Menem haýran galýanda...
Haýran galýan:Näme üçindir Taňry, adamyň anotomik gurluşyny maýmyna meňzeş edip ýaradanyna.
Haýran galýan:Näme üçindir adamyň anotomik gurluşy,agaja dyrmyşyp ýaşamak üçin uýgun bolsa-da,ýerde ýaşap ýörenine.
Haýran galýan:45 gün ýekelikde bolandan soň Zarduşt pygambere,Bahmen atly perişde wahy getirenligine(Bu Muhammet pygambere Hyra dagynda Jebraýyldan wahy gelenine meňzeýän eken).
Haýran galýan:Perişdeleriň Zarduşdyň kalbyny ýaryp ýüregini arassalanyna.(Bu Muhammet pygamberiň çaga wagty, perişdeler tarapyndan ýüregi päklenenine meňzeýän eken).
Haýran galýan:Zarduşt Horezimde dünýä inen hasaplansa-da, duşmanlarynyň garşylygy sebäpli,Eýrana baryp dinini ýaýradanyna(Bu Muhammet pygamberiň Mekkeden Medinä göçüşüne meňzeýän eken).
Haýran galýan:Käbir okan maglumatlarymda "Zarduşt takmynan b.e.öň 570-nji ýylda dünýä indi"-diýilýänine.(Muhammet pygamber 570-571 ýyl).
Haýran galýan:Zorastrizm(otparazlyk) dinindäki döwleriň,haýsy ýol bilen yslama jyn görnüşünde geçip galandygyna.
Haýran galýan:Zorastrizmde her gün 5 wagtyna päklenip tagat-ybadat bilen meşgullanmagyň,yslam dinine täret alyp, 5 wagt namaz almak görnüşinde geçip galanyna.
Haýran galýan:Zorastrizmdäki parikalaryň(gijelikde,haraba,garaňky ýerlerde ataşparazlara zyýan beriji örän owadan bolan gyz-gelin), türkmen ynanjyna "Şaýly gelin" görnüşinde geçip galmagyna.
Haýran galýan:Zorastrizmde hudaýyň sypatlandyrylyşy:"Ahura Mazda hiç kimden dogulmady we hiç kimi dogmaýar.Onuň ýaşaýyşy bakydyr.Ol her bir zatdan habarlydyr we her bir waka onuň emri bilen amala aşýar we ş.m"-diýilýär.(Yslamda-da şeýleräkdi öýdýän).
Haýran galýan:Zorastrizmde ýazgyt barada:"Her bir adamyň ýazgydy Ahura Mazda tarapyndan bellenilýär,ýöne adamyň ýagşylyk ýa ýamanlyk ýolundan gitmegi,bu adamyň öz islegine bagly.Her bir adam kyýamatda eden işlerinden, Ahura Mazdaň öňünde hasap bermäge borçly"-diýilýär.(Yslamda-da şeýleräkdi öýdýän).
Haýran galýan:Zorastrizmde "Çinwot"köprüsi.Yslamda "Syrat" köprüsi.
Haýran galýan:Zorastrizmde:"Ahura Mazda adamy ýere hökümdar bolmak üçin ýaratdy"-diýilýär.Adam ýerde baky we bagtyýar ýaşaýardy.Emma,ol azgynlyga ýol berýär we iýmegi gadagan edilen bir haýwanyň(öküziň)etinden iýýär.Muňa Ahura Mazdanyň gahary gelýär we adamy ebedi ýaşaýyşdan mahrum edýär.Adam şondan soň,öz ryskyny kynçylyk bilen tapmaly bolýar(Bu Adam ata we How enäň jennetden kowulyş sahnasyna meňzeýän eken).
Umuman,Kyýamatyň gelmegi,Detjalyň çykmagy we ony Mätiniň ýeňmegi,ölenleriň kyýamatda täzeden direlmegi we her bir eden işinden Taňrynyň öňünde jogap bermek ýaly gürrüňler,zorasrtrizm dininiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.