“Ýyllar kem-kem unutdyrýar keşbiňi...”

Iňrik gözýetimi gizländir bu çak,
Wadaly ýerlere bagryn berip Aý.
Aýralygy bulut deýin parçalap,
Indi bize sataşma ýok, ynanaý!

Azaşyldy dünýäň gündizliginde,
Degme, syrlam şemim bilen tütesin.
Gözläp senli günlem sensizligimden,
Gidenleň yzyndan gelýär gidesim.

Ýyllar kem-kem unutdyrýar keşbiňi,
Neçün göge ýetişmedi dilegim?!
Dyzyn sypjyrdanda büdrän yşkymyz,
Nirede döküldi erän ýüregim?!

Ynanmaz ynamym, menem seňki däl,
Gelmek hakda arzuw etdiň, gelmediň.
Nirde galdy sygyndygmyz ýagşy päl,
Çat açan menzili sepläp bilmedim.

Indem arzuwlaryn çar ýan dagadyp,
Bu oturan men däl, boşan ýalňyzlyk.
Söýmänmidik?!
Onda neçün agladyk?!
Sebäp, bizden rüstem geldi aýralyk.



Aknur ROZYÝEWA
6 лайков 187 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Azasdym.
03 окт 2023, 20:16
Yarady sag bolun agam.
Pegas
Автор 03 окт 2023, 21:02
Rigel
Salam. Pegas kaka haýyşt bardy. Mowzugyňyza degişli däl teswir ýazanym üçinem bagyşlaň. 6njy oktýabra degişli makala hemem ikije bent goşgy tapyp bolmazmyka?

Salam. Bilmedim-dä. Mende-hä ýok.
Гость
03 окт 2023, 22:06
Ady gowy eken
Süleýman
04 окт 2023, 10:32
berekella üýtgeşik goşgy ýetirenňize sagboluň
OrazMuhammet Aşyrow
04 окт 2023, 23:33
Käte sebäpsiz aýrylýaň, käte aýralyk kim üçindir golaý bolýar...