SAÑA ÝAZAN HATLARYM
Durkum bilen dolup daşan pursatym, halym sorap garşymda-da durmadyñ. Kysmat gyssap gysajyna salanda, zeýrenjeñlik boýnun burup gelende, duýgy-düşünjämiñ howsalasyna urunýan kalp tarynyñ iñleýşinem duýmadyñ. Ýa duýsañam, öwran-öwran synadyñ?! Indi saña garaşmaga ýok halym, õzüm barýaryn, galmady hiç kararym. Ýola düşsem, jan ýoldaşym - kitaplar. Olaryñ ählisinde seniñ adyñ bar, meni ýola salan heser oduñ bar. Ol kitaplar maña bolan garaýşyñdan ybarat, şübhäm ýokdur, sõzleriñe pikirleriñe şaýat. Kitaplarym ýanymda - men seniñ ýanyña ýetmek üçin ýol azygymy tutdum, meniñ ýol azygym - seniñ adyñ ýazylgy kitaplarymdyr...
* * *
Ynsanyñ bir geñ häsiýeti bolýar: Haýsy bir zatdan õz häsiýetine meñzeşligi, öz islegini kanagatlandyrýan alamaty tapyp bilse, oña imrinýär, ony õzüne ýakyn tutýar, hemrasyna öwürýär. Aram-aram oña sataşmak islegi köwsarlap ugranda dünýäniñ iñ rahat künjeginiñ hut şonuñ ýanydygyna göz ýetirýär. Onuñ bilen gabatlaşmagy bolsa kalbynyñ galagoplugyny peseldýär, ünji-aladasyna teselli berýär-de, ruhuny tämizläp göwnüni galkyndyrýar. Ynsan şeýle täsirlenmäniñ döremegine itergi berýän gudratyñ alamatlaryny bir ýandan pynhanlygynam saklasy gelýär, ýöne kalbynyñ rahatlygyna öwrülip başga hiç ýerde tapyp bolmajak ýürekdeşlik duýgusy bilen ýaşaýyşyñ hasratyndan sogrup alýan syrdaşynyñ barlygyna göwnü joşup ony gözleriniñ nury bilen ezizläp, kalbynyñ owazy bilen hüwdüläp oturşyna onuñ şanyna taryp ediji sözleriñ birin-birin diline düzülip ugranynam duýman galýar. Ana, şol ýagdaýam ynsanyñ gizlin hakykatyny - nämäniñ oña ruhy ganat berip, zybanyny şirin sözler bilen bezäp, dolup-daşyp dillenmegine ylham berýändiginiñ syryny äşgär edýär.
Gyzylgül TAGANGYLYJOWA

11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.