Bizem Pylany şahyr bilen aýdyşdyk
Sowal:
— O nämedir, ajygaňda iýmeli?
O nämedir, adam bolsaň geýmeli?
Kimdir, başy telpekli däl, öýmeli,
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Ol çörekdir, ajygaňda iýmeli,
Ol eşikdir, adam bolsaň geýmeli.
Aýallardyr, telpekli däl, öýmeli,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Sowal:
— Ol nämedir, gündiz-ä bar, gije ýok?
O nämedir, sowup ýörseň üýşenok?
Kimleň edarada dynç gün işi ýok?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Gökdäki Gün gündiz bar-da, gije ýok,
Ol manatdyr, sowup ýörseň üýşenok,
Işgärleriň dynç gününde işi ýok,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Sowal:
— Ol nämedir, “mýaw”-laman, üýrýändir?
Ol nämedir, kowalasaň, jyrýandyr?
Ol nämedir, çapanokdyr, orýandyr?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Ol güjükdir, “mýaw”-laman, üýrýändir,
Ol pişikdir, kowalasaň, jyrýandyr,
Ol orakdyr, çapanokdyr, orýandyr,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
— O nämedir, ajygaňda iýmeli?
O nämedir, adam bolsaň geýmeli?
Kimdir, başy telpekli däl, öýmeli,
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Ol çörekdir, ajygaňda iýmeli,
Ol eşikdir, adam bolsaň geýmeli.
Aýallardyr, telpekli däl, öýmeli,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Sowal:
— Ol nämedir, gündiz-ä bar, gije ýok?
O nämedir, sowup ýörseň üýşenok?
Kimleň edarada dynç gün işi ýok?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Gökdäki Gün gündiz bar-da, gije ýok,
Ol manatdyr, sowup ýörseň üýşenok,
Işgärleriň dynç gününde işi ýok,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
Sowal:
— Ol nämedir, “mýaw”-laman, üýrýändir?
Ol nämedir, kowalasaň, jyrýandyr?
Ol nämedir, çapanokdyr, orýandyr?
Şahyr bolsaň, jogap bermek borjuňdyr.
Jogap:
— Ol güjükdir, “mýaw”-laman, üýrýändir,
Ol pişikdir, kowalasaň, jyrýandyr,
Ol orakdyr, çapanokdyr, orýandyr,
Başarşymça jogap bermek borjumdyr.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.