Haýran men

Goýman yzlamaň kemin,
Tapdym derdimiň emin,
Ýürekde söýgi şemin,
Ýakdyranňa haýran men!

Nur ýagylar ýüzüňden,
Kän çekindim özüňden,
Göz aýyrman yzyňdan,
Bakdyranňa haýran men!

Serhoş etdiň bu serim,
Ýazdym söýgiň eserin,
Kalbyma yşk heserin,
Ýokduranňa haýran men!

Maňa näme diýseň diý,
Ýöne welin derdim duý,
Sap göwräňe sakçydeý,
Sakduranňa haýran men!

Ýüze sylyp ýüzüňi,
Doga edip sözüňi,
Söýseňde öz näziňi ,
Çekdirenňe haýran men!

Arzuwlam düzüm düzüm,
Sensiň bagt ýyldyzym,
Ýüregimde ýyldyrym,
Çakdyranňa haýran men!

Yşgyňda örk damarym,
Söýsem neneň dymaryn,
Söýgüň bagt tumaryn,
Dakdyranňa haýran men!

Süleýman Tekäýew
0 лайков 169 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
hhGenial
29 авг 2023, 16:21
Goşgyny haladym dine üstünlik!!!
Süleýman
Автор 29 авг 2023, 20:18
Sagboluň minnetdar!
Ishan
29 авг 2023, 23:23
Sabyrly. Menin ozuma edil shahyr dal yone goshgydyr eserleri kan okayan menin pikirimche goshgynyn shu setiri sheylerak bolsa gowy bolarmyka diyyan.
"Nur yagylar yuzunden" dalde "Nur yagyala yuzunden" bolsa has gowy boljak yaly. Teswirime kyn gorme. "Sizin in hayyrlynyz öwreneniñiz we öwredeniñizdir" Muhammet s.a.w
Süleýman
Автор 30 авг 2023, 11:15
sag boluň ajaýyp pikirleriňize hökman göz öňüne tutaryn