Ýatlamalar

Ýatlamalar bilen söýüp bolmaýar...

(liriki hekaýa)

Häzir başga bir gyz bilen bolmaly duşuşyga taýýarlanyp duran pursatym kitaplarymyň arasyndan birwagt oňa ýazyp goýan hatymyň çykyşyny diýsene...
Herimiziň öz durmuşymyz bilen başagaý wagtymyz diňe aýrylyşanymyzdan soň, çyndanam söýýändigime göz ýetiren söýgülim baradaky ýatlamalar gaty adalatsyz bolup göründi. Elimdäki tanyş jümlelere seredip durşuma onuň birinji duşuşykdaky ajaýyp ýylgyrşyny ýatladym. Aslynda biz ol güni her hili üýtgeşik arzuwlar bilen bezäpdik, şol gün ikimiz üçinem adaty bolmadyk gün bolmalydy. Biz şu pikirimize şeýle bir ynanýardyk welin, kitaplardaky iň geň galdyryjy söýgi wakalaram biziň ýanymyzda hiç zatdy. Ýöne birinji duşuşygymyz iň adaty duşuşyk boldy. Men oňa adatydanam adaty diýerdim welin, Gunçanyň gözel ýylgyrşyny adaty hasaplamak islämok. Oňa ýakynlaşdygymça, ol: “Utuldyň” diýip gygyrdy. Bu salamdanam öňki ilkinji eşiden sözüm bolansoň, men, hakykatdanam, nämedir bir çynlakaý zatda utulan adam ýaly boldum. Onuň edil alnyna baryp, şol çynlakaý görnüşde-de salam berdim. Ol bolsa henizem ýylgyrmagyny dowam etdirýärdi, göýä meniň utulyşymdan lezzet almak isleýän ýaly...
“Sen duşuşyga ýylgyrman geljekdigiňe jedel edipdiň-ä, sen utuldyň!” diýip, ellerini çarpyp duran gyzyň ýigrimi bir ýaşly gyzjagazdygyna göz ýetirenimden soňra, menem gülmäge başladym. Oňa köp sorag-a beremokdym, ýöne şol bir soragy köp berdim:”Näme üçin birden menden ýüzüňi öwürdiň?” Ol yzyny diňlemek islemeýän ýaly ýerden kellesini galdyrdy-da, beýle tarapyna seretdi. Onuň sereden ýerinden saçlary uzynlygyna goýberlen bir owadan gyz öňden tanyşlar ýaly, maňa gaşlaryny galdyryp geçip gitdi. Meniň ýylgyryş peýda bolan ýüzüme nägilelik bilen sereden Gunçanyň şol garaýşy, megerem, meniň soraglaryma ömürlik jogap bolan bolsa gerek... “Söýüp ýören wagtyň söýmeýän ýaly görünýärsiň” diýip kim aýdan bolsa-da, dogry aýdypdyr. Ýöne munuň hut şeýledigini söýmekde öňüne adam geçirmeýän zenanlara nädip düşündirjek?!
Ol şonda meniň soragymy eşitmeýän ýaly, eşitse-de, öz gelen kararyny üýtgetmejek hanym ýaly dabaraly görnüşde kellesini kä ýerden galdyryp, kä ýere sereden bolup barýardy. Men şol wagt özüme hasyl bolmajak arzuwyň yzyndan ylgap barýan ýaly duýdum. Ol ýa meniň beren soragyma şeýle gümrady, ýa-da şu duşuşygyň basymrak tamamlanmagyny isleýärdi, haýsysy bolaýanda-da, ol ädimlerini birden haýallatdy, soňam ýüzüme seredip: ”Sary ýanýar” diýdi.
Şol wagt köçedäki maşynlar, ýol hereketi ýaly zatlara düýbünden üns beremokdym. Men ol wagt maşynlaryň ýok köçesinde- diňe ýolyşygyň sary reňkinden gözümi aýryp bilmän durdym.
Ol birinji ýa-da iň soňky söýgülim däldi. Ol meniň özümden geçip bilmändigim üçin ondan geçen, megerem, şol sebäpli söýgüsiz durmuşy gazanan söýgülimdi. “Ol birinji däldigi üçin günäkär däl, ol iň soňky däldigi üçin günäkär!” diýip, men başda, has dogrusy, söýgimizi ýitirdim hasap eden günlerim pikir edýärdim. Onuň :“Ýitirmek diýen düşünje aslynda mümkin däl” (Perder es imposible) diýip ispança, haýsydyr bir kitapdan okan sözlemini şadyýanlyk bilen gaýtalaýan wagty men näme üçindir öz ýüregimdäki hasrat bilen başagaýdym.
Ondan aýra düşjegime şeýle çalt ynanyp, şeýle çaltam bu ýagdaýdan çyklaga gözledim welin, oňa meniň bilen aýrylyşmakdan başga çykalga galmady diýäýesiň gelerdi. Şol wagt onuň aýdan sözlerine ynanman:”Ýok, meniň seni ýitirmegim mümkin” diýen bolsadym....Belkem, şeýle şadyýanlygyň aňyrsyndaky hasraty öz gözlerim bilen görerdim.
Bir geň galýan ýerim, men hemişe onuň gözlerini hasratly görnüşde ýatlap bilemok. Näçe” şeýle bolmaly” diýip pikir etsemem, onuň gözleri ilkinji gezekdäki ýaly hem parahat, hem şadyýan.
Onuň şol şadyýan gözleriniň aňyrsyndaky hasrat diňe uzak ýatlamalardan soň peýda bolýar. Kim bilýär, belkem, soň-soňlar onuň hasratdan doly gözlerinden ýadan mahalym bu zatlaryň hemmesini ýadymdan çykarmaga çalşaryn. Onsoň ol ýene-de öňküsi ýaly naşyja ellerini maňa tarap uzadyp:”Utuldyň!” diýip gygyrar. Kim bilýär, belkem, bu zatlaryň hemmesi “ýitirmek diýilýän zadyň aslynda mümkin däldigi” üçin hiç haçan ýadymdan çykmaz. Ýöne şonda-da, aňymda onuň gözleriniň şatlykdan agyp-dönüp duran görnüşde şöhlelenmegi üçin ýatlamalary gitdigiçe azaldaryn, sebäbi ýatlamalar bilen söýüp bolanok ahyryn.

Bägül ATAÝEWA


4 лайков 134 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
09 сен 2023, 11:47
Gaty gowy hekaýa berekella üstünlik
OrazMuhammet Aşyrow
09 сен 2023, 12:38
Şeýle duýgular esasynda ýazylan zatlary okamak ýakymly. Liriki gahrymanymyzyň ol gyzy soýýändigini haçanda aýrylyşansoň düşünendigi biraz gynandyrdy köpürägem oýlandyrdy. Kimdir birini söýülýän adamy söýmek hömanam däl eger ony iň ýakyn adamyň ýaly alada edýän bolsaň, nähilidir bir zatjyklar bilen begendirýän bolsaň. Umuman söýgi diňe gowy görmek, küýsemek däl ahyryn..
Azasan.?
10 сен 2023, 12:11
Bu hekaya mana birini yatlatdy. Gaty gowy hekaya.
bahryalniz prenses
10 сен 2023, 22:19
ayrylysanyndan son soyyanini bilmegin kime peydasy ba