Seresap bol gözlerimden!

Seresap bol gözlerimden
Owadandyr aldap biler
Sähelçe göwnüme degseň
Ýalňyzlykda aglap biler

Geçme menden aldasam-da
Bagyşla her ýalanymy
Bilseň-de sen bilmedik bol
Ýogsam görsiň gazabymy

Elden berme her pursaty
Begendir sowgatlar bilen
Iň ajaýyp güne öwür
Ýene gaýtala bir ömür

Çemen bogsaň meniň üçin
Gül alaýyn elleriňden
Bakma beýdip içgin-içgin
Seresap bol gözlerimden

03.10.2023ý
8 лайков 226 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Belki
04 окт 2023, 06:19
Owadan diýerçe bar (gözleriñe) . Tüweleme!
Süleýman
04 окт 2023, 10:23
gowy goşgy haladym üstünlik!
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 04 окт 2023, 10:52
Belki,
siziň dile çeperligiňizi gowy görýän)
Belki
04 окт 2023, 10:58
Sen goşgy ýazmasañam bolar. Sebäbi özüñ goşgy )
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 04 окт 2023, 11:14
Beýbä???‍♀️, beýle sözleri oglanlardanam eşitmändim
Belki
04 окт 2023, 15:23
Aýgül Ýazweliýewa, bul aýdýanyñ-a ynandyryjy däl )
Ak-sary
04 окт 2023, 19:38
Eý way .bulary
Гость
04 окт 2023, 20:43
Belki,
Aýgül Ýazweliýewa,
Menem öwüň cilimkesh
Belki
04 окт 2023, 22:01
Gost, aýalyñ öwsün )
OrazMuhammet Aşyrow
04 окт 2023, 23:28
Goşgydaky şertler berjaý edilse, ýoluň ahyryna çenli bile bolunjagyna kepillik barmyka? Menimçe ýok, sebäbi söýeniň gadry bolmaz...
Aýgül Ýazweliýewa
Автор 05 окт 2023, 01:04
berjaý edip bilmezle
205161
05 окт 2023, 12:27
Goşgyň adyny okap "bu gyzyň gözi degegenmika?" diýip pikir etdimä ?
205161
05 окт 2023, 12:27
Aýgül Ýazweliýewa
Belki,
siziň dile çeperligiňizi gowy görýän)

Manipulýasiýada ökdedir bu :)
205161
05 окт 2023, 12:28
Belki
Sen goşgy ýazmasañam bolar. Sebäbi özüñ goşgy )

Şuny özümiň diýmedigme görüp damarym oýanýada :)
Belki
06 окт 2023, 17:49
205161, öñem bilýän-ä göripdigiñi )