şoňa dartylyp dur. Meniňem abraý bilen il hataryna goşulasym gelýär. Heý, bir alajy barmydyr?» diýipdir. «Ajaldan başga zadyň alajy bardyr, ogul» diýip, Ymam söze başlapdyr. «Ýöne, aýt, etmişiňe ökünip, toba edeňde, şol işe gaýdyp golaýlaşmajakdygyň hakda özüňe söz berip gördüňmi?» diýip sorapdyr. Ýigit bu sowala: «Wah, her gün ýüzlerçe gezek äht edýän, ýöne birine hem eýerip bilemok. Ýa amalyma yhlassyz çemeleşýän, ýa ähdiň wepasyna az düşünýän» diýip, ýüzüni aşak salypdyr. «Ýeri, onsoň, öz ýanyňdan nähili äht edýäň?» diýip, Ymam meselä has içgin girişip başlapdyr. «Mysal üçin, gel, adamlaryň göwnüne degmäýin, abraýyna dil, emlägine el uzatmaýyn diýýärin, emma köp wagt geçmänkä kelläm ýene ýaňky pikirlerden doly, başga zat küýüme gelenok, gaýry zat gözüme görnenok» diýip, ýigit öz bolşundan zeýrenipdir. «Ine, ilkinji säwligiň şu ýerden başlanýar» diýip, Ymam oňa düşündiripdir. Ýigit bu sözlere geňirgenipdir, soňuna çenli takat edip oturyp bilmändir: «Heý-de, ýürekden edilýän ökünçde-de bir nogsanlyk bolarmy? Niýetiňi ýagşa düwmek amallaryň iň gowusy dälmi näme?» diýende, ymam oňa: «Hak aýdýaň, ogul, häsiýetiňi düzeltmäge ymtylmak Hakyň iň eý görýän zatlarynyň biridir. Emma her gezek öz ýanyňdan «men gaýdyp ýalan sözlemäýin» diýseň, kelläňde, seriňde ýalan söz hakdaky düşünje öwrüm eder durar, ogurlyk etmäýin diýseň, ilki bilen ýadyňa ogurlyk düşer, göwnüne degmäýin diýseň, pikiriňi ilki gurşaýan zat göwnedegme bolar. Bu ýerde yhlasyňam kemter däldir, ýeterlikdir, emma söz bilen iş salşaňda seresap bol, hergiz ýaman-ýaramaz zatlary ýadyňa saljak sözler bilen äht etmegin. Hiç wagt «göwnüne degmäýin» diýme, «mylakatly bolaýyn» diý. Hiç wagt «ogurlyk etmäýin» diýme, «halal bolaýyn» diý. Hiç wagt «ýalan sözlemäýin» diýme, «hemişe dogruçyl bolaýyn» diý. Hiç wagt «şer işden daş duraýyn» diýme, «ýagşy işe ýakyn duraýyn» diý. Hemişe sözleriň ýagşysyny, süýjüsini saýla. Diňe gowy zady ýadyňa saljak sözleri saýla. Şeri ýeňip geçmegiň iň ygtybarly ýoly haýyrly tarapyna artykmaç üns bermekdir. Her gezek ökünmek üçin öňki häsiýetiňi ýatlasaň, şolary etmezlige çalyşsaň, sen bu hereketleriňden asla saplanyp bilmersiň, emma «geçen geçdi, ol zatlar owarram bolsun, men indi her bir zadyň haýyrly tarapyna seretjek, diňe ýagşy amallar etjek» diýseň, enşalla, ädimme-ädim özgerer bararsyň. Şonuň üçin, ogul, saňa pent bolsun, şer işden daşlaşjak bolma, bu pikiri asla ýadyňa salma, sen diňe ýagşy işlere öňküden-de has köp ýapyşjak bol. Bu sözleriň ikisiniňem manysy bir, emma täsiri we netijesi düýpgöter tapawutlydyr» diýip, ymam Nesewi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny hem-de sözüň edýän täsirini düşündiripdir.
Halallyk kyssalaryndan

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.