Sowgat / hekaýa
...Uzakly gün oňa nädip gowşurjagyny bilmän, daşyna ýumşajyk mahmal dolangylygyna okuw esbaplarynyň arasynda ýygşyryp gezdi. Göwni karar tapman, göýä, kimdir biri özüne bildirmän, ony alyp gidäýjek ýaly, sapak gidip durka-da aram-aram elini sebedine sokup, daşyndan elleşdirip gördi. Her gezegem ynjalandan geçen, gaýta köz elleýän ýaly, beter birahatlykdan doldy. Ahbetinem, mekdepden gaýdyp gelýärkäler, Şemşadyň jorasy bilen beýleki gyzlardan saýlananyny peýeläp, olaryň yzlaryndan ýetdi-de, sebediniň syrmasynadyr, onuň içindäki kitap-depderlerine bulaşyp-çolaşyp, mahmal düwünçejigini eline aldy. Çekine-sakyna özüne üns bermediksiräp barýan eýjejik synpdaşyna ýüzlendi:
-Şem…Şemşat! Birje pursat aýak çeksene!
-Hä, näme?-diýip, gyz yzyna öwrüldi. Beýtmeli däl ekeni. Ýaňy on altysyny dolduryp, on ýedisiniň bir çetinden girip ugran gyzyň pamykdan ak, ýüpekden tämiz keşbi, öňem saly suw üstündäki jahylyň oňa diýmek üçin, nijeme günler-ä beýle-de dursun, hepdeler bäri taýýarlap, kebşirläp ýören jümlelerini, aňyndan ýeliň demine düşen peşmek ýaly togalap-togalap, allaowarralara gaýdyryp goýberdi. Asyl, ol diýilmekçi bolunýan, ýekelikde içinden ýa-da hammamda gapyny kiltläp, aýnanyň öňünde daşyndan, ýetginjeklere mahsus döwük sesine başardygyndan mylaýym äheň çaýyp, müňlerçe sapar gaýtalanyp-gaýtalanyp, hetjiklenip-hetjiklenip, gije sagat ikide turuzsaňam sagynman, sanawaç sanan ýaly ediläýjege dönen sözlerdir-sözlemleriň yzyndan kowalap-kowalabam ýeter ýaly bolmady. Myrat ýene-de bir zatlar diýjek bolan ýaly edip, bir gultundy-da, gyzyň ýüzüne gözlerini petredip, lam-jim boldy duruberdi.
Gyz gelşikli ýüzünde naşyja görünýän dodaklaryny birenaýy edip, ýylgyrdy-da:
-Wiý, bi oglany! Özüň-ä: “garaş” diýip saklaýarsyň, özüňem aşa düşen göle ýaly bolup ýüzüme mölerilip dursuň! Bol-da, aýt-da, näme diýjek bolsaň!-diýdi. Myradyň bolşuna böwregi bökýän jorasy, Şemşadyň sözleriniň oglanyň bolup durşuna “şapba” gelşendigine pyňkyryp goýberdi. Muňa Myradyň hasam kejebesi garjaşdy. Hernä, ol özüne zor salyp, ýarym günden gowrak buzdanda saklanana çalym edýän beýnisini herekete girmäge mejbur etmegiň hötdesinden geläýdi. Boşap, gurruk guýa dönen aňynyň niresindendir bir ýerinden gerekli sözleri agtaryp-agtaryp tapyşdyrdy-da, dil ýardy:
-Şemşat! Muny saňa sowgat diýip ýasadym!-diýdi-de Myrat, dagy näme diýjegini bilmän, ýerliksizem bolsa üstüne goşdy:-Men geçen ýyldan bäri goňşymyz Aman aganyň ýanyna gatnap, iş öwrenýärin…Hol, zergär goňşymyz Aman aga bar-a…Ine şondan…Ony bilýänsiň-le…Ol ussa…Dogrusy meniňkiler-ä bu mahal beýlebir çirksiz bolmaýar welin…Ýasaýan şaý-seplerim diýýän, gaty gowy bolmaýar diýýän…Ýöne Aman kakam: “irginsiz işläberseň, eliňi öz-özünden düzer bararsyň” diýýä…
Ýaňyja, gyza ilki lak atanda näme geplejegini bilmän, asla, nädip geplemelidigini dem salymlyk undan jahyl, indi nädip saklanjagyny bilmeýän dek, sakawlap-samraşdyryp durdy. Birdenem özüniň gerekmejek zatlary ýaňrap durşuna Myradyň jany ýandy. Ol:
-Umuman, ertir Halkara zenanlar güni! Saňa şonuň üçin sowgat diýip ýasadym muny!-diýdi-de, sözüni gap bilinden şarpa üzdi. Soňam dagy näme etjegini bilmän ýuwdundy-da, gyzlaryň öňünde söm-saýak boldy duruberdi.
-Bu näme?-diýip Şemşat Myradyň uzadan mahmal düwünçejigini aldy.
-Aç! Görersiň.
Gyz elindäki okuwçy sebedini jorasyna berdi-de, düwünçegi açdy. Onuň içinde, biri-birine bakyp duran iki sany guwuň şekilinde kümüşden ýasalyp, hakyk daşy bilen bezelen çaklaňja gülýaka, günüň şöhlesine ýyldyrap durdy. Myrat gyzyň ýüzünde, öz sowgadynyň oňa eden täsirini görmekden eýmenýän ýaly, haýdan-haý gözlerini ýummaga howlukdy. Bada-badam, gijeler düýşüniň gündizler arzuwynyň naşyja jemalyndaky şatlyk alamatlaryny görüp ýetişmän galmakdan elheder alýan dek, gözlerini ýalpa açdy-da, gyzyň ýüzüne siňe-siňe seretdi. Emma onuň tamasy çykmady.
Şemşat, gurply öýüň gereginden artyk eljiredilen lälik çagalaryna mahsus hötjet göwnüýetmezçilik bilen, dodajyklaryny çöwürdi-de, gülýakany şol durşuna yzyna uzatdy:
-Hymh! Muny! Indi munuň ýaly köne-küşül zady dakynýan barmy, bu döwürde?! Me, al! Men munuň ýaly arzanjak demir-dümüre mätäç däl! Kakam maňa islän altyndan şaý-sepimi alyp berýär!
Myradyň depesine ýekedaban bilen urlan ýaly boldy. Ol birhili seňselän ýaly bolup, hiç zat geplemän, özüniň näme edýändigine-de düşünmän, Şemşadyň elinden gülýakany aldy. Ony sebedine salman, jübüsine dykyp, hyrra yzyna aýlandy. Sähel salymlyk gulaklary gapylan ýaly bolsa-da, ol ýollaryny dowam etdiren Şemşadyň dilini aýnadyp, jorasyna:
-Ondan-a bäşinji aýfon sowgat berd-ä, begendiresiň gelýäni, gowy görýäniňi bildiresiň gelýäni çynyň bolsa…-diýendigini eşitdi.
Myradyň ýüzi boz-ýaz boldy. Ol içinden bir: “Wah!” diýen ýaly etdi-de, hyrçyny dişläp, gyzlaryň giden ugrundan tersligine garşy garasyny saýlamak bilen boldy.
…Haýp saňa, üç gün bäri şu gülýakany ýetişdirjek bolup, Aman aganyň ussahanasynda, gijeden-gije daňa çenli, gözüniň köküni gyryp çeken zähmeti, oňa siňdiren yhlasy! Haýp saňa, gülýakany ýasamaga ýeterlik kümüş satyn almak üçin, kakasynyň sowalga diýip berýän gündelik puluny, özüniň ýasan bolgusyzja şaý-seplerini Aman aganyň müşderilerine satyp beren puluny iki aý bäri ýygnamagy! Haýp saňa, gülýaka goýan hakyk daşynyň bölejiklerini, geçen hepde çekinip-çekinip, utanyp-gyzaryp Aman agadan diläp alşy! Haýp saňa, haýp saňa…bary haýp saňa!...
Myrat ýüzüne urlan ýaly bolup, daş-töweregini saýgarman, düňedekläp gelşine, howlularyna ýetdi. Daşarda gydyrdanyp ýören ejesine üns bermän, içki otaga girip gitdi. Eşigini çalşyp durka aýna seredende, öz ýüzüni görüp, haýykdy. Näçe günüň ýadawlygydyr-ukusyzlygyndanmy nämemi, onuň gözleri içine çöküp gidipdir. Owalary köwelip, aşaklary garalyp dur. Argyn ýüzi-de gara-ört. Misli, ýaňky, naşyja dodajyklardan syzylyp çykan, “bäşinji aýfon” hakyndaky sözjagazlar, şarpyk çalmagy biçak oňat görýän iki sany ele öwrülip, özlerem biri-birine gezek bermän, onuň ýüzüne şapbat yzyna şapbat çalyp duran ýaly, ýaňaklary-da lowlap durdy. Kükregine-de kimdir bir doňýürek biri gysymlap-gysymlap köz guýýana meňzeýärdi. Ýanyp barýardy.
Şol pille-de, birdenkä, kisesindäki gülýaka Myradyň ýadyna düşdi. Ol bar zada şol jansyz, şunça yhlas siňdirilip ýasalan, solak mämişi reňkli daşjagazlar bilen bezelen kümüş bölegi sebäpkär ýaly, ony haýdap jübüsinden çykardy. Öten agşam: “daşyna çyzyk-beýleki düşäýmesin ýa-da ýüzi solaýmasyn” diýen pikirde, emaý bilen dolap goýan mahmal bölegini sypyrdy-da, ony mäjerläp, bir gapdala oklap goýberdi. Soňam onda ary köýen ýaly gülýaka tiňkesini dikdi.
“Dagy-duwara şunuň ýaly bihuda zatlara yhlas etmänjik geçerim ýaly, penjäme gysyp mynjyradaýyn-da, zibile zyňyp goýbereýin-le” diýen pikir, birwagtyň özünde onuň beýnisinem, kükreginde ynjyly galagopluk bilen howul-hara urýan ýüreginem daglap-daglap gitdi. Yhlasynda aldanan jahyl, göýä, özüniň ýüregini mynjyratmak isleýän ýaly, goşaryna zor salyp, aýasyndaky çaklaňja gülýakany gysyp ugrady.
Şol wagtam işik açyldy-da, otaga ejesi girdi. Oslagsyzlykdan ýaňa aljyran Myrat, gülýakany gizlemäge ýetişmän, ejesine tarap öwrüldi. Ejesiniň bada-bat gülýaka gözi düşdi. Ol, ýeke pursatlyk, düşünmän nowbaharynyň elindäki gülýaka seredip durdy-da, birdenem ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol oglunyň ýanyna geldi-de, emaý bilen onuň başyny sypady. Begenjine söýünip ugrady:
-Maňamy guzym?! Zenanlar günümemi?! Azara galyp nätjekdiň ahyry, balam! Wah, saňa döneýin!
Myrat aňk-taňk boldy. Ejesiniň ters düşünendigine ol birhili bolup gitdi. Näme etjegini bilmedi. Ejesiniň ýanyndaky aljyrap duran göz açyp-ýumasy salymynyň içinde, ýüz sany pikir aňynda döräp-eremäge ýetişdi. Birdenem…Oňaýsyz ýagdaýdan çykalga gözläp çyrpynýan gögele beýni, ahbetin, ýüregine jüňk bolan pikiriň üstünden bardy. “Ine kim üçin näçe yhlas etseňem az!”.
Myradyň ýüzi ýagtyldy.
-Saňa eje, saňa, bi!-diýdi-de gülýakany begenjine guş bolup uçaýjak bolýan ejesine uzatdy.
Maşgalada ýanýoldaşy hem dört ogly bilen, bäş erkek kişiniň arasynda ýeke özi zenan halyna: “Maňa biriňiziňem peýdaňyz ýok-da! Bahymrak bir, bu ýaşy uzamyşlaryň iň bolmanda birisini dagy öýerip, şu tünegiň hysyrdysyndan mazaly dynaýmasam, maňa dynma ýok-da” diýip, mydama guwançdyr-söýünç garnuwly äheňde zeýrenip ýören ejesi, begenende-de, gynananda-da söz yzyna söz sepläp-sepläp, duýgusyny egismäge werziş bolan endigine eýerip, ýetişibildiginden gepleýärdi:
-Näçe gün bäri gijeler çirim etmän, Aman goňşyň ussahanasyndan çykman oturşyňdanam bir zatlar aňjak bolýardym-la, men! Wah, boýuňdan-syratyňdan aýlanaýyn, balam! Iň mähremim ahyry, sen meniň! Wah, gör-ä, munuň edäýşini! Wah, jan balam, şaý-sepiň üçin däl-ä, meniň begenjim! Meni begendirmek üçin siňdiren yhlasyňa ýarylyp barýan-a men, iki bolubilmän!...
Ejesiniň begenjine kalbyndan hälki garaňky oýlardyr-duýgular sypba-sypyrylyp, ýom-ýok bolup giden ogul bolsa, bu wagt, näme üçindir, utanjyndan ýaňa çym-gyzyl bolup gyzarýardy. Şol bir wagtda-da, ejesiniň çaga ýaly begenşini synlap, arasynda-da ejesiniň her minutda bäş sapar dagy boýnuna deňäp-aýyrýan gülýakasyna gözüniň gyýtagyny aýlap, öz-özüne: “Indi, mundan beýläk, hemişe, diňe şunuň ýaly gowy zatlara yhlas siňdirmeli” diýýän dek, süýjüden-süýji ýylgyrýardy…
© Arslan Aýnazarow

2012ý.
© Arslan Aýnazarow
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.