Mesele-Düşünmek

Käwagt özüme we bolýanlara düşünmeýänligim "Bu menmi?" soragyny özüme bererlik nokada getirýär... Durmuşyma girmek, ýanymda bolmak isleýänleri "soňy ýok araçäklere" salýan we ýenede ýalňyzlygymdan durmuşa şikaýat edýän. Şeýlebir ýadaýan "Seni söýýän" sözlerden ýöne söýgide, söýülmekde tabagyma düşeni diş köwügini dolduryp bilmezlik mukdarda azlygyny düşündirip bilmeýän. Käwagt maňa degişli bolmadyk adamy, özüne degişli adamlardan gysganmak krizimini geçirýän.
Açlygymdan halsyz ýagdaýda bolýan ýöne hiç zady işdäm almaýar. Köpçülikde(ol köpçüligi düşündirmegime ýekeje söz azlyk edýär, oturmaga ýer tapyp bilmeýän köpçüligimde) özümi hiç kimsiz duýýan.
Gün-günden adamlara düşünmäm kynlaşýar. Bu başgalardan tapawutly diýen adamym, gysga wagtyň içinde "Hemmeleşýär". Ýüregimde gülzarlyk döretmegi üçin iň gowy ýeri bagş eden adamym, özine garaňky tussaglykda galmagy laýyk görýär. Meni iň köp onda dynç almagym üçin barýan adamlarym ýadatýar. Iň ýakynym diýýän adamyma içimi dökmegi we söýmegi söýen bu göwnümiň döwüklerini birleşdirmegini isleýän. Emma öňkiden has köpräk zeper ýeten göwnüm bilen yzyma dolanmaga mejbur bolýan. Göwnümiň döwüklerini birleşdirmek islänimde her gezek bir bölek kemlik edýär. Näçe synanyşyklardan soň hem netije şol bir zat bolýar. Ol kemligi edil puzzle oýnundaky ýaly hiç bir bölek bilen dolduryp bilmeýän. Bagtlylykdan asmana uçaýjak adamlary görenimde, edil kiçijik çaga ýaly "Maňada" diýip durmuşdan bagt talap edip aglasym gelýär. Başgalara "Meni menden gowy tanaýan adam" diýip tanyşdyrarlyk adamym bolmagyny isleýän durmuşymda. Synamak üçin "durmuşyndan çykyp gitmek" oýnuny oýnanymda, hat-da gidenimi duýmazlyk derejede kiçijik orunlar tutýanymy ýatladyp, bu oýnuň hakykata öwrülmegine goşant goşýan adamlar däl-de ýitirmekden gorkýan, hakyky söýgini ýasamadan tapawutlandyryp bilýän adam isleýän....we "Gowymyň?" diýen soraga "Gowy" diýip nähili gowy bolunýan bolsa, şol "Gowulardan" şonça-da uzakda bolmak isleýän

Abat Aşyrgeldiýewa
6 лайков 112 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Azasdym.
21 окт 2023, 11:25
Waw by diysen gowy bolupdyr isinizde ustunlik galamynyz yiti bolsun.
Massimus
22 окт 2023, 22:04
Menden şahsy hat gidenok, bagyşlaň! Şu ýere ýazaýyn.
Sag boluň, howwa. Boşrak wagtlam ýazan bolaýýan. Sizem tüweleme, pikir ýöredişiňiz, duýgularyňyzy beýan edişiňiz, esasanam grammatika üns berýäňiz, üstünlik döredijiligiňize!
Abat
Автор 22 окт 2023, 22:30
Massimus, köp sag boluň)
Senyorita.
04 ноя 2023, 13:21
Meňzeş duýgular...
Duýgularyňyzy we pikirleriňizi düşnüklije, tertiplije, gowy beýan edýän ekeniňiz! Üstünlik!