Gurbannazar Ezizowyň aýaly Hally ejä ýazan haty

Salam, Hally!

 Hatyň gelmänkä birdim, emma gelensoň iki boldum: birim-ä oturyp şu haty ýazýar, ikinjimem çagalaň arasynda gezip ýör: Sähragül: “Hany getiren sowgadyň?” diýýär weli, ikinji: “Sowgat getirmeli Ýalta şäherinde ýapyrylyp (ýazyp) ýatyr” diýýär. Sähragülüň bu zatlara düşünjek gümany barmy?! Ýüzüni turşardyp, beýleki tama gidýär.

  Seniň beýle hatlary ýazyp bilýäniňi bilen bolsam, men ýörite hat ýazyşmak üçin, üç-dört aýlap öýden gitmäge razy bolardym.

 Saglygyňyzy eşidip, gaty begendim. Atasy üçin çagalaryň hemmesem-ä gowudyr weli, ýöne şu Sährany hasam gowy görýänmi, nämemi, biçak göresim gelýär. Wagt tapyp, suratyny aldyryp iberseň-ä, gaty gowy bolardy. Dördüsiniňkinem iberseň-ä, oňa ýetesi zat ýok.

 Sen o taýda howa sowuk diýipsiň. Bu ýerler-ä jennet. Gyş diýjeksiň weli, baglar göm-gök. Işleýşim erbet däl, 250 000 000-ny (poema) gutardym... Sahna eseri agyr düşýär. Uzyn gün oturyp, bir görnüşini ýazýan, ertesem ýolbaşçym üçin ony rusça geçirýän. Edil bir wagtyň özünde iki eser ýazan ýaly.

 Kakamyň haty geldi. Içinde Ýazgül janyň haty bar ekeni...

 Ýogsa-da, bärdäki 50-ä golaý adamyň içinde (iň garrysynyň ertir 70 ýaşy dolýar, iň ýaşynyň, ýagny meniň 1-nji martda 34 ýaşym dolýar) men iň köpçagalysy.

 Hawa, martyň 2-ne maslahat jemlenýär...

 Hatyňyza garaşýan.

 Gurbannazar.

 1974 ýyl.
9 лайков 220 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Azasdym.
07 окт 2023, 10:05
Agam sonda G.Ezizowyn ayaly nirik giden bolya name un ayry olar.
Garlawaç
07 окт 2023, 10:37
Seniň beýle hatlary ýazyp bilýäniňi bilen bolsam, men ýörite hat ýazyşmak üçin, üç-dört aýlap öýden gitmäge razy bolardym.

Duýguly.
Pegas
Автор 07 окт 2023, 11:20
Azasdym.
Agam sonda G.Ezizowyn ayaly nirik giden bolya name un ayry olar.

Ezizowyň özi komandirowka gidýär.
Maksat
07 окт 2023, 15:40
Iki üç aý çagalardan aýry bolsañ içinde birini has göresiñ gelýän eken bolmasa bu wagta telefonda gürleşip bolýram welin.
kone natanysh
07 окт 2023, 16:56
Tüweleme, owadan gelneje eken
OrazMuhammet Aşyrow
07 окт 2023, 22:09
Öz aýalyna beýle salyhatly gözel duýguly ýürekden syzdyryp hat ýazyp bilen adama näme diýjegimem bilemok, beýle edepli söýgüni, gizlin mähiri göterip ýören ýürek başga barmyka ýer ýüzinde. Ýaşap ýöreniňe görä şeýdip söýmegi başaraýsaň. Kalbymy şeýlebir kirli duýan şu wagt...