Haýran galýan...

Salam arzylylar. Sizden aýyrmasyn.
Her adam bir zady geň görýär, oňa haýran galýar. Meni haýran eden zatlar belki Sizide pikirlendirer.

Haýran galýan: Adam sany boýunça dünýäde iň uly döwletde ýaşaýan, kung-fu-ň ussady hasaplaýan hytaýlylaryň hiç kimi özünden ejiz, pes hasaplaman, garşysyndaka baş egip hormat goýýarka, iki gün trenirowka gatnan "kaçok" oglanlarymyzyň her goltugyna bir garpyz alyp, kamaz, awtobuslaryň sygýan köçelerine sygman ýörşüne.

Haýran galýan: Orta mekdebi zordan gutaran, okuwdan gaçmak boýunça rekord goýan okuwçyň ÝOJ-a girip bilmänligi üçin gynanyp aglaýanyna.

Haýran galýan: Özi saýta agza bolmasada, goşgularyna negatiw garaýşymy bildirenim üçin bloglarymy okyjylara görünmeýän derejä getiren şahyra.

Haýran galýan: Öz garaýşy, öz düşünjesi, öz sözleri bilen ýekejede mowzuk açman, gaýtam bir zatlar döretjek bolýan agzalaryň mowzuklaryny özüni düşünjeli görkezmek üçin tankyt eden bolýan akyllysumaga.

Haýran galýan: Mowzuklaryny okaňda aňryň-bäriňe gelýän, ýazan zatlarynyň arasy hapa sözlerden doly, köpçülik görmedik, moral taýdan bozuk agzaň ahlak, namys barada maslahat berşine.

Haýran galýan: Atylan oky eli bilen tutýan, nähak öldürlen adamyň täzeden dünýä inýän, 2 sagat 55 minutlap gyzyny dünýädäki iň ideal oglana bermäge garşy bolan gaharjaň, garakçy kakaň soňky 5 minudyň içinde toba edip ýetişýän (bolmasa kino gutarýar) hindi kinolaryna aňkaryp seredýän agzaň Massimusyň hekaýalaryndaky wakalaryň dogrudanam bolup geçenine ynanmaýanyna.

Haýran galýan: Özüni iň gowy hasaplap, ýöne bu ýurtda adalatyň, deňligiň ýoklugy barada jar çekibem, "meniň ýurdum hemme ýurtdan gowudyr" diýen ýaly goşgulary ýazyp bilýän adama.

Haýran galýan: Bir mesele boýunça maslahat soranymda, aradan 1 aý geçenden soň: "şol edara täzeden jaň edip göräýsene" diýýän dostuma.

Haýran galýan: Ijjen, meň aňrym pylandan gaýdýar diýip, dini mowzuklaram, hapa mowzuklaram goldaýan ynsana.

Haýran galýan: Men saýtdan gidip barýan diýip aglap, eňräp mowzuk açyp, yzynda galanlaram yzan-çuwana berip, "maňa meňzeş" hemme zada çynmyka diýip ýören suwumsyzlary bir hepde dagy agladyp, soňam hiç zat bolmadyk ýaly saýta gaýdyp gelen gahrymana.

Kämahallar dagy oturyp şu zatlara haýran galýanlygyma-da haýran galýan.
12 лайков 546 просмотров
20комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
03 окт 2022, 17:25
Salam. Bu meň öňki haýran galyşyma meňzäpdir.

“Haýran galýan: Men saýtdan gidip barýan diýip aglap, eňräp mowzuk açyp, yzynda galanlaram yzan-çuwana berip, "maňa meňzeş" hemme zada çynmyka diýip ýören suwumsyzlary bir hepde dagy agladyp, soňam hiç zat bolmadyk ýaly saýta gaýdyp gelen gahrymana.”

Hemedany, Elif we maňa degişli öýdýän bu abzas. :)
Ýöne men 1 hepdeden soň gelmedim, gürrüňsiz 1 aý boldy. Hemedany sensiň-le şol gahryman. :)
Belki
03 окт 2022, 17:28
Maña kakdyrylan ýeri barmyka diýip okadym welin,iki ýerde dagyn bar eken. :)
Wah,agam,men şahsy hatyma gaty seýrek göz aýlaýan.Oñam sebäbi barybir mende jogap ýazyp bolanok.Onsoñ okap,jogap bermeýäniñe janyñ ýanyp otyranyñdan okamanyñ gowy.Şoñ üçin ep-eslije wagt soñ jogap berdim.Edil mowzukda agzar ýaly uly zat däldirläý.
Hindi kinolar barada aýtsam,olaryñ hyýal önümidigine hiç hili ikirjiñlenmäm ýok.Men olara ynanyp däl-de gyzyklanyp tomaşa edýän.Siziñ hekaýalaryñyz (ýa-da başdangeçirmeleriñiz) bolsa kä ýerde hakykata bap gelse kä ýerde "Dogrudanam şeýlemikä?" diýdirýär.
Belki
03 окт 2022, 17:31
Şahsy hat barada ýene bir zat:
Ejegyz,Xiyvenia,Rabia,gyzlar,hatlaryñyzy okadym.Hemişeki bolşy ýaly jogaplap bilemok.Eger şahsyma nomerleriñizi ýazsañyz,imodan ýa jañ üsti bilen habarlaşyp bileris.
Ejegyz,senden ullakan ÖTÜNÇ soraýan.Çüñkden aýryl.Señ ýeriñe başga biri durmaly çüñkde.Getir gündeligiñi.Ullakan BÄŞLIK!
Belki
03 окт 2022, 17:32
Hemedany,köp bilip soraýañaý :))
#B.S
03 окт 2022, 17:40
Haý filosof bola...
Latifa
03 окт 2022, 17:49
???? ya v hayrane diysene.
Latifa
03 окт 2022, 17:54
Kiyametin küçük alametleri )))
Esma
03 окт 2022, 18:12
Okadym welin menem haýran galaýdym...
#B.S
03 окт 2022, 18:18
Menem haýran galasym gelýär welin, özümi akladygym bolar...
noname
03 окт 2022, 18:29
Bu bir durmuş munda kan zat bolup dur
ýandak güllap otyr, bägül solup dur
saña akyl berýär iñ sаmsyk adam
Iñ akylly adam akyl alyp dur
Dowsypat
03 окт 2022, 18:30
Akmak sürer döwrany,
Akyl onuň haýrany.
menembiri
03 окт 2022, 18:49
aýran galýan: Atylan oky eli bilen tutýan, nähak öldürlen adamyň täzeden dünýä inýän, 2 sagat 55 minutlap gyzyny dünýädäki iň ideal oglana bermäge garşy bolan gaharjaň, garakçy kakaň soňky 5 minudyň içinde toba edip ýetişýän (bolmasa kino gutarýar) hindi kinolaryna aňkaryp seredýän agzaň Massimusyň hekaýalaryndaky wakalaryň dogrudanam bolup geçenine ynanmaýanyna.
Şula hakykow wara!!!!! hehehe
Yusup
03 окт 2022, 19:37
mena hayranym hekgerdi
Yusup
03 окт 2022, 19:44
bolsada sonky dowur al men gitdim men yoredim diyilyan temalar achylanok. gitjekmi biz yaly sessiz gidip sessizem gelaymeli)
Hiayress
03 окт 2022, 19:48
Nämä haýran galýanyňa haýran galdym.))
Hiayress
03 окт 2022, 19:50
Haýran galýan: Öz garaýşy, öz düşünjesi, öz sözleri bilen ýekejede mowzuk açman, gaýtam bir zatlar döretjek bolýan agzalaryň mowzuklaryny özüni düşünjeli görkezmek üçin tankyt eden bolýan akyllysumaga.

Şu ajaýyp jümlä maňa degişli öýdýän?! Saul!
Victus
03 окт 2022, 20:07
Kan hayran galsanam gowy dal diyyaler
Öwreniji
04 окт 2022, 01:20
?????? Hemmesem maña degişli ýaly haýran galdym
Venus
04 окт 2022, 11:08
Haýran galýan: Özüni iň gowy hasaplap, ýöne bu ýurtda adalatyň, deňligiň ýoklugy barada jar çekibem, "meniň ýurdum hemme ýurtdan gowudyr" diýen ýaly goşgulary ýazyp bilýän adama.

+
Pegas
04 окт 2022, 13:38
“Haýran galmak maňa adat bolupdyr...”

Seýitmyrat Geldiýew