Goşgy

Dünýe saňa soragym bar
Sen çyndanam ýalançymy
Köp gördüm men eljiredip,
Soňam menden ar alşyňy

Eden süýji arzuwlarmyň
Baryn püçege çykardyň.
Käte saldyň ýerzemine
Käte üçege çykardyň.

Gün dek dogan ýaşlygymy,
Seň goýnuňda ötürdüm.
Yşga düşdüm, söýdüm, ýandym,
Başyma hasrat getirdiň.

Bir otdan, bir suwa saldyň,
Gülleň bilen beýhuş etdiň.
Kä duşuryp mertler bilen,
Namarlara-da duş etdiň.

Doňdyryp sen aňzaklarda,
Gazanyňda bişirdiň.
Käte zyňdyň taşlap meni,
Kä goldap tutdyň goşardan.

Näçe dözseňde çydadym
Jepalarňa döz gelen men.
Sen ýalançy bolsaňam,
Hakykatda özgeren men.

ÝUSUP MEREDOW
2 лайков 53 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Süleýman
07 дек 2023, 17:37
barmyň sen ýitip gitdiňä
Oglan
Автор 11 дек 2023, 20:49
Hasratly ýürek,
Hawa bar ka wagt?