PURYJA
Ýene “Çopan ata” gonamçylygy...
Ýere siňip ýatan solgun mazarlar...
Ýene kellagyry...
Eýmenç çakyza.
Synamy gaplady ynjy-azarlar.
Içgysgynç ümsümlik...
Janly-jandar ýok,
Ýumlugypdyr bir ýan aýgyr pişikler.
Ölüpdir ynsanlyk,
Ölüpdir ynsap,
Çyn söýgiň jürüni dikipdirler-ä!
Bir-birden söndürip umyt ýalkymyn,
Brunony daňyp agaç sütüne,
Ýakyşlary ýaly ýakypdyrlar-a...
Kesilipdir mundan alty ýyl owal
Sosnanyň düýbünden şildiräp akan
suwlar...
Indi dodak öllemäge-de
Satyn alyp içýän bir owurt suwy.
Kepäp ýatyr şehit edilen Aral,
Bireýýäm gyryldy ördegi, guwy...
“Ertiriň-ä mundan gowy bolar” diýip,
Ýalandan göwnümi aldamaga-da
Mejalym ýok.
Ejabym ýok...
Ýitipdir.
Kyýamatmy?
Aý, ýok... entek-enteg-ä
Dünýäň puryjasy bara meňzeýär.
Aň gözüňi açsaň görünýär pelle,
Kowlamaga meýdan dara meňzeýär.
Şugulça, akmaga, doga tentege
Döwran dolanypdyr edil şu pille,
Zordan aýlanyp dur dünýäň nepesi,
Sümlen ýaly göýä döşüne gülle,
Için tutup ýatyr adamkärçilik.
Oýun ýaly boldy haj parzy, selle...
Boş bolsa-da, ýetik eken ýekesi,
Özünden müň esse göwnühoş kelle!
Dünýäniň galanja puryjasynda
Geýmesem-de günde zer halat, hülle,
Içmesem-de günde gyzyl şeraby,
Gezmezem-de Häzirbegjan, Yragy,
Ýönekeý şahyryň derejesinde
Bolan, boljak ähli nogsanlyklara
Kellagyrydan,
çakyzadan
çetde durup dürli yza-azardan,
Men şu gün arkamda nijeme ýyllap
Hopba bolup gelen bir boş mazardan
Sypyndym-da, çykdym dünýäň giňine.
Agyrylarym gitdi umma,
Göterildi towsa derdim.
Urdum men özümi yşkyň oduna,
Öňde görünse-de dünýäň pellesi,
Semenderiň jany o:tdadyr, o:tda!
Ölerin men o:tdan çykan badyma.
Gumsagat ýöreýär...
Wagt gidip dur.
Ýaýdanmaň wagty däl,
Müddetler çäkli.
Kyýamat daşdadyr,
Ýakyndyr belki...
Bilemok men anygyny o zatlaň.
Bu diňe dünýä däl,
Ikimize-de
Berilen puryja,
Bil şony ilki...
✏Has TÜRKMEN
Ýere siňip ýatan solgun mazarlar...
Ýene kellagyry...
Eýmenç çakyza.
Synamy gaplady ynjy-azarlar.
Içgysgynç ümsümlik...
Janly-jandar ýok,
Ýumlugypdyr bir ýan aýgyr pişikler.
Ölüpdir ynsanlyk,
Ölüpdir ynsap,
Çyn söýgiň jürüni dikipdirler-ä!
Bir-birden söndürip umyt ýalkymyn,
Brunony daňyp agaç sütüne,
Ýakyşlary ýaly ýakypdyrlar-a...
Kesilipdir mundan alty ýyl owal
Sosnanyň düýbünden şildiräp akan
suwlar...
Indi dodak öllemäge-de
Satyn alyp içýän bir owurt suwy.
Kepäp ýatyr şehit edilen Aral,
Bireýýäm gyryldy ördegi, guwy...
“Ertiriň-ä mundan gowy bolar” diýip,
Ýalandan göwnümi aldamaga-da
Mejalym ýok.
Ejabym ýok...
Ýitipdir.
Kyýamatmy?
Aý, ýok... entek-enteg-ä
Dünýäň puryjasy bara meňzeýär.
Aň gözüňi açsaň görünýär pelle,
Kowlamaga meýdan dara meňzeýär.
Şugulça, akmaga, doga tentege
Döwran dolanypdyr edil şu pille,
Zordan aýlanyp dur dünýäň nepesi,
Sümlen ýaly göýä döşüne gülle,
Için tutup ýatyr adamkärçilik.
Oýun ýaly boldy haj parzy, selle...
Boş bolsa-da, ýetik eken ýekesi,
Özünden müň esse göwnühoş kelle!
Dünýäniň galanja puryjasynda
Geýmesem-de günde zer halat, hülle,
Içmesem-de günde gyzyl şeraby,
Gezmezem-de Häzirbegjan, Yragy,
Ýönekeý şahyryň derejesinde
Bolan, boljak ähli nogsanlyklara
Kellagyrydan,
çakyzadan
çetde durup dürli yza-azardan,
Men şu gün arkamda nijeme ýyllap
Hopba bolup gelen bir boş mazardan
Sypyndym-da, çykdym dünýäň giňine.
Agyrylarym gitdi umma,
Göterildi towsa derdim.
Urdum men özümi yşkyň oduna,
Öňde görünse-de dünýäň pellesi,
Semenderiň jany o:tdadyr, o:tda!
Ölerin men o:tdan çykan badyma.
Gumsagat ýöreýär...
Wagt gidip dur.
Ýaýdanmaň wagty däl,
Müddetler çäkli.
Kyýamat daşdadyr,
Ýakyndyr belki...
Bilemok men anygyny o zatlaň.
Bu diňe dünýä däl,
Ikimize-de
Berilen puryja,
Bil şony ilki...
✏Has TÜRKMEN
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.