BIR OTURGYJYŇ TARYHY (Hekaýa)

BIR OTURGYJYŇ TARYHY
(Hekaýa)
Diwarda asylgy duran sagadyň dillerine gaýta-gaýta seretdigiçe, Şemşadyň ýüreginde barha harasat gopýardy. Wagt bireýýäm ýediden ötüpdi, emma ogly Adyl welin, henizem öýüne dolananokdy. «Bu gün meň iki döw oýnum bardyr» diýip, oglunyň irden aýdyp giden sözlerini ýatlap, birneme özüni köşeşdirmek islese-de, Adylyň öýe geler wagty bireýýäm bolupdy.
Her okuw çärýegi tamamlanyp, dynç alşa çykylanda, Adylyň küşt ýaryşy başlanýardy. Ýöne, hemişe bolşy ýaly, ýazky dynç alyşda geçirilýän ýaryş, dogrusy, has uludy. Bu möwsümde küştçüleriň her ýaş aýratynlygy boýunça ýurduň birinjiligi geçirilýärdi. Adatça, küşt ýaryşlaryna gatnaşýan ogly bir günde iki döw oýnanda-da, öýlän sagat dörde-bäşe ýetmän öýe gelýärdi. Emma bu gün welin, Adyl näme üçindir gaty eglendi.
Ene kalby bimaza boldy. Ol halys karar tapman, oglunyň el telefonyna aýlady. Birki ýola aýlasa-da, Adylyň el telefony öçük berýärdi.
«El telefony öçük welin, diýmek, ýaryş henizem tamamlanmadyk borly» diýip, Şemşat öz ýanyndan çaklady. «Ýa iki döw däl-de, üç döw dagy oýnaýýamykalar bu gün?».
Şemşat ýene diwarda asylgy duran sagada göz aýlady. Sekiziň ýary.
«Ýene ýarym sagat sabyr edeýin, şonda-da gara bermese, yzyndan habar tutmaga gidäýmeli bolar-da» diýdi-de, oglunyň ýoluna göz dikip, derwezeden daşyna çykdy. Perzendiniň gelýän ugruna umyt bilen göz dikdi. Ýöne gözýetimde onuň garasy-da görünmeýärdi.
Derwezeleriniň gabadynda bolsa bu wagt körpe ogly deň-duşlary bilen ala-goh turzup, top oýnaýardy. Şemşat gaýta-gaýta öýe girip, soňam daşary çykyp durmazlyk üçin, derwezeleriniň gyra çetinde duran, dyz eper ýaly ýasalyp goýlan uzyn oturgyçda çökdi. Kalbyndaky harasady biraz unutmak üçin, çagalaryň top oýnuna tomaşa eden boldy.
— Hä, gelin, senem indi bu oturgyçda oturyp başladyňmy?
Serindäki aladalar, çagalaryň goh-galmagaly bilen Şemşat gaýynenesiniň ýanyna gelenini-de aňşyrmandy. Ol ýerinden gobsundy.
— Wiý, enesi, seň ýeriňi alaýypdyryn öýdýän?!
— Oturyber, gelin, oturyber. Tüweleme, bu oturgyçda dört adamam ýerleşýär—diýip, Ogulsenem daýza ýuwaşjadan ädimläp, gelniniň ýanynda çökdi. — Meň agtygym ökdedir görseň.
— Hawa-la — diýip, Şemşat gaýynenesiniň heňinden gopup, jogap berdi. — Deň-duşlaryna eýgerder ýaly däl seň bu körpe agtygyň.
Gaýyn-gelin çagalaryň top oýnuna syn edip başlady. Şemşat diňe gaýynenesiniň sözlerinden soň, körpe oglunyň, hakykatdanam, topa ezberlik bilen erk edip bilşine göz ýetirdi. Muňa çenli onuň bar ünsi gözýetimdedi. Uly ogly Adylyň ýolundady.
— Senem indi bu oturgyçda oturyp başlan bolsaň, onda gelin, saňa munuň taryhyny gürrüň bereýin — diýip, Ogulsenem daýza gelniniň aladaly nazaryna bakdy. — Şu oturgyjyň taryhyny bilýänem dälsiň?
— Ýok, enesi, bilemok. Ýöne meň şu gapydan gelin bolup gelelim bäri şu oturgyjyň baryny, bu oturgyçda-da wagtal-wagtal oturyp, dynç alýanyň-a bilýän.
— Bu oturgyjy gaýynatam gaýynenem üçin ýasap beripdir. Muny gaýynenem pahyr gürrüň beripdi. Seň gaýynataň, meň adamym, aram-aram işinde uzak eglener eken. Onsoň, gaýynenem oglunyň gijä galyp gelmesini alada edip, derwezäň daşyna çykyp, ýoňsuz wagtlap onuň ýoluna garap, sadylla bolup durar eken. Aýalynyň beýle örtenişine dözmedik gaýynatam günleriň bir güni onuň üçin, ine, şu uzabara oturgyjy ýasap beripdir. Şondan soň gaýynenem ogly işden eglense, şu oturgyja çöküpjik, perzendiniň ýoluna irikgä bolup garaşar eken.
Gaýynenesiniň bu gürrüňlerine Şemşat tolgunyp gitdi.
— Beh, on bäş ýyl şu gapyda gelin bolup gezsem-de, bu wakadan bihabar bolşumy?
— Menem, ynha, seň ýaly, şu gapydan gelin bolup gelip, on bäş ýyl geçensoň, bilip galdym-a bu oturgyjyň taryhyny. Şol günki waka şu gün deý ýadymda. Mydama wagtyndajyk öýüne köwlenýän oguljygym, seň ýanýoldaşyň şol gün gaty eglendi. Ýüregim karar tapman, bir daşary çykýan, bir öýe girýän, bir daşary çykýan, bir öýe girýän. Oglumyň geljek ugrundaky awtobus duralgasyna üç-dört ýola dagy baryp gaýdandyryn. Ahyry takadym ýetmänem, şu oturgyçda çökdüm. Ana, şonda gaýynenem pahyr ýanyma gelip, dyz epdi-de, bu oturgyjyň taryhyny gürrüň berdi. Herki zadyň öz wagty bardyr-da, gelin, ine, senem on bäş ýyldan soň bu taryhy bilip galdyň.
— Oglumy alada edip, şu oturgyja çökenimi aňypsyň-da? — diýip, Şemşat gaýynenesiniň içki pikirini aýnada gören ýaly bilşine haýran galdy.
— Eýsem näme? Şu oturgyja gelip çöken bolsaň, diýmek, jigerbendiňe intizarsyň.
— Hawa, enesi, Adyl jany alada edip, ýoluna göz dikip otyryn-da häliden bäri. Nämüçindir bu gün gijä galdy.
— Bu günler onuň ýaryşy geçenokmy näme?
— Hawa, häzirem küşt ýaryşynda-la ol. Bu gün iki döw oýnaýanynam aýdyp gitdi maňa irden. Ýöne iki döw oýnanda-da, sagat bäşe galman, öýe ýetýädi welin, häzir sekiz bolup gelýär, henizem gördüm-bildim ýok. Basym garaňkam gatlyşar.
— Geler, alada etmegin, gelin, hökman geler. Öý mukaddesdir. Gijä galarlar, uzak ýola giderler, näçe eglenselerem, ahyry ýene tüneklerine öwrülip gelerler.
— Çagalykdan saýlanyp, jahyl çyksa-da, şonda-da oglumy gaýgy edýän-dä, enesi — diýip, Şemşat uýalyp, gaýynenesiniň ýanynda özüniň janserekdigini ýuwmarlamak isledi.
— Eneleň gözünde perzentler elmydama şol kiçijikligine-de galýandyr, gelin. Jahyl çyksyn, ýigitlik müçesine ýetsin, kyrkdan geçip, elli ýaşa barsyn, şonda-da olar seň göz öňüňde şol ilkinji gezek eliňe alanyňdaky ýaly kiçijik bäbejik ýaly bolup görner.
— Onyň-a dogry, enesi. Tüweleme, boýy özüm bilen deňleşse-de, oguljygym henizem kiçijik çagajyk ýaly-da meň üçin.
— Dagy näme — diýip, Ogulsenem daýza ýylgyrdy. — Han-ha, seret, gelin, meň gözüm kütegräk. Doly saýgaryp bilemok. Ýöräp gelşine seretseň-ä, şol gelýän Adyl ýaly. Kakasynyňky ýaly, aýagyny kakyp almasy bar seň ogluňda-da.
— Hawa, Adyl şol. Edil özi — diýip, Şemşat zöwwe ýerinden galanyny-da duýmady. — Oguljygym gelýär sag-aman.
— Daşyndan-a utulana meňzeýä. Ýüzi salyk. Ýadaw görünýä.
— Utulsa, utulsyn, sag-aman öýüne dolanany bolýa, enesi. Oýundyr-da... Bir gün utar, bir gün utular.
— Näme beýle eglendiň-how, Adyl han? — diýip, Ogulsenem daýza gabadyna ýetip gelen agtygyna gep goşdy.
— Munça-da bir garaşdyrmak bormy, oglum? — diýip, Şemşat takadyny ýitirip sorady.
— Aý, eje, irden saňa aýtdym-a, bu gün iki döw oýnumyň bardygyny — diýip, Adyl biparh jogap berdi.
— Ozalam iki döw oýnaýan wagtyň bolýady. Ýöne şonda-da, bäşe galman öýe ýygnanýadyň ahyry.
— Men indi on bäş-on alty ýaşlylaryň hatarynda çykyş edýän, eje. Ulaldym-how men indi.
— «Men ulaldym» diýip, islän wagtyň öýüňe gelmek bolmaz-a, oglum —diýip, Şemşat öz boýy bilen deňleşiberen oglunyň başyny sypady.
— Düşün, eje, indi bize berilýän wagt uzaldyldy. Kiçi ýaşlylaryň ýaryşynda her oýunçy üçin bir sagat wagt berilýän bolsa, ulularyňkyda her garşydaşa iki sagat wagt berilýä. Hasaplap gör-dä, oýna jemi dört sagat gidýä. Ikinji döwdäki garşydaşym-a gadymy hindi goranyşynda oýnady. On sekiz göçüme çenli mal alşyp-çalşylanog-a. Iň soňky sekuntlammyza çenli gidişdik-dä, garaz.
— Gijä galjagyňy bilip durkaň, bolmanda, el telefonyňdan jaň edip, ejeňe duýduraýmaly ekeniň-dä, oglum — diýip, Şemşat ogluna käýindi. —Alada edýän-ä men.
— Wah, habar etmegem ýada düşmändir-dä — diýip, Adyl jübüsinden telefonyny çykardy. — Oýna başlanymda öçürenim. Hatda telefonymy ýakmagam ýadymdan çykyp gidipdir-dä.
— Hany, dogrujaňy aýt, utduňmy ýa, utuldyň?—diýip, Ogulsenem daýza agtygyny gižželedi. — Daşyňdan seretseň-ä, utulana meňzeýäň sen.
— Aý, ene, senden syr saklar ýaly däl... Adamlaň içini aýnada gören ýaly görüp dursuň — diýip, Adyl gyzaryp, ýere bakdy. — Oýnum, umuman-a, erbedem däldi welin, seýtnot bolaýdym-da.
— Seýtnotyň näme bolýa?—diýip, Şemşat ogluna ýüregi awady.
— Wagty gutarypdyr — diýip, Ogulsenem daýza hezil edip güldi. — Muň kakasam gadymy hindi goranyşyna gezek gelende, duran ýeridi. Şeýle ýagdaýda olam köplenç garşydaşlaryndan utulardy. Bular diňe iki taraplaýyn hüjüm ediji açyk oýunlara ökdedir. Ýapyk görnüşli, goranyş tilsimlerinde duran ýerleridir.
— Bä, men köp zatlardan bihabar oguşýan-ow —diýip, Şemşat eneli agtygyň gürrüňlerinden halys baş çykarmansoň, başyny ýaýkady.
— Uzakly gün küşt oýnap, men-ä gaty ýadadym-aý, eje — diýip, Adyl ejesine ýüzlendi. — Dogrusy, ajykdymam.
— Nahar taýýardyr, oglum — diýip, Şemşat ene mähri bilen oglunyň arkasyny sypady. — Öýe giriber, eşikleriňi çalşyrýançaň, taýyn ederin.
Adyl öýe girip gitdi.
— Enesi, howa-da çigrekledi, naharam taýýar.
— Ýok, gelin, özüňiz iýiberiň. Men entek bärde oturjak. Oglum bu gün nobatçydyr. Şol gelýänçä kararym bolmaz meň.
— Bu gün anna günüdir-ow — diýip, Şemşat gaýynenesiniň sözlerinden soň oýa batdy. Adamsynyň her anna güni nobatçylyga galyp, giç gelýäni diňe şu pursat ýadyna düşdi.
— Ynha, indi senem bu oturgyjyň taryhyny bildiň — diýip, Ogulsenem daýza ýylgyrdy.
— Hawa — diýip, Şemşat baş atdy.
Gelin ýene-de kän zat aýtjakdy. Ýöne garry gaýynenesiniň gözýetime tarap didelerini dikip oturyşyna gözi düşensoň, näme üçindir, bokurdagy doldy. Onsoň, ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, öýe tarap ýüzlendi. Şu pursat gaýynenesini ýeke goýanyny kem görmedi.
#Eziz GELDIMYRADOW.
15 лайков 128 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.