Habaryñ barmy?
Bu gamgyn göwnümi öz-özüm şatlap
Sensiz däl-de senli günlere ätläp
Ýalñyzlykda şu wagt bir seni ýatlap
Goşgy ýazýanymdan habaryñ barmy?
Señ mähriñi küýsäp ýaşlap gözümi
Arman galmaz görsem birje ýüzüñi
Dogry bakyp aýdan"Söýýän!" sözüñi
Aýap ýörenimden habaryñ barmy?!
Gussañ nämedigin bilmezdim asla
Emma söýgi derdi eýledi hassa
Ýykylan göwnüme gözläp men ussa
Tapman gezenimden habaryñ barmy
Gelseñ ýaza döner aýazly gyşym
Deñiz deýin daşar kalbymda yşgym
Edil şu pursatda,ine şu goşgyñ
Saña döräninden habaryñ barmy?!
Göýä sen mydama ýanymda ýaly
Eýýäm ýary gije,irdendi häli!
Ikimizi baglan şol täsin ýoly
Yzlap ýörenimden habaryñ barmy?!
Bir gün ykbalyma gelersiñ diýip
Ynanjyñ meýini gursagma guýup.
Beren wadamyza bir özüm uýup
Ýaşap ýörenimden habaryñ barmy?!
Kejirligmi ýeñdim söýgä dyz epip
Seniñ üçiñ arzuw nahalyn ekip.
Ýüregime umyt suwuny sepip
Gezip ýörenimden habaryñ barmy?!
Göz öñümden keşbiñ salgym deý ýitip
Barýarsyñ.Yzyñdan bilemok ýetip.
Bu geçýän günleri yzyna itip
Seni gözlänimden habaryñ barmy
Awtor:Nurekowa Gülnäz
Sensiz däl-de senli günlere ätläp
Ýalñyzlykda şu wagt bir seni ýatlap
Goşgy ýazýanymdan habaryñ barmy?
Señ mähriñi küýsäp ýaşlap gözümi
Arman galmaz görsem birje ýüzüñi
Dogry bakyp aýdan"Söýýän!" sözüñi
Aýap ýörenimden habaryñ barmy?!
Gussañ nämedigin bilmezdim asla
Emma söýgi derdi eýledi hassa
Ýykylan göwnüme gözläp men ussa
Tapman gezenimden habaryñ barmy
Gelseñ ýaza döner aýazly gyşym
Deñiz deýin daşar kalbymda yşgym
Edil şu pursatda,ine şu goşgyñ
Saña döräninden habaryñ barmy?!
Göýä sen mydama ýanymda ýaly
Eýýäm ýary gije,irdendi häli!
Ikimizi baglan şol täsin ýoly
Yzlap ýörenimden habaryñ barmy?!
Bir gün ykbalyma gelersiñ diýip
Ynanjyñ meýini gursagma guýup.
Beren wadamyza bir özüm uýup
Ýaşap ýörenimden habaryñ barmy?!
Kejirligmi ýeñdim söýgä dyz epip
Seniñ üçiñ arzuw nahalyn ekip.
Ýüregime umyt suwuny sepip
Gezip ýörenimden habaryñ barmy?!
Göz öñümden keşbiñ salgym deý ýitip
Barýarsyñ.Yzyñdan bilemok ýetip.
Bu geçýän günleri yzyna itip
Seni gözlänimden habaryñ barmy
Awtor:Nurekowa Gülnäz
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.