Hikmetler Hazynasyndan
YLYMSYZ ADAMY ÝEŇIP BOLMAÝAR
Dört mezheb başynyň biri bolan Ymam Ahmediň ýanyna bir ýigit girip gelipdir. Ol ýigit ähli ulamalar b.n çekeleşip, jedelleşip ýören mollasumak, pitneçi biridi. Jedelleşmek niýetinde gelenini we Ymam Ahmetden başga hemmesini jedelde ýeňendigini aýtmak b.n buýsanýardy.
Ymam onuň dawasyny eşidenden soňra, derhal oňa sorag beripdir:
- Näçe hadys bilýärsiň?
- 500-e ýakyn...
Bu jogaby eşiden Ymam: "Boldy gidiber, men ýeňildim" diýipdir.
Ýigit çykyp gidenden soňra, Ymamyň şägirtleri bu jogabyň hikmetini soradylar we Ymam Ahmet Hanbeliden şeýle jogap eştdiler: - "Ylymsyz adamy hiç ýeňip bolmaýar".
MUGALLYMDAN ALYNAN SAPAK
Bir ýigit ýolda gidip barýarka garşysyndan gelýäniň öz mugallymydygyny tanady. Ol ýaşulyny saklady we sorady:
- Siz meni tanamadyňyzmy? Men siziň okuwçyňyzdym.
- Hää, men sizi üçünji synp okuwçysy hökmünde tanadym. Häzir näme işleýäňiz?
- Men mugallym.
- Sizi bu käre näme ündedi?
- Näme däl, kim diýiň. Elbetde siz.
- O ne beýle. Men nähili täsir edip bildim?
- Siziň hakykatdanam ýadyňyza düşenokmy? Bolýar, men ýatlamana kömek edeýin... Bir güni synpdaşym ata-enesiniň sowgat eden owadan we gymmatbaha sagadyny dakynyp sapaga geldi. Arakesmede ony çykaryp stolyň üstünde goýupdy. Men hemişe şeýle sagada eýe bolmagy arzuw ederdim. Men islegime garşy çykyp bilmedim we ony stolyň üstünden aldym. Köp wagt geçmänkä şol synpdaşym göz-ýaş edip siziň ýanyňyza bardy we ogurlyk hakynda şikaýat etdi. Siz hemmämize bakyp: "Kim şu oglanyň sagadyny alan bolsa, haýyş edýän, gaýtaryp beriň" diýdiňiz.
Men juda utandym, ýöne, sagat b/n aýrylaşasym gelmedi we muny boýun almadym. Siz gapynyň öňüne baryp gapyny gulpladyňyz we biziň hemmämize diwaryň öňünde sep bolup durmagymyzy buýurdyňyz. "Häzir men siziň jübüleriňizi barlajak, siz ýöne hemmäňiz gözüňizi ýumup duruň". Biz hemmämiz boýun bolduk we bu meniň durmuşymdaky iň masgaraly ýagdaý boljagyny syzyp başladym. Siz okuwçydan okuwça, ol jübüden bu jübä ötüp gelşiňize maňa golaýladyňyz. Jübümden sagady çykardyňyz-da, hataryň soňuna çenli ýene barlamagy dowam etdiňiz. Soňra siz: "Çagalar boldy, hemmäňiz ýerli-ýeriňize geçip bilersiňiz" diýdiňiz. Siz sagady eýesine gaýtaryp berdiňiz we bu waka hakynda başga bir söz aýtmadyňyz.
Şeýlelik bilen, şol güni siz meniň namysymy we kalbymy halas etdiňiz. Siz meniň ogry, ýalançy, kezzap diýen sözlere bulanmagymy islemediňiz. Siz şol epizod hakynda men b/n gürleşmek hem islemediňiz. Wagtyň geçmegi b.n giç bolsada men size düşündim. Çünki siz şonda mugallym hökmünde, entäk kämil sypatda şekillenmedik bir okuwçynyň gadyr-gymmatyny peseltmegi islemediňiz. Ine, şonuň üçin men mollym boldum.
Ikisem şol wakanyň täsiri astynda seslerini çykarman durdylar. Soňra ýaş mugallym:
- Bu gün meni tanamasyňyz hem, şol epizodyň içinde ýadyňyza düşendirä?
Ýaşuly mugallym jogap berdi:
- Aslynda şeýle bolupdy. Men hem siziň jübüleriňizi barlaýarkam gözüm ýumulgydy.

5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.