Metjide geljek däl

Ýaş ýigit Metjitde namazdan soňra, ymamyň ýanyna baryp:
- men indi Metjide geljek däl - diýýär, ymam sebäbini soranda:
- bärde adamlar beýlekileriň gybatyny edýänlerini eştdim, wagyz aýdylýan wagty telefonlaryna güýmenýänleri gördüm we bulardan başgada birgiden ýalňyşlyklar bar...
Ymam:
- bolýar, beýle bolsa gitmäkäň meň bir haýyşymy bitir, bir stakany suwdan dolduryp, Metjidiň içinden 3 gezek suwy ýere dökmän aýlanyp, maňa getirip ber, ondan soňra isleseň gidiber.
Ýaş ýigit pikirlendi-de, aňsat görüp, ymamyň aýdanyny ýerine ýetirdi, suwly stakany getirip berende, ymam:
- seň eliň suwly barýan wagtyň bir adamyň beýleki bir adam hakda aýdan erbet sözlerini eştdiňmi?
- ýok
- adamlaryň telefonlaryna güýmenip otyranlaryny gördüňmi?
- ýok
- munuň sebäbi seniň bar ünsüň stakandaky suwy dökmezlikdi, edil biziň durmuşymyzdaky ýaly, bar ünsüňi Metjitde Allatagala bersediň, daş-töwerekdäkileriň ýalňyşlyklaryny görmezdiň.

Rusçadan terjime
Bu ýagdaý diňe Metjitde däl, hemme ýerde-de şeýle...
2 лайков 84 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
28 янв 2024, 22:02
Ruslaram metjit barada ýazýalarmay