Ol nämedir
Kerim Hally bilen sorag jogap goşgy
Sorag beren : Jemşit Hajymammedow
Jogap beren: Kerim Hallyýew
Ol nämedir duýgusy bar keşbi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol nämedir şa bolsada köşgi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol imandyr duýgusy bar keşbi ýok
Gursagyma ondan uýmak borjumdur
Älem şasy beýik Allañ köşgi ýok
Keşbin görmän söýmek uýmak borjumdyr
Ol nämedir beýik Käbä deñelýär
Ol nämedir artdygyça kemelýär
Ol nämedir ýüregiñde gömülýär
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Enelermiz söýüp Käbä deñelýär
Ýaşy artdygyça ömri kemelýär
Gidensoñom ýüreklere gömülýär
Togap edip hormat goýmak borjumdyr
Ol nämedir düýn görersiñ shugün ýok
Ol nämedir iýmeseñde garnyñ dok
Ol nämedir keýpi barda aýby ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Adamzatdyr düýn göreniñ şugün ýok
Orazada iýmeseñde garnyñ dok
Ol namazdyr keýpi barda aýby ýok
Mazasyn bäş wagt duýmak borjumdyr
Ol nämedir ýedi yklymy seýil eden
Ol nämedir hiç ýadamaz söýmeden
Ol nämedir gury çöli köl eden
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol Allamdyr ýedi yklymy seýil eden
Hiç ÿadamaz bendesini söýmeden
Islän ýerin bulutsyzam sil eder
Gazabyndan gaça durmak borjumdyr
Soraglañ jogaby öziñe aýan
Kapýa salypsyñ edipsiñ beýan
Menem bilýanlemden artyk bilmeýän
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr
Sorag beren : Jemşit Hajymammedow
Jogap beren: Kerim Hallyýew
Ol nämedir duýgusy bar keşbi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol nämedir şa bolsada köşgi ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol imandyr duýgusy bar keşbi ýok
Gursagyma ondan uýmak borjumdur
Älem şasy beýik Allañ köşgi ýok
Keşbin görmän söýmek uýmak borjumdyr
Ol nämedir beýik Käbä deñelýär
Ol nämedir artdygyça kemelýär
Ol nämedir ýüregiñde gömülýär
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Enelermiz söýüp Käbä deñelýär
Ýaşy artdygyça ömri kemelýär
Gidensoñom ýüreklere gömülýär
Togap edip hormat goýmak borjumdyr
Ol nämedir düýn görersiñ shugün ýok
Ol nämedir iýmeseñde garnyñ dok
Ol nämedir keýpi barda aýby ýok
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Adamzatdyr düýn göreniñ şugün ýok
Orazada iýmeseñde garnyñ dok
Ol namazdyr keýpi barda aýby ýok
Mazasyn bäş wagt duýmak borjumdyr
Ol nämedir ýedi yklymy seýil eden
Ol nämedir hiç ýadamaz söýmeden
Ol nämedir gury çöli köl eden
Şahyr bolsañ jogap bermek borjuñdyr
Ol Allamdyr ýedi yklymy seýil eden
Hiç ÿadamaz bendesini söýmeden
Islän ýerin bulutsyzam sil eder
Gazabyndan gaça durmak borjumdyr
Soraglañ jogaby öziñe aýan
Kapýa salypsyñ edipsiñ beýan
Menem bilýanlemden artyk bilmeýän
Düşünşimçe jogap bermek borjumdyr
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.