BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK... (Hekaýa)

BOLDY BIR BAŞAGAÝLYK...
(Hekaýa)
Mallaryna iým berip, öýüň ownuk-uşak işlerini dynansoň, Gurbangül daýza dynç almak üçin sekä geçip, dyzyny epdi. Basyryp goýan çäýnegindäki çaý bu wagt mazaly demini alypdy. Içinden: «Ajapsoltanyňam-a geler wagty boluberendir» diýibem, özüne bir käse çaý guýundy.
Gurbangül daýzanyň garaşyşy ýaly hem boldy. Käsesindäki çaýy owurtlap-owurtlamanka, derwezeden duldegşir goňşusy Ajapsoltan girdi.
—Arma-da, goňşy—diýip, ol howla giren badyna Gurbangül daýza gep goşdy.
—Bar bol. Gel, şu wagt ýatlap otyrdym seni. Gel, geç. Ine, demini alan çaý. Guýaýynmy bir käse?
—Bir käsejik guýsaň, guýaý. Çagalaň bary säher bilen işe, mekdebe diýip çykyp gidýäler welin, öýüň hysyrdylaryny dynamsoň, seň ýanyňa gürrüňe gaýdaýmasam, içim gysýa—diýip, Ajapsoltan her günki aýdýan sözlerini gaýtalady.
Gurbangül daýza hem oňa her günki berýän jogabyny berdi.
—Geliber, goňşy. Sen gürrüňe gelmeseň, bir zadym kem ýaly bolup dur. Biziňkilerem seňki ýaly. Irden işe çykyp gidýäler, agşamara-da gelýäler. Aýagynyň aşagynda ulagy bolansoň, Atajanyň käýarym günortan nahara geläýmesi bar. Galan wagt menem öýde ýeke özüm.
—Salam, Ajap daýza—diýip, öýden oguljygy bilen daşary çykan Şemşat Ajapsoltana salam berdi.
—Wiý, Şemşat jan, senmi? Haçan geldiň?—diýip, Ajapsoltan Gurbangül daýzanyň uly gyzyna gözi düşüp, oňa gep goşdy.
—Şu gün irden geldi. Indem gidip barýa—diýip, Gurbangül daýza gaşyny çytyp, gyzyna derek jogap berdi. —Üç aýdan, dört aýdan bir gezek atasy öýüne gelýä. Ynha, indem gaýdyp barýa.
—Nädeýin-dä, eje, gyssagly işime barmaly boldum—diýip, Şemşat ejesine zeýrendi. —Ýogsa geçen hepdeden bäri zähmet rugsadynda-da welin, ýöne ýanymdaky işdeş gelnim «Halys ýeke özüm ýetişibilemok, iki sagat kömege geläý-dä» diýip haýyş edip jaň etdi. Barmasam, gelşiksiz bolar, ýüz görşüp durus oň bilen.
—Bolýa, bolýa—diýip, Gurbangül daýza öýkeli gürledi.
—Iki sagatdan geljek yzyma, sen ýöne, ynha, agtygyňa göz-gulak bolsaň bolýa—diýip, Şemşat ogluny sekä, mamasynyň ýanyna çykardy.
Gyzynyň bu sözlerine Gurbangül daýzanyň ýüzi ýagtyldy.
—Näme göz-gulak bolman, hany, oglum, gel ýanyma—diýip, Gurbangül daýza agtygyna iki elini gerdi.
Ejesiniň özüni goýup, nirädir bir ýerlere gidip barýanyna derrew düşünen Adyljyk mamasynyň ýanyna çagyrýanyna-da bakman, sekiden düşjek boldy.
—Mamaňy goýup, nirä barýaň sen?!—diýip, Gurbangül daýza ony derrew garbap tutdy-da, gujagyna gysdy.
—Men gelýänçäm, oglumy gözden salmaweri, eje. Sähel sypdyrdygyň, ýitip gitme häsiýeti bardyr muň—diýip, Şemşat ejesine sargamak sargady. —Bir ýitirseň, başagaý edýändir, ynanaý.
—Bor, gyzym, arkaýyn bolaý—diýip, Gurbangül daýza agtygy Adyljygy ýanynda oturtdy. —Hamala, çaga ulaldyp görmedik ýaly görýä-dä meni bu gyz.
—Adyň näme seň?—diýip, Ajapsoltan derwezeden çykyp barýan ejesiniň yzyndan gözjagazlaryny balkyldadyp seredip oturan Adyljyga gep goşdy.
—Adyl muň ady—diýip, agtygyna derek Gurbangül daýzanyň özi jogap berdi. —Bäş gyzdan soň dünýä inen ogul bolansoň, öýlerinde muny gaty aýnadýalar. Bize gelend-ä, tüweleme, azary-bizary ýok. Ýöne öýünde garagollugyndan ýaňa hemmeler mundan dat edýämiş.
—Aý, daşyndan seretseň-ä, garagol-a meňzänok bu. Bezzat çagany bir gezek synlanymda bilýän-ä—diýip, Ajapsoltan Adyljyga seredip durşuna öz ýanyndan netije çykardy. —Näçe ýaşyňda sen, Adyl?
Adyl Ajapsoltana üç barmagyny görkezdi.
—Üç ýaşyňdamy?—diýip, Ajapsoltan ýene Adyljyga gep goşdy.
Adyljyk diňe baş atdy.
—Iki ýarym ýaşynda. Heniz üç ýaşanok—diýip, Gurbangül daýza agtyjagynyň başyny sypady. —Adyl jan enesiniň hem ilkinji ogul agtygy, mamasynyň hem ilkinji ogul agtygy, şeýle dälmi, oglum?
Adyl mamasynyň sözüni makullap, başyny atdy.
—Tyllagözelem guda bolupdyr, gyz. Indiki aý körpe gyzyny durmuşa çykarýa—diýip, Ajapsoltan häliden bäri içinde saklap oturan gyzykly gürrüňine başlady.
—Wiý, şeýlemi asyl? Kim bilen guda bolupmyş ol?—diýip, Gurbangül daýza Ajapsoltanyň gürrüňine gyzykdy. Men-ä dünýeden bihabardyryn.
—Ho-ol, obaň çetinde Bapby bar-a?..
—Hawa, hawa?..
—Ana, şoň ikinji ogluna guda bolupdyrlar.
—Bapbyň ogullary, tüwelemedir-le. Edepli, salamly. Gowy ýer bilen guda bolupdyr Tyllagözel.
—Obaň gürrüňlerini gyzgyny bilenjik ýetirip durandyryn görseň—diýip, Ajapsoltan öz-özünden göwnühoş halda hikirdedi.
Gurbangül daýza goňşusynyň bu sözlerine hezil edip güldi.
Goňşusy bilen mesawy gürrüň edip, birsalym oturansoň, Ajapsoltan turmak bilen doldy.
—Gürrüňe gyzyp, esli oturdym, goňşy. Menem indi öýe baraýyn. Çagalara biş-düş edeýin. Körpäm okuwdan geler basym. Senem agtygyňa göz-gulak bol. Ejesi aýtmyşlaýyn, gözden salma ony.
Ajapsoltan bu sözleri aýdandan Gurbangül daýza töweregine ýalta seretdi.
—«Agtygyňa seret» diýip ýatladanyň gowy boldy, gyz. Bu bezzat, şu ikarada eýýäm gürüm-jürüm bolupdyr-a.
—Edil ýaňyja-da biz bilen sekide otyrd-a ol—diýip, Ajapsoltan hem Adylyň ýanlaryndan turup gidenine indi göz ýetirdi.
—Adyl?! Nirede sen, oglum?—diýip, Gurbangül daýzanyň ýüreginde harasat gopdy. —Gepe gyzyp, ünsden düşüräýipdirin-dä. Ejesi ýogsa sargabam goýberdi-le.
—Öýüň içine girip gidendir. Ýaňy ejesi bilen şo taýdan çykd-a. Başga ýere giden däldir, öýüň içini gör sen, Gurbangül—diýip, Ajapsoltan goňşusyna maslahat berdi.
Gurbangül daýza Ajapsoltanyň aýdyşy ýaly, öýe girdi. Agtygynyň adyny tutup gygyryp, otaglaryň ählisine aýlanyp çykdy. Ýöne hiç ýerden agtygyny tapmady.
«Allajanlarym, köçä gidäýdimikä bu?» diýip, Gurbangül daýza alada galyp, atylyp öýden çykdy.
—Ýok ekenmi öýde?—diýip, Ajapsoltan Gurbangül daýzanyň ýüzüni ak tam edip daşary çykanyndan, rejäniň gowy däldigine göz ýetirdi.
—Öýd-ä ýok ol. Köçä giden bolmaly, bezzat—diýip, Gurbangül daýza has-haslap gürledi.
—Hany, sen sekide otur. Saňa görä, men ýeňil aýakdyryn. Özüm ýeterin yzyndan—diýip, Ajapsoltan köçä ýelkildäp gitdi.
Ajapsoltanyň aýdanyna gulak asyp, sekide çökse-de, Gurbangül daýzanyň ýüregi karar tapmady. Ol hem köçä eňdi.
—Sen köçäň o tarapyna git, men bu tarapyna—diýip, ol Ajapsoltana tabşyrdy-da, ilerligine bakan haýdap gitdi.
Daljygyp köçäniň iki gyrasyny hem gözden salman, agtygyny gözläp, esli meýdan haýdap barşyna Gurbangül daýza ýoluň soňuna geldi. Mundan aňyrda köçe tamamlanýardy. Daş-töweregine ýaltaklap durşuna agtygyna gözi düşmänsoň, ol lapykeç halda yzyna gaýtdy. «Belki, Ajapsoltan ony eýýäm tapandyr» diýip, Gurbangül daýza umyt edip, öýüne tarap haýdady.
Agtygynyň gözleginde kellesiniň gyzgynyna esli ýoly geçenine ol şu wagt aň ýetirdi. Yzyna bakan ýoňsuz ýörese-de, öýüne wagty bilen ýetmän geçdi. Derwezesiniň agzynda körpe ogly Atajan bilen gürleşip duran Ajapsoltany görenden, agtygynyň henizem tapylmandygyny bildi.
—Tapmadyňmy?—diýip, Ajapsoltan Gurbangül daýza heniz gabadyna gelmänkä, oňa gygyrdy.
—Ýer ýykdym, tapmadym-da—diýip, Gurbangül daýza sojap durşuna, lapykeç gürledi. Soňam ogluna ýüzlendi. —Öýe gelýäkäň ýolda gözüňe ilmedimi kiçijik çagajyk, Atajan?
—Ýok, eje—diýip, öýüne günortan naharyna gelen Atajan başyny ýaýkady. —Kiçijik çaga gözüm düşmedi.
—Gaty daşa-ha giden bolmaly däl ol. Şu töwereklerdedir—diýip, Ajapsoltan öz ýanyndan çaklady. —Gürleşip oturanymyza ýarym sagatdan kän wagt geçen däldir-ä.
—Ýarym sagadyň içinde iki kilometr ýol aşyp bolýa, Ajap daýza—diýip, Gurbangül daýzanyň ogly Atajan pikirini aýtdy.
—Iki ýarym ýaşly çaga edil iki kilometr ýol aşaýasy ýok-la—diýip, Ajapsoltan Atajanyň sözlerini makullamady.
—Aşsa aşaram. Çagaň ýöreýşem siziňkiçe bardyr—diýip, Atajan kejeşdi.
—Hany, okuw dersinden berilýän meseläni çözmäňizi goýuň-da, agtygymy tapyşyň—diýip, Gurbangül daýza jibrindi. —Kimiň näçe wagtda näçe tizlik geçýänini soň anyklabiris.
—Öýden daşa giden däldir, Gurbangül—diýip, Ajapsoltan ýene öz heňine tutdy. —Goý, Atajan ulagy bilen köçäni aýlansyn, bizem howlyny gözläli. Sen diňe öýüň içini görüp çykdyň-a.
—Dogry aýdýaň—diýip, Gurbangül daýza Ajapsoltany makullady. —Kellämiziň gyzgynyna göni köçä çykaýdyg-a. Howlyny elek-soky barlamak serimize-de gelmändir.
—Şony aýdýan-da. Tüweleme, giň howly. Gizlenpeçek oýnasaň, bukulara ýer kän. Çagadyr. Ynha, görseň, mal ýatagyň bir gyrasynda bukulyp durandyr.
Ajapsoltanyň bu sözlerine Gurbangül daýzanyň zähresi ýaryldy.
—Hiý-wiý, o taýda bukulan bolsa, sygyrlaram-a süser ony.
Şeý diýdi-de Gurbangül daýza mal ýatagyna bakan eňdi.
—Men ejeň bilen howlyny gözläýin, senem, oglum, aýagyň aşagynda suw ýaly ulagyň bar, köçeleri aýlanyp çyk, ýegenjigiňi agtar—diýip, Ajapsoltan Atajana tabşyrdy-da, Gurbangül daýzanyň yzyndan ylgady.
Atajan Ajapsoltanyň aýdanyna mähetdel, ulagyna münüp, ýola düşdi.
—Adyl! A-aý, Adyl!—diýip, Gurbangül daýza mal ýatagyny görüp, ol ýerden çykansoň, agtygyny çagyryp gygyrdy.
—O taýda-da bukulmandyrmy ol?—diýip, Ajapsoltan goňşusyna aladaly bakdy.
—Wah, bu jelagaýlarda bolsa, tapylardy-la. Ejesiniň yzyna düşüp giden bolmaly ol—diýip, Gurbangül daýza aljyrap, başyny tutdy. —Alla jan, näme etsemkäm indi?! Ejesine näme jogap bererin? Dogumly enesiniň öňünde nädip durarkam? Etimi çişe düzerler indi meň...
—Hany, hany, ýüregiňi giň tut. Atajan maşyny bilen gitdi köçeleri aýlanmaga. Uzaga giden däldir, tapylar—diýip, Ajapsoltan Gurbangül daýza göwünlik berdi.
—Wah, sargap-sargap goýberdem-le ejesi. Gözüme çöp atypjyk gidipdir-dä bezzat çaga.
Edil şol wagt öýden telefonyň jyrlaýan sesi eşidildi.
—Goňşy, telefon jyrlaýa, aljak dälmi?—diýip, Ajapsoltan dünýäni unudyp, perişan halda agyr oýa çümüp duran Gurbangül daýza gep goşdy.
—Telefonda gürleşmäge ýagdaýym ýok şu wagt—diýip, ol derwezä nazaryny dikip durşuna dillendi. —Kim jaň edýänem bolsa, gürleşjek däl.
—Belki, goňşulaň biri agtygyňy tapyp, jaň edýän bolsa bildiňmi?
Bu sözlere Gurbangül daýza aýňaldy. Ol tasap öýüne girdi-de, häliden bäri dynman jyrlap duran telefonyň trubkasyny galdyrdy.
—Diňleýän?..
—Gurgunmy, guda?
Telefondan bu sesi eşiden Gurbangül daýza özüni lampa ýere goýberdi. Näme diýjegini bilmän, dili tutuldy. Aljyrady.
—Guda jan, amanmyň?—diýip, zordan gürledi.
—Bimaza edäýdim öýdýän—diýip, Adyljygyň enesi Ogulsenem daýza Gurbangül daýzanyň mejalsyz sesine diňşirgendi.
—Ýok-la, bimazasy bolmaz—diýip, Gurbangül daýza penjireden daşaryny synlap durşuna gudasyna jogap berdi.
Bu wagt Gurbangül daýzanyň bar küýi agtygyndady. Gudasynyň telefon jaňy häzir onuň üçin artykmaçdy.
—Öňümizdäki hepdäň anna güni sadaka berjekdirin, nesip bolsa. Şony aýdaýyn diýip jaň edýän.
—Kabul bolsun—diýip, Gurbangül daýza çaltrak gudasyndan sypmak üçin gürrüňi tizräk gutarasy geldi.
—Atajana-da aýt, gyzlaňňa-da aýt, hemmäňiz geliň nesip edenden... Goňşyň Ajapsoltana-da aýdaweri hökman.
—Bolýa, aýdaryn, hökman aýdaryn.
—Adyl janam oýnap ýörmi? Azar berenok dälmi?—diýip, Ogulsenem daýza agtygyny sorady.
—Hawa, oýnap ýör. Ejes-ä işine gitdi gyssagly çagyransoňlar. Menem Adyl jan bilen oýnap ýörün—diýip, Gurbangül daýza syr bermän gürledi.
—Wiý, ejesi işe giden bolsa, onda oňa berk göz-gulak bolaweri, guda. Ejesi ýanyndan gitdigi besdir, derrew bir ýerlere gidip bukulma häsiýeti bardyr oň. Tapyp bilmän soň gaty kösenersiň.
—Ýok-la, gözümiziň öňünde oýnapjyk ýör-le, balajygym—diýip, Gurbangül daýza gudasyny alada goýmajak bolup, hakykaty gizledi.
—Ýanyňda bolsa, hany menem oň bilen azajyk gürleşeýin-le. Öwrenişäýipidirin agtyjagyma. Dil bitensoň, diljagazyna guwanýan wagtymyz-da bu wagt. Sähel görmesek, ýüregimiz gysyp dur.
Gudasynyň bu sözlerine Gurbangül daýza serpmeden gaýdana döndi. Janhowluna ýene penjirä seretdi. Ulagyndan düşüp, öýe bakan ýöräp gelýän ogly Atajana penjireden «tapyldymy?» diýen terzde yşarat etdi. Atajan başyny ýaýkansoň, ýüregini bire baglap, gönüsinden gelmeli boldy.
—Wah, guda jan, men-ä nä alaç etjegimi bilýän däldirin. Seň aýdyşyň ýaly, ejesi işe gitdem, agtygyňam bir ýere gürüm-jürüm boldy. Tutuş obany söküp gözleýäs, tapamzok. Iki aýagym bir gonja sokuldy meň-ä...
Gurbangül daýza muny eşiden gudasy häzir dat-bidat edip başlar öýtdi. Ýöne onuň garaşany asla çykmady. Gaýta telefondan gudasynyň jakgyldap gülýän sesi eşidildi.
—Obany söküp gözläp, kösenip ýörmäň. Öýüňiziň içindedir ol.
—Wah, öýüň içinde-de ýok, howlyň içinde-de ýok. Häliden bäri ilik-düwme gözläp çykdyk, derek tapamzok-da, guda. Köçelerem iki-üç ýola aýlanyp çykdyk.
—Öýden daşa gitmäge haky ýokdur oň. Bezzadyň jadyly sözi bardyr. Şony aýtsaň, derrew bukulan ýerinden çykar häzir—diýip, Ogulsenem daýza ýene güldi.
—Waý, guda, seň gülki ýadyňa düşýä. Biziň-ä halys başymyz çaşdy häliden bäri. Bilýän bolsaň, aýdaweri tizräk jadyly sözüni—diýip, Gurbangül daýza agtygynyň tapyljagyna ynam döränine begendi.
—«Adyl, han-ha, ejeň geldi işden» diý. Üçi sanamakaň gaşyňda peýda bolmasa, zat bilmedigimdir.
Gudasyndan bu sözleri eşiden badyna Gurbangül daýza «jadyly sözi» gaýtalady.
—Adyl jan, oglum, han-ha, ejeň geldi işden.
Gurbangül daýza gözlerine ynanmady. Telefonda gürleşip duran otagyndaky açyk duran gapynyň aňyrsyndan Adyl atylyp çykdy-da, mamasynyň ýanyna geldi.
—Hany, ejem?
—Tapyldymy?—diýip, telefon trubkasyndan Ogulsenem daýzanyň sesi eşidildi.
—Alla jana şükür, tapyldy—diýip, Gurbangül daýza uludan dem aldy. —Şu otagyň gapysynyň aňyrsynda bukulypdyr eken. Görmeýşimi diýsene...
—Ilkinji ogul agtyjagymyz bolansoň, hemmämiz şunuň daşynda kebelek bolýas. Atasam, menem, ogullamam, gyzlammam. Näçe söýsegem, näçe gowy görsegem, barymyz bir ýana, ejesi bir ýana-da bu bezzadyň—diýip, Ogulsenem daýza gudasyna agtygynyň häsiýetini düşündirdi. —Ýogsa ejesi köplenç işde, özüm mydama ýanyndadyrynam welin, eger-eger... Ejesini küýsäp başladygy, bizden öýkeläp, jaýyň bir ýerlerine gidip bukulaýýa-da... Şeýdeni bilen ejesi derrew ýanyna geler öýdüp pikir edýä-de balajyk.
—Wah-eý...—diýip, gudasynyň sözlerine Gurbangül daýza gözlerini ýaşlady. —Bolmanda-da ejäň ýerini hiç bir ynsan tutup bilmeýä-dä...
—Hany, ejem?—diýip, Adyljyk mamasynyň synyndan çekdi.
—Han-ha, ejeň, oglum, han-ha—diýip, gyzynyň gelýänini penjireden gören Gurbangül daýza gözüne ýaş aýlap, agtygyna jogap berdi-de, gudasy bilen sagbollaşdy. —Seret, oglum, han-ha, ejeň geldi...
Penjireden ejesiniň gelýänini gören Adyljyk ylgap daşaryk çykdy.
Şemşat özüne tarap ylgaşlap gelýän ogluny gujagyna alyp göterdi-de, onuň ýaňagyndan taýly gezek ogşady.
Ejesidir Ajapsoltanyň, jigisi Atajanyň özüne birhili bolup seredişip duranyna gözi düşen Şemşat olara ýüzlendi:
—Bir zat boldumy? Eýgilikmi?
—Wah, sen sorama, bizem aýtmaly—diýip, Gurbangül daýza gözüniň ýaşyny sylyp durşuna başyny ýaýkady. —Sen gitdiň, yzyňdanam bolandyr bir başagaýlyk...
Ejesiniň bu sözlerine Şemşat ýylgyrdy. Ol hatda näme bolandygyny sorajagam bolmady.
—Aýtdym-a men, agtygyňy gözden saldygyň, kösenersiň diýip...
—Bezzadyňam baryp ýatany eken seň bu oguljygyň—diýip, Ajapsoltan ejesini gujaklap, onuň boýnundan berk ýapyşyp duran Adyljygyň oýun edip ýaňagyndan tutdy. —Iki garra iş boldy-da...
Eziz GELDIMYRADOW.
7 лайков 158 просмотров
10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
13 июл 2022, 12:35
Bosasamda okarynda.
Yone like soz ucin
S❤
13 июл 2022, 12:38
Wii muna men okapdym on. Gyzykly hekaya. Bay aldym berdime salyandyr enesini
Ahmet
Автор 13 июл 2022, 12:40
Xyivenia_babayeva.
Bosasamda okarynda.
Yone like soz ucin

Meňem sözüm bar. Iki nikimdenem häzir mowzugyňa like goýjak sözüm üçin:)
Ahmet
Автор 13 июл 2022, 12:40
Xyivenia_babayeva.
Wii muna men okapdym on. Gyzykly hekaya. Bay aldym berdime salyandyr enesini

Hawa:)
S.Gürgençli
13 июл 2022, 12:59
Bir wagtlar kitapçyda okapdym, gülkülije hekaýa:). Okamadyklara okamagy maslahat berýän.
Ýazmagyň hötdesinden gelýän adamlar (ýazyjylar) şular ýaly adaty durmuşdaky wakalary hem okyja gülküli, gyzykly edip ýetirmegi başarýar.
Enegul
13 июл 2022, 13:03
Menden sana ullakan Like
Mende kana pully
S.Gürgençli
13 июл 2022, 13:13
Enegul,
Mugt paýlaýaňmy?:)
Enegul
13 июл 2022, 13:14
Gurgencli,
Hawa gerekmi
Enegul
13 июл 2022, 13:15
Gurgencli,
Sanada like
S.Gürgençli
13 июл 2022, 13:21
Enegul
Gurgencli,
Sanada like

Minnetdar:)