Amallar Niýetlere görädir...
Şu waka 4-5 ýyl mundan öň tokgalygy bilen daýymyň başyndan geçen we öz agzyndan eşidişim ýaly size ýetirýän...
Daýymyň kiçi ogly bar. Meniň ýegenim. Edepli, takwa, gowy oglan. Harby gullukdan gelensoň dinimize söýgisi artyp, ybadatlaryny berjaý edip, metjidi özüne adat eden biridi.
Daýymam komunist döwrüniň adamy. Namaz, täretden uzakdaky adam. Bolsada soňra saçy-sakgaly agaryp, ogullaryny öýerip agtyk görüp başlansoň, öz deňi-duşlarynyň ýarysy bak-a göç edip, ýarsynyň egilip-galýanyny eşidensoň, munyňam ýüregi ýumşap, diňe ertir namazyny öwrenip, okap başlaýar. (Muňada şükür)
Şol kiçi ýegenim kakasyny (daýymy) metjide äkitjek bolup, metjide öwrenişdirjek bolup kän tagalla edýär. Daýymam teý ýan berenok. Metjit diýilse, bolanja nostrenýasy gaçyp, zadni berip ugraýar. Şol bir jogap "GITJEK DÄL". Näme üçim gitjek däl diýseňem, birinden eşidendirdä: "METJITDE KÖWŞÜŇI OGURLAÝALAR" diýýär.
Başda oýun edýändir öýtdik, soňra çyny ekeni. Bar sebäp şolmy diýseň "hawa" diýýär. Äý, kän düşündirdik. "Beýle zat ýok, käwagt adamlar ýalňyşyp biri-birniňkini çalşyp gidýäler, ogurlanýan bolanda-da, metjitden köwüş ogurlap köwüşli bolan ýok, hökman almytyny alar" diýsegem, hiç boýun bolonok.
Soňra, ýene ýüregi ýumşaşandyrda. Bir Juma güni ahyry oglunyň yzyna düşip metjide gidýär. Köwşüni pakeda dolap, hiç kimiň nazary düşmejek ýerine bukýar. Metjidiň ortaragynda hutba okalýan münberiň gabadynda irräk baryp oturýalar.
(Esasy waka şu ýerde başlaýar)
Ymam namazdan öň wagyz etmek üçin münbere çykanda, oturan jemagata bir gözüni aýlap çykypdyr we maňa tarap has içgin seredip, kän wagt seredip durdyda: - Plany aga, araky köwşüňizi tapdyňyzmy? Ogurlatdym diýýädiňiz, diýdi.
Alla şaýat, depämden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Doňup galdym. Ömrümde birinji sapar metjide gelýän, gelen günümem şunça jemagatyň içinde maňa şeýle sorag beräýmeli?!
Men entägem gürlemän durdym. Oňa çenli ymamyň ýanyndaky egindeşleri "Ýok, bu ol ýaşuly däl-ä, ol başga biri, meňzeş görensiň hajy aga" diýensoňlar, ymam menden ötünç sorady.
Şonda içimde bir ses "Arkaýyn geliber, seň köwşüňi ogurlajak ýok bärde" diýilen ýaly boldy.
Özüňiz pikir ediň, Alla nähili kadyr zat. Şol wagty şo sözleri ymamyň agzyna salyp berenem Alla. Meň içimdäki ters pikirlerden ybrat almak üçin şol güni metjide barmagym we meň bilen şeýle hadysaň bolmagy...
P.s Häzir şol daýym, metjidi dolulygyna dost tutundy, sypdyrman gidýär. Dinimiziň hemme ybadatlaryny doly berjaý edýär. Bu ýyl nesibesi çekmedi, ýöne, indiki ýyl haja gitmegi ýüregine düwdi... ;)

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.