Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy?

Bu gelen bagtymmy ýa-da baharmy?
Dolanmakmy geçip giden ýazlarma?
Ala gözlim, bakyp beýle gaharly,
Ýatlamalar üçin meni beýle ýazgarma!

Geçen hoş gün gaýtalanyp köňülde,
Alsa meni seniň söýgiň elinden,
Gyýylma biz bagty görmän geçsegem,
Geçmeris oň hesretiniň deňinden.

Bahar gaýtalanar, bagt gaýtalanmaz,
Gaýtalansa diňe düýşde görner ol.
Sebäp bagtam edil şowakör ýaly -
Öz gözleýän adamsyny görmez ol.

Özümi undamda ýatlama berlip,
Senem unudýaryn, meni bagyşla!
Bu dünýäde meniň bagtym barmy nä,
Ýatlamadan başga hem senden başga?!

Atamyrat Atabaýewiň
,, Gumsagat"
2 лайков 158 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Garlawaç
Автор 07 окт 2023, 10:04
Ondan-mundan...
Meniň ýazanlarymyň, öz durmuşymmy, başymdan geçenmi ya geçýändigi gyzykly bolup biler. Men duýgyçyl adam. Käbir zatlardan ansatlyk bilen täsirlenip bilýän. Şu sebäpli köp ynsanda has ýygy-ýygydan gabat gelýän duýgylary siz bilen paylaşmagy gowy görýän.

Men egoist ynsan däl. Egoistler söýgi we sarpany özleri bilen paylaşmazlar. Paylaşsalaram garşysyndaky ynsanlara belli etmezler. Şu duýgyçyllyk sebäpli, ynsan köplenç yitirýär. Duýgymyzy aýan edenimizde haýsymyz gazandyk diysene?

Kiçijek zada öýkeleýän göwnümde harasat turanok hoşlaşyk üçin. Dine dymýan. Bolup geçýän zatlary synlamak bilen çäklenýän. Energiýamy ýalan we degmejek zatlar üçin sarp etmegem islämok. Önem aýdyşym ýaly, öldürmeýän agyry, ynsany has güýçlendirýär.

İne bu günem her gün bolşy ýaly asuda garaňky gijeler,
dymyşlyk, yöne näme üçindir meniň ýüregimde harasatdyr tupan möwç alýar. Hemişe özüme berýän soragymy, islemesemde bu günem özüme gönükdirdim. Sorag näme diýýäňmi?!
Sorag şeýle: " Men her näçe erkin, asuda durmuşda
ýaşasamam, bagtly däl. Näme üçin?" Hudaýa şükür janym sag, maşgalam abat, ýaşaýsymyz gowy..
Garlawaç
Автор 07 окт 2023, 10:05
Men pikirimçe sebäbi, birnäçe adamlaryň bagt diýip atlandyryan, durmuşlarynyň merkezinde saklayan adamlary mende yok. Edil, ol bolmadygy üçin özümi bagtsyz hasaplamok diýmegem birhiliräkdir, düşünýän. Emma name üçindir, içimdäki sesi ýatyryp (goydurup) bilemok. Göwnüm ýaly göwünli, pikirlerim ýaly pikirli adam isleýän durmuşymda. Kän däl, bary-yogy ýekeje adam. Şol adam bilen gije diýmän, gündiz diýmän içimizi döksek biri-birimize, azuwlar äleminde bileje syýahat etsek...

Bir güýz gijesi üşän wagtym başymy goýar ýaly bir döş, ol döşün içinde dine meň adymyň sazy bilen atan yürek isleýän. Söyen erkegimiň teniniň her santimetrinde dine öz ysymyň höküm sürmegini isleýän. Gije sagat näçe bolsa bolsun, içimdäki derdimi aglaya-aglaýa aýdyp biljegim, ses tonunda rahatlyk, şatlyk hemem özümden bir bölek bardygyny duýup biljegim bir erkek isleýän. Söýen erkegimin dodagyndan çykan her bir söze, her sözleme iň az özüme ynanyşym ýaly ynanmak isleýän. Gijelerine onsuz başymy ýassyga goýup, gijesiniň rahat bolmagyny dileýän wagtym, mende oňa bolan şübhe bolmazlygyny isleýän. Gujaklamak, birnäçe sagat bile oturyp nurly didelerine bakyp söhbet etmek isleýän. Arkamda gala ýaly durup biljek erkek we men her gezek özümi ýalňyz duyamda, gorkularymda, agyrylarymda, gaharymda, aýralykda şol galada goranmak isleýän....

Bu islegler göräýmäge kän ýaly bolmagy mümkin, emma yerine ýetirip bolmajak derejede kyn islegler däl.

Men käwagt öz dünýämde yitirim bolýaryn, käwagt bolsa bölejiklere bölünip we ol bölejiklerimden täze men döredýärin.Men henizem ýaşaýaryn.
Men özümi başgalara ýetirip bilemok. Şeýle bir kän zady, birnäçe duygulary içimde saklaýan welin, hatda nähili kändigini hem aýdyp bilemok. Bu maňa agyr degýär. Özümden başga zada geçirip bilemok özümi. Men ýalan şaglawuklara meňzeýärin. Özüme akýaryn we özümi doldurýaryn. Özümden gidip, özüme dolanýaryn. Hiç kim bilen aragatnaşyk ýok, ýok...
awtoryny bilemok :-(
Garlawaç
Автор 07 окт 2023, 10:07
Meniň döşümdäki ýürek däl, serwim,
Ýok, ol şygryýetiň şänigi eken.
Bakylygyň meniň gursagma eken
Gämigi eken.

Ony seniň söýgiň bilen oýaryp,
Suwardym gözümden akan ýaşa men.
Doýurdym men ony şatlygym bilen
Hem seniň al ýaňak ýaşlygyň bilen.

Iýdirdim men oňa çeken külpetim,
Gökden toýnuk gurup öten durnalaň
Ýelginine onuň ýüzün ýelpedim,
Meň ýüregim—şygryýetiň tohumy

Hem seniň ýaz ýaly yşgyň salnan gap.
Maňzy şine urup dömen şänik deý,
Gabyk deý
ol indi galypdyr boşap...

Nobatguly Rejepow
Garlawaç
Автор 07 окт 2023, 10:13
Sen gideñsoň, şu şäherde
galasym gelmedi
meňem.
Galmady öňküligim –
Üsti-başym eleşan,
Başdan aşak goşgy,
Saçlarym dagynyk,
ýüzümde gamgyn nyşan.
Ellerim jübimde,
Ýeke özüm ygyp ýörün
köçede.
Ýolda duşsaň tanamarsyň.

Gyş sowulmady…
Köçeler dym-dyrs,
Guşlar entek dolanmady.
Adamlary howlukmaç bu şäheriň.
Teatrlar boş,
Köpçülik duralgalar…
Gün-güzeran gaýgysy.
Bir men işsiz entäp ýören,
Gören zadym ýazyp ýörün.

…Bilseň, şo gün sen gideňde
Çak edenim çykmady.
Ne zaryn saz çaldy,
Ne gök titredi.
Taşlap gitdiň “sessizligi”
Ýüregim törüne.
Şindem işsiz,
Hiňlenere
aýdym gözläp ýörün, ine.

© Begençgeldi ORAZOW
Garlawaç
Автор 07 окт 2023, 10:16
SEN DIŇE SEN BOL!

Sen meniň hüwdülerimde, aýdymlarymda ýaşarsyň. Ölersiň it ölen ýaly. Aglarsyň, agy:ňdan gömüler daglar. Meň dünýäme gelersiň. Dünýäm sonarly sähradyr saňa, asmandyr saňa. Onda ýaşarsyň, ýaýnarsyň.
Özüni söýýäne adamjyklaň syrt tarapyny öwürýänem ýadyma. Senem şeýt. Tüýkür ýüzüne tämiz söýgimiň, zorla duýgularymy, yhlasymyň namysyna deg. Unut, ötegçidir bu dem.
Sen diňe sen bol!
Maňa şol ýeter.
....

MAWY-MAWY BULUTLAR

Süründi ak daga mawy-mawy, ynjyk-ynjyk bulutlar. Häý, pökgüjeler, ýatyp galypdyrlar. Sowuk sowlynça gyş uka gitdilermikä ýa?!
Böwrün gyjyklasym geldi çişik bulutlaň, onda-da gülüp-güli-ip gözleri ýaşarar öýtdüm. Olara köke bişirip beresim geldi, goňur-goňur kakaoly. Onda-da güpbe ýadyma düşäýdi köke bişirmegi oňarmaýanlygym.
güldüm özüme eşidilýän gülküm bilen, sesim ak-mawy daglara garyldy gitdi.
birdenem atyn säpjedip ýüzin salyp gitdiler bulutlar... mawy-mawy.

Suraý BABANYÝAZOWA
Süleýman
07 окт 2023, 12:25
Yhlasyňyza haýran örän duýguly setirler ýetirenňize sagboluň
Гость
07 окт 2023, 22:10
Suraýyň döredijiligi birgeňsi. Halaýan ýöne, düşünmesemem )