BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK... (Hekaýa)1
BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK...
(Hekaýa)
Mallaryna iým berip, öýüň ownuk-uşak işlerini dynansoň, Gurbangül daýza dynç almak üçin sekä geçip, dyzyny epdi. Basyryp goýan çäýnegindäki çaý bu wagt mazaly demini alypdy. Içinden: «Ajapsoltanyňam-a geler wagty boluberendir» diýibem, özüne bir käse çaý guýundy.
Gurbangül daýzanyň garaşyşy ýaly hem boldy. Käsesindäki çaýy owurtlap-owurtlamanka, derwezeden duldegşir goňşusy Ajapsoltan girdi.
—Arma-da, goňşy—diýip, ol howla giren badyna Gurbangül daýza gep goşdy.
—Bar bol. Gel, şu wagt ýatlap otyrdym seni. Gel, geç. Ine, demini alan çaý. Guýaýynmy bir käse?
—Bir käsejik guýsaň, guýaý. Çagalaň bary säher bilen işe, mekdebe diýip çykyp gidýäler welin, öýüň hysyrdylaryny dynamsoň, seň ýanyňa gürrüňe gaýdaýmasam, içim gysýa—diýip, Ajapsoltan her günki aýdýan sözlerini gaýtalady.
Gurbangül daýza hem oňa her günki berýän jogabyny berdi.
—Geliber, goňşy. Sen gürrüňe gelmeseň, bir zadym kem ýaly bolup dur. Biziňkilerem seňki ýaly. Irden işe çykyp gidýäler, agşamara-da gelýäler. Aýagynyň aşagynda ulagy bolansoň, Atajanyň käýarym günortan nahara geläýmesi bar. Galan wagt menem öýde ýeke özüm.
—Salam, Ajap daýza—diýip, öýden oguljygy bilen daşary çykan Şemşat Ajapsoltana salam berdi.
—Wiý, Şemşat jan, senmi? Haçan geldiň?—diýip, Ajapsoltan Gurbangül daýzanyň uly gyzyna gözi düşüp, oňa gep goşdy.
—Şu gün irden geldi. Indem gidip barýa—diýip, Gurbangül daýza gaşyny çytyp, gyzyna derek jogap berdi. —Üç aýdan, dört aýdan bir gezek atasy öýüne gelýä. Ynha, indem gaýdyp barýa.
—Nädeýin-dä, eje, gyssagly işime barmaly boldum—diýip, Şemşat ejesine zeýrendi. —Ýogsa geçen hepdeden bäri zähmet rugsadynda-da welin, ýöne ýanymdaky işdeş gelnim «Halys ýeke özüm ýetişibilemok, iki sagat kömege geläý-dä» diýip haýyş edip jaň etdi. Barmasam, gelşiksiz bolar, ýüz görşüp durus oň bilen.
—Bolýa, bolýa—diýip, Gurbangül daýza öýkeli gürledi.
—Iki sagatdan geljek yzyma, sen ýöne, ynha, agtygyňa göz-gulak bolsaň bolýa—diýip, Şemşat ogluny sekä, mamasynyň ýanyna çykardy.
Gyzynyň bu sözlerine Gurbangül daýzanyň ýüzi ýagtyldy.
—Näme göz-gulak bolman, hany, oglum, gel ýanyma—diýip, Gurbangül daýza agtygyna iki elini gerdi.
Ejesiniň özüni goýup, nirädir bir ýerlere gidip barýanyna derrew düşünen Adyljyk mamasynyň ýanyna çagyrýanyna-da bakman, sekiden düşjek boldy.
—Mamaňy goýup, nirä barýaň sen?!—diýip, Gurbangül daýza ony derrew garbap tutdy-da, gujagyna gysdy.
—Men gelýänçäm, oglumy gözden salmaweri, eje. Sähel sypdyrdygyň, ýitip gitme häsiýeti bardyr muň—diýip, Şemşat ejesine sargamak sargady. —Bir ýitirseň, başagaý edýändir, ynanaý.
—Bor, gyzym, arkaýyn bolaý—diýip, Gurbangül daýza agtygy Adyljygy ýanynda oturtdy. —Hamala, çaga ulaldyp görmedik ýaly görýä-dä meni bu gyz.
—Adyň näme seň?—diýip, Ajapsoltan derwezeden çykyp barýan ejesiniň yzyndan gözjagazlaryny balkyldadyp seredip oturan Adyljyga gep goşdy.
—Adyl muň ady—diýip, agtygyna derek Gurbangül daýzanyň özi jogap berdi. —Bäş gyzdan soň dünýä inen ogul bolansoň, öýlerinde muny gaty aýnadýalar. Bize gelend-ä, tüweleme, azary-bizary ýok. Ýöne öýünde garagollugyndan ýaňa hemmeler mundan dat edýämiş.
—Aý, daşyndan seretseň-ä, garagol-a meňzänok bu. Bezzat çagany bir gezek synlanymda bilýän-ä—diýip, Ajapsoltan Adyljyga seredip durşuna öz ýanyndan netije çykardy. —Näçe ýaşyňda sen, Adyl?
Adyl Ajapsoltana üç barmagyny görkezdi.
—Üç ýaşyňdamy?—diýip, Ajapsoltan ýene Adyljyga gep goşdy.
Adyljyk diňe baş atdy.
—Iki ýarym ýaşynda. Heniz üç ýaşanok—diýip, Gurbangül daýza agtyjagynyň başyny sypady. —Adyl jan enesiniň hem ilkinji ogul agtygy, mamasynyň hem ilkinji ogul agtygy, şeýle dälmi, oglum?
Adyl mamasynyň sözüni makullap, başyny atdy.
—Tyllagözelem guda bolupdyr, gyz. Indiki aý körpe gyzyny durmuşa çykarýa—diýip, Ajapsoltan häliden bäri içinde saklap oturan gyzykly gürrüňine başlady.
—Wiý, şeýlemi asyl? Kim bilen guda bolupmyş ol?—diýip, Gurbangül daýza Ajapsoltanyň gürrüňine gyzykdy. Men-ä dünýeden bihabardyryn.
—Ho-ol, obaň çetinde Bapby bar-a?..
—Hawa, hawa?..
—Ana, şoň ikinji ogluna guda bolupdyrlar.
—Bapbyň ogullary, tüwelemedir-le. Edepli, salamly. Gowy ýer bilen guda bolupdyr Tyllagözel.
—Obaň gürrüňlerini gyzgyny bilenjik ýetirip durandyryn görseň—diýip, Ajapsoltan öz-özünden göwnühoş halda hikirdedi.
Gurbangül daýza goňşusynyň bu sözlerine hezil edip güldi.
Goňşusy bilen mesawy gürrüň edip, birsalym oturansoň, Ajapsoltan turmak bilen doldy.
—Gürrüňe gyzyp, esli oturdym, goňşy. Menem indi öýe baraýyn. Çagalara biş-düş edeýin. Körpäm okuwdan geler basym. Senem agtygyňa göz-gulak bol. Ejesi aýtmyşlaýyn, gözden salma ony.
Ajapsoltan bu sözleri aýdandan Gurbangül daýza töweregine ýalta seretdi.
—«Agtygyňa seret» diýip ýatladanyň gowy boldy, gyz. Bu bezzat, şu ikarada eýýäm gürüm-jürüm bolupdyr-a.
—Edil ýaňyja-da biz bilen sekide otyrd-a ol—diýip, Ajapsoltan hem Adylyň ýanlaryndan turup gidenine indi göz ýetirdi.
—Adyl?! Nirede sen, oglum?—diýip, Gurbangül daýzanyň ýüreginde harasat gopdy. —Gepe gyzyp, ünsden düşüräýipdirin-dä. Ejesi ýogsa sargabam goýberdi-le.
—Öýüň içine girip gidendir. Ýaňy ejesi bilen şo taýdan çykd-a. Başga ýere giden däldir, öýüň içini gör sen, Gurbangül—diýip, Ajapsoltan goňşusyna maslahat berdi.
Gurbangül daýza Ajapsoltanyň aýdyşy ýaly, öýe girdi. Agtygynyň adyny tutup gygyryp, otaglaryň ählisine aýlanyp çykdy. Ýöne hiç ýerden agtygyny tapmady.

1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.