MENIŇEM ÖZÜMÇE HAÝRANLARYM

Haýran galýan: näme üçin köp sütemlere, aýralyklara, ölümlere döz gelen ýürek pahyr (“pahyr” diýenimi neme görmäň, ýürek ölen...) agramy 50 kg-ä ýetmeýän gyzjagazyň öňünde ejizleýär?!

Haýran galýan: näme üçin ölüm çyn, ýaşaýyş ýalan?!

Haýran galýan: näme üçin okaýan az?!

Haýran galýan: näme üçin iýmege baglanyp bolanok, ýöne içmege, çekmege baglanylýar?!

Haýran galýan: näme üçin elde ýazmak (ручной) kyn, telefonda, kompýuterde ýazmak aňsat?! :)

Haýran galýan: men näme üçin henizem sallah??? :)))
8 лайков 446 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
04 окт 2022, 14:30
"Haýran galýan: näme üçin elde ýazmak (ручной) kyn, telefonda, kompýuterde ýazmak aňsat?! :)"

Bu-la prikoldaky "Näme üçin atagzy barda, itagzy ýok" diýen ýaly bolupdyr. :)
Pegas
Автор 04 окт 2022, 14:38
Hiayress
"Haýran galýan: näme üçin elde ýazmak (ручной) kyn, telefonda, kompýuterde ýazmak aňsat?! :)"

Bu-la prikoldaky "Näme üçin atagzy barda, itagzy ýok" diýen ýaly bolupdyr. :)

Şu günler elde bir zatlar ýazýan biri üçin bir bloknota. Jebir berýär diňe. :))
Hiayress
04 окт 2022, 14:38
Menem haýran galýan: "Saýtymyzyň maksady okyjylaryň arasynda okamana we ýazmana höwesi artdyrmak" diýip, soňrada saýtdaky maglumatlary göçürip alyp bolmaz we beýleki sosial ulgamlarda paýlaşyp bolmaz derejesine getirýän we maglumatyň ýaýramagyna päsgelçilik döredýän adamlara.
Pegas
Автор 04 окт 2022, 14:39

Menden bir görme! :D
Hiayress
04 окт 2022, 14:40
Pegas,
Ýokdaýt, aýtýan we edýän zatlarynyň arasyndaky çaprazlygy aýtýanlaý.
Öwreniji
04 окт 2022, 14:52
Haýran galýan: men näme üçin henizem sallah??? :)))

Sallahlykdan çyksañ habar et, men şonda hasam haýran galardym.
Pegas
Автор 04 окт 2022, 15:22
Remezan
Haýran galýan: men näme üçin henizem sallah??? :)))

Sallahlykdan çyksañ habar et, men şonda hasam haýran galardym.

?
Victus
04 окт 2022, 17:17
Mena hayran galamok.
Victus
04 окт 2022, 17:18
Mena bame ucin hayran galmayanymada hayran galyan)
Garabufer
04 окт 2022, 17:19
Haýran galýan: men näme üçin henizem sallah??? :)))

Bolmasa durmuşa çykaýyň
Garabufer
04 окт 2022, 17:20
Haýran galýan: näme üçin ölüm çyn, ýaşaýyş ýalan?!

Spektakl oýnap, öýe gaýdylýa,
Teatrda ýaşap bolanok
Pegas
Автор 04 окт 2022, 17:21
şoşo
Haýran galýan: men näme üçin henizem sallah??? :)))

Bolmasa durmuşa çykaýyň

Gowy pikir.
Garabufer
04 окт 2022, 17:22
Haýran galýan: näme üçin okaýan az?!

Okamagyň esasy peýdasy , akyl almak,

Ýöne akyldan zeýrenip ýören ýok , herkim akylly,
Adamlara pul gerek , akyl, okamak gerekdäl
Soho
04 окт 2022, 21:56
men:a shu gashynyn ashagyny (gabak bn gash aralygy) gaty ayyryan gyzlara hayran galyan, hachan gorsen bir zada gen galyp duran yaly...
Soho
04 окт 2022, 22:02
@Rigel, adam bir zada gen galanda (hayran galanda) gashy galyandyr (shony goz onune tutyan), kabir gyzlar gashyny gaty alya welin, sholary gen galdyranyny hem bilip bilman gechyan...
Pegas
Автор 05 окт 2022, 01:28
Soho
men:a shu gashynyn ashagyny (gabak bn gash aralygy) gaty ayyryan gyzlara hayran galyan, hachan gorsen bir zada gen galyp duran yaly...

?
noname
05 окт 2022, 10:28
,,sallahlygyñ nalasyn özüñ bilýañ jan gelin,
ýanyñda ýaryñ bolmasa ýeke gezmek kyn gelin''
LIDER
05 окт 2022, 12:26
Men-a kabir adamlaryn yash toy bellemek un gowyja kafe gozleyshine we kabir adamlaryn awtobusa yol krey bermek un manadyny zordan tapyshyna hayran galyan.