Icgepletme....
IÇGEPLETME
Şol öňki seýil bagy... Şol öňkije oturýan ýerimiz... Ýöne bir zat öňküsi ýaly däl. Olam sen…
Edil düýn ýaly ýadymda: gülleriň ysy kükäp duran, guşlaryň saýrak mekany bolan seýil bagyna ilkinji gelşimiz, ýaky-ýakyn oturyşymyz. Ýeke ýylgyryşyň bilen, meniň has-da aljyradyşyň, gülkiň bilen ýüregimi heýjana salyşyň, mähiriň, çala degäýseň akyp gidäýjek ýaly görünýän pagta kimin akja elleriň... Hawa, hemmesi düýn ýaly ýadymda.
Ol wagtlar bahardy. Hoş owazly bilbilleriň seniň gülkiň deý saýrajak bolup başarmaýan, töwerek-daşymyzy gurşap alan hoşboý ysly bägülleriň seniň ysyň bilen bäsleşip bilmeýän wagtlarydy. Biz nähili bagtlydyk. Öten-geçen bize seredişerdi, gabanardylar. Ýöne, bize bir döw-ä çaldy. Gözmi, dilmi... bilmedim.
Emma ýüregimiň töründe eýelän ornuň häli-häzirem hiç kim dolduryp bilenok. Häzirem seni küýsäp şu ýere geldim. Ne bilbil bar eken, ne-de bir bägül. Seýil bagynyň häzirki keşbi meniň göwnüm kybapdy, saýasynda ençeme gezek oturan bagymyz öz şahalaryny mazaly ýeňledipdir, töwerek-daşy durşy bilen sary ýapraklara bürenip ýatyr. Öňler bu ýeri gelim-gidimlidi, häzir bolsa iňläre siňek ýok. Gojaman baglygyň içinde ýekebaşyma Bethoweniň «eliziýasyny» diňläp otyryn. Göz owamda ýaş, seniň ýeriňde bolsa boşluk...
«Bagyşla» diýip, sms ýazsam bagyşlarmyka?» diýip oýlandym. Ikigöwünli boldum. Bilýäňmi? Bu gün howa-da bulutlaşyk eken. Bulutlaram men ýaly, «ýagsammykam, ýagmasammykam?» diýip, ikirjiňlenip oýa batyp otyr. Serlip ýatan sary ýapraklaryň birini aýama aldym. Ol gyzyl bägüliň ýapragyna çalymdaş eken. Şol pursat, hakydamdan hiç ýitmedik, mundan beýlägem ýitmejek seniň bilen baglanyşykly wakalaryň biri göz öňümde janlanyp gitdi.
Ýadyňdadyr-la, şu seýil bagynyň içi bilen nirädir bir ýere barýarkak, örän owadan bolup gögerip oturan gyzyl bägüliň birini ýolup, seniň saçlaryňa dakdym. Şonda sen: «Bagban gynanar ahyryn, özüňe ýene intelligendem diýýäň» diýip, ýuka ýüreklik bilen güli saçyňdan aýyryp, ony ezizlediň. «Gör-ä, eýýäm solup barýa. Wah, edeniň bar bolsun! Öz ýerinde dursa owadandy-da...» diýip, menden gaty gördüň. Seni ynjytmajak bolup, esli wagt bagbana garaşypdyk, ondan ötünç soraýançam sen meniň bilen kelam agyz gepleşmändiň. Wah, indi şol günleri ýatlap, diňe ýylgyryp oňaýýan...
«Şybyr-şybyr-şybyr».
Ýagyşam çisňäp başlady, «eliziýada» tamamlanyp barýar. Henizem kellämde şol bir sorag: «Ýazsammykam, ýazmasammykam?». Ýene içimi hümledýän: «Ýazaýyn-la. Özüm günäli halyma, ilkinji ädimi gyzdan garaşmaýyn». Telefony elime aldym, «Bagyşla» sözüniň «b»-sini ýazanymam şoldy welin, seýil bagynyň gaýraky insizje ýodasyndan seniň keşbiň göründi. Ýüregim jigläp gitdi. Senem bu ýere meni küýsäp geldiňmi diýesim geldi. Ýöne diýip bilmedim. Seni ýanyňda başda biri bardy. Göz owamdaky ýaş ýaňagymdaky ýagyş damjalaryna garylyp gitdi, «b» harpyny öçürdim, «eliziýa-da» tamamlandy...
05.11.2023 ý.
Bazar ANNA.

Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.