,,Durmuş"
Pully bolsaň galdyrarlar asmana,
Pulsyz bolsaň ýer tapylmaz basmana,
Birden-de tanyşyňa işiň düşse,
Olar bahana taparlar gaçmana.
***
Pul görkezseň adamlar hereketde,
Kim haram-da kim halal bereketde,
Pulsyz ne hormat bar nede dost,
Seni hiçkim galdyrmaz ýykylaňda.
***
Seni söýjeklerem az bolar dostum,
Geler öýtýäňmi seniň hasta wagtyň,
Gelen bolarlar ,,gowymy" sen diýip,
Ýeke ene-atadyr seniň bagtyň.
***
Aglaňda, aglajak bolmaz sen bilen,
Ýeke eneň-ataň aglar sen bilen,
Kynçylykda dost, ýakynam tapdyrmaz,
Hany seň dostlaryň sen diýip gezen.
***
Pulsyz bolsaň herkim gaçar ekeniň,
Hany kömek etjek dostlaryň seniň,
Ýeke gez ýeke doguluşyň ýaly,
Ýaman çykar gowy diýip güleniň.
***
Ýönekeý ýere diýmändirler şuny,
Müň sapar ýelekden geçseňde uny,
Sen herkime gowy diýip oturma,
Şonda-da içinden çykar hapasy.
Pulsyz bolsaň ýer tapylmaz basmana,
Birden-de tanyşyňa işiň düşse,
Olar bahana taparlar gaçmana.
***
Pul görkezseň adamlar hereketde,
Kim haram-da kim halal bereketde,
Pulsyz ne hormat bar nede dost,
Seni hiçkim galdyrmaz ýykylaňda.
***
Seni söýjeklerem az bolar dostum,
Geler öýtýäňmi seniň hasta wagtyň,
Gelen bolarlar ,,gowymy" sen diýip,
Ýeke ene-atadyr seniň bagtyň.
***
Aglaňda, aglajak bolmaz sen bilen,
Ýeke eneň-ataň aglar sen bilen,
Kynçylykda dost, ýakynam tapdyrmaz,
Hany seň dostlaryň sen diýip gezen.
***
Pulsyz bolsaň herkim gaçar ekeniň,
Hany kömek etjek dostlaryň seniň,
Ýeke gez ýeke doguluşyň ýaly,
Ýaman çykar gowy diýip güleniň.
***
Ýönekeý ýere diýmändirler şuny,
Müň sapar ýelekden geçseňde uny,
Sen herkime gowy diýip oturma,
Şonda-da içinden çykar hapasy.
8комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.