"Gitme"

Men seni hiç, unutmaryn öýdüpdim,
Aslynda unutmak kyn dälem eken.
Seniň üçin gör, näçe wagt köýüpdirn,
Wagt hemmesini bejerýän eken.

Baglar unudypdyr ýapragyn güýzde,
Ýollar unudypdyr geçen öwrümin.
Kä-te asla undulmajak zatlaram,
Wagt geçse kiçeldipdir göwrümin.

Unutdym men undylmajak zatlary,
Agladym-eňredim unudyp bilmän.
Göwnüm degilen sözlere berlip,
Süýjisiniñ kalby diljegni bilmän...

Wagty gelse undulmaly söýgiler,
Wagty gelse undulmaly gaýgylar.
Ýöne hemmesini unutmalyň biz,
Unutmalyň çyndan berilen lebiz.

Unutdym men undulmajak zatlary,
Unutmasak bu durmuşda ýok many.
Geçmişimiz ajylardan dolsa-da,
Unutmalyň ol dünýäni imany...

Atamyrat.P
1 лайков 121 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
14 сен 2023, 16:56
berekella gowy goşgy üstünlik
hhGenial
14 сен 2023, 20:50
Gowy goşgy üstünlik
Myrat
Автор 14 сен 2023, 22:10
Genial,
Sagbol
Myrat
Автор 14 сен 2023, 22:10
Sabyrly,
Minnetdar!
Oglan
15 сен 2023, 01:21
Biz esasan undulmajak ýatlamalaň esasynda geljekki gazanjak ýatlamalammyzy seljerýäs. Olar bize daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Adam şeýdip kämilleşýär, şeýdip özgerýär. Durmuşda başdaky durşundan özgermeýän adam ýok. Bizi durmuş özümiz bilmesizden özgertýär.