Öý ruhynyň gündeligi. (Soňy)
Öý ruhunyň gündeliginden fragment:
1-nji mart
Duşuşyga gidip geldik. Tokaý ruhy bilen gepleşdim. Bedeninde mohlar ösüp gidipdir, ýöne erbet oglana däl eken, maýmyna meňzeşräk. Pişik tokaýdan bir çöp süýräp getirdi. Oňa jadyly taýajyk diýýär we islese biziň hemmämizi gurbagalara öwürjekligini, girdenegi bolsa – fikusa öwrüp biljekligini aýdýar. Halk geçen ömründe eýýam gurbaga bolanlygyn aýtdy, pişikden ony ördekburuna öwürmegini haýyş edip otyr şu wagt. Umuman, ýagdaýlar erbet däl. Dynjymy alaýyn, tüsse çykaryň içinde.
Tokaý ruhunyň gündeliginden fragment:
1-nji mart.
Duşuşyga gitdik, tanyşyp geldik. Aýy ähli malinany zaýalady, sözüň ähli manysynda. Janpenamyş, gutarylmadyk sekýuriti... Öý ruhunyň pişiginiň umuman guduzly bolmagy ahmal. Umumy alanda erbet oglanlar däl eken. Gideýin, samyrlara çüý eltip berebin. Haçan gutararka şularyň remonty...
Pişigiň gündeliginden fragment:
1-nji mart.
...halynyň üstünemi? A mümkin diwana? Ýoook... 3 litrlik banka onda! Ýok, olam bolmaz. O! Fikusyň düýbüne! Dogry! Hem dökün bolar!
***
2-nji mart.
Halka tokaý ruhy bilen bolan duşuşygymyz barada aýdyp berdim. Gürrüňe gyzyp girdenegiň ýanymda aýlanyp ýöreninem duýmandyryn. Girdenek aýnadan çykyp gitdi gorkusyna, hat-da aýnaň öňünde duran ullakan güle-de degmedi. Halk güle seretdi we dünýäde hakykatdanam gudratyň barlygyny aýtdy.
3-nji mart.
Ine, biziň öýümize-de bela geldi. Bikäm «Великолепный век» serialyna oturdy mäkäm. Ýanyna baryp susagyň nirededigini soradym. Çepden ikinji ýaşikde diýip jogap berdi we päsgel bermezligimi sorady. Indi ruhany çagyrmak gezegi meňki öýdýän.
5-nji mart.
Pişik ýapyk işiklerden öler ýaly gorkýanlygyny aýtdy. Oňa işigi açyp berdim. Ondan soň ol bosagada oturmagy gowy görýänligini aýtdy. Ýapdym. Ol ýene-de ýapyk işiklerden öler ýaly gorkýanlygyny aýtdy. Halk Geýzenbergiň nätakyklyk prinsipiniň nazaryýetinden çen tutsaň... Umuman men ýene astralda. Wasserman bärde oboý ýelmäp ýör.
6-njy mart.
Towşan geldi, Tokaý ruhy üçin suharik bilen içer ýaly birzatlar ber diýdi. Berip goýberdim elbetde, ýöne içki duýgym meniň lygymy aýdýar...
7-nji mart.
Girdenek bikäme selfi düşmegi teklip etdi. Pişik bilen öýden çykmagy makul bildik, her zat bolup biler...
8-nji mart.
Halkara zenanlar güni. Pişigi gutladym. Gepleşenok meň bilen ýene. Girdenek bikäme perforator sowgat etdi. 23-nji fewrala alan sowgadyndan çen tutsaň hak etdi. Bikäm oňa Zenenlaryň içki eşikleri magazini üçin 100 $-lyk kupon sowgat edipdi.
10-njy mart.
Tok edaradan geldiler. Elektrikleriň biri maňa fonaryny tutup yrsarap dur, registrasiýamy soraýar. Halk oňa – bularyň hemmesi özümiziňki bro – diýdi. Geň göräýmeli, bu güjük meni öz tanyşlary bilen haýran galdyrýar.
11-nji mart.
“Hatikony” gördük oturyp. Pişik oda benzin guýýar, gynançly aýdym aýdyp. Bikäm banýada burnuny çekip aýlanyp ýör, girdenek oňa ünsem berenok, kuhnýada gäwüşäp otyr göwni bir ýaly. Ýüreksiz diýse! Gözle-de ýör indi jorabyň ikinji taýyny.
13-nji mart.
Merhum babanyň ruhy geldi, “Nemesler nirede?” diýip sorady-da tokaýa tarap ylgap gitdi. Geňem görjek däldim weli, bir sagatdan nemesler geldi-de “Baba nirede?” diýip soradylar. Pişik olara başardygyndan orta barmagyny görkezdi-de Nýunbergi salgy berdi. Başga hiç kimem gelenok.
14-nji mart.
Pişik goşgy düzüpdir, okap berdi. Halk ony diňläp – erbet däl, ýöne stilistikanyň üstünde işlemeli – diýdi. Men hemişekiler ýaly gysgaça jogap berdim, onuň goşgusyny birje söz bilen häsiýetlendirdim, pişik ol sözi derrew halynyň üstünde materializirledi. Munuň üçin bikämden depgi iýdi. Ine, şeýleräk bolýa şahyryň ölümi. Otyr indem gorkup, Sibire bir sürgün etmezmikäler diýýär...
15-nji mart.
Agşamlyk pişik bilen ýyldyzlara seretdik we bakylyk hakda gürrüňleşdik. Has dogrusy, “Ýyldyzlar buzda” programmasyny gördük we ŽKH-nyň bahalary barada gürleşdik.
16-njy mart.
Girdenek pişik bilen oýnajak bolýar, pişigiň nastroýeniýasy ýok. Şonuň üçin ol girdenegiň eşiklerini dyrmalap ýyrtyp çykdy. Dogry, ýyrtyk eşikler häzir modada.
18-nji mart.
Gizlen peçek oýnadyk. Halk hindiçe bir zatlar-a diýdi-de gözden ýitdi. Soň ony astraldan tapdym. Ýogsa-da, Wasserman eýýam potologyny reňkläp bolupdyr.
19-njy mart.
Bikäm pişigi suwa düşürdi. Ine, şeýleräk. Baýramçylyk bara-da özi hem bilmän pişik wodolazlaryň gününi belledi. Indi biziň barsymyz pejiň ýanynda otyr we deňizdäkileriň ykbaly üçin içýär. Halkam suwa düşürdiler. Titräp geldi-de - ýene birazajyk bolsa men ölerdim – diýdi.
21-nji mart.
Merhum babanyň ruhy tokaýdan dolanyp geldi. Tanky nirede parkowka edip boljagyny sorady. Goňşularyň işigine goýaý diýdim, otlap bilmän dur şu wagt.
23-nji mart.
Halk bilen Darwiniň teoriýasy barada jedelleşdik. Adamlar-a düşnükli, maýmynlardan gelip çykypdyr. Meselem, girdenek – martyşkadan. Meniňem ýagdaýym düşnükli, öý ruhlarynyň ata-babalary gowak adamlary. Ýöne pişikler nireden gelip çykdy – ine sorag. Pişigiň özünden soradyk. Meni kapustadan tapypdyrlar diýdi. Göwnüme bolmasa ol dogrysyny aýdýar öýdýän...
24-nji mart
Kuzmiç geldi, bizden demir üçin nažowka, beton üçin buraw we goýunyň bagryny sorady. Pişik Kuzmiçiň maşynynda 3 sany samyry we towşany görenligini aýtdy. Bu wakalaryň arasynda bir baglanyşyg-a bar...
25-nji mart.
Halk dymmaklyga garşy protest edip başlady. Obed wagty podwala ýykylypdyr. Ol ýerden sesiniň ýetdiginden karma hakda, biriniň ejesi hakda, girdenegiň egninden ösmeýän elleri hakda bir zatlar gygyrdy. Umuman protest agşama çenli dowam etdi.
27-nji mart.
Içki harby güýçleriniň gününi belledik. Pişik özüniň “Içki güýçlerinden” täzelikde zordan dynanlygy üçin baýramçylygy bellemekden ýüz döndürdi. Ýöne onda-da iç sürüji derman beren bikämiziň şanyna iki gezek içdi.
30-njy mart.
Birigün 1-nji aprel. Gideýin taýýarlanmaga. Bu güni hemme ýadynda saklar!
***
1-nji aprel.
5:45
Bu gün bazar gün. Bolanda näme? Oýanyş işleri adaty reje boýunça geçer. Säheriň kofeden başlamajagyny söz berýän!
6:00
Girdenegi nädip ýüregine düşmän we mylakatly ýol bilen oýaryp bolar diýip pikir etdim. Ahyry onuň üstüne çaga ertekileriniň kitaplar toplumy örülen kitap tekjesini ýykdym. Ähli şertler berjaý edilde. Ýüregine düşemok – islese tursun, islemese ýatybersin. Mylakatlylyk babatda- heý-de dünýäde ähli milletleriň çaga ertekileriniň bary çap edilip gaty daş geýdirilen 1200 sahypalyk kitabyndan gowy zat barmy?
6:10
Pişigi turuzmaga barýarkam bilmän Halky basdym. Öljek bolup ýatyr eken, komadan açyldy. 1-nji apreli bilen gutladym. Eli çaluwly daýza “ýalan çagyryş” üçin pajyny töledim.
6:30
Pişigi kladowkadan tapdym. Üşäpdir öýdýän, peje odun salyp dur eken. Nebsimem agyrdy, janawer. Gideýin, süýt içeýin...
6:35
Wah sen mekir tüýlek syrtly! Süýde gyzyl burç salypdyr. Indi seret edişime! Geňem görümle pejiň ýanynda sümsünip ýörşüni.
8:00
Goňşularymyz OIegowlar geldiler we – Hudaý siziň gapyňyzy kakýar – diýdiler. Eger ol Hudaý bolsa ätiýaç açary hökman bolaýmaly diýdim olara. Eger ýok bolsa-da ol Dostoýewskiý köçesiniň 6-njy jaýynda açar zakaz edip biler. Ýogsa-da, ol ýerde meniň tanyş bir ruhanymyň ýegeni işleýär. Meniň elten müşderilerimden bolsa maňa paý çykarýar. Ine, şeýleräk paranormal simbioz...
9:40
Köşeşmezek merhum baba ýene-de geldi. Bize MMM partiýasyna agza bolmagy teklip etdi. Pişik ony gapa çenli ugratdy, ol ýerde ep-esli wagt bir zatlar pyşyrdaşdylar. Soňra bolsa kuhnýadan iki sany Kitekat alyp onuň eline tutdurdy. Baba soň görünmedi.
13:00
Halk hem bikämizi oýnajak boldy. Ölen bolup ýatdy. Hiç gymyldanok. Rola gaty girip hakykatdanam ölüpdir. Hälem şu Wasserman gowy adam-aý. Onuň ruhuny astraldan getirip gitdi. 2 banka kraska berip goýberdim.
15:45
Pişik internediň şnuryny çeýnedi. Girdenek derrew suw krany bejerdi, köýen lampoçkany çalyşdy we diwara eşik asylýany kakdy. Eger girdenek häzir latogy arassalamasa pişik onuň bokurdagyny çeýnäp latoga derek agzyny ulanjakdygyny aýtdy. Degişýändir-le, 1-nji aprel-ä bu gün.
16:05
Aý, ýok. Oýun etmändir. Häzir damagyna zelýonka çalyp latok arassalap ýör. Şrek Girdenekowiç iş başynda!
18:30
Pişigiň ýadyna tiz wagtdan Pasha baýramynyň gelýäni düşdi. Bu ýyl bellejek däl diýdi. Näme üçin diýip sorajakdym. Ýöne Halk...Ýöne Halk... soramazlygy maslahat berdi. Sebäbi reallygyň ikilenç kabul edilmegi kognitiw dissonansa getirýär – diýdi. Salam Anatoliý! Nädýäň, azalýarmy remont?
19:40
Basgançaga ýag dökdüm. Girdenegiň syrtynyň näçe basgançak sanap biljegine stawka goýmagy teklip etdim.
19:50
Kladowkadan almaly zadym ýadyma düşdi, ýöne ýag dökenim ýadymdan çykdy. 5-nji basgançakdan çüý çykyp dur, 8-njide bolsa gyýçaklar bar. Pişik bolsa – geçilerden gelip çykypdyr, kozýol! Dogru-da, gülmek nämä gerek şu wagt...
21:30
Howa maglumatyny gördük. Meň üçin-ä gyzykly däl. Ýöne tokaý ruhy Týumeniň howasyny bilip beräý diýip haýyş etdi. Oňa nämä gerkkä ol?
22:40
Rusça-iňlisçe sözlük tapdym. Öý ruhy diýmek olaryň dilinde “mele” diýmek eken. Olaryňam öý ruhlary 17-nji asyryň ahyrynda ýuwnup öwrenipdirler öýdýän. Şol losti ýyrtdymda gizledim. Pişik görse gutardy biläý.
23:10
Bikäm - ertir öýe ejem gelýär – diýdi. Ahyrsoňy, Zinedin, garaşýas saňa! Ynanýas saňa! Senden iýmitimizi gizleýäs!
2-nji aprel.
Öýüň içi çalam-çaş bolsa bu bikämiň uzak gije doga okajagyny aňladýar. Eger joraplar öýüň içinde çaşyp ýatan bolsa bu girdenegiň ýene ýerzeminde ýykyljagyny aňladýar. Emma haçan-da öýde iýere zat galmadyk bolsa, bu Zidanyň zamena çykanlygyny aňladýar. Bu iýiji belanyň garşysyna nähili göreşjegimi bilemok hiç. Iýiji bela... başga sözem tapamok men-ä.
3-nji aprel.
Pişik bilen “XXX” ýazgyly kaseta tapdyk. Bu bikämiz, girdenek we Halk hakynda kino diýdim pişige. Onda näme üçin Zinaida Zaharowanyň balagynda “XXXL” ýazgy bar diýip sorady. Näme diýjegimi bilmän şapbat berdim. Gepleşenok.
4-nji aprel.
Şu gün daňdan sagat 5-de Halk ýaşaýyş - deňagramlylygynyň aňryçägine ýetdim we täzeden doguldym - diýdi. Bah, bu Zidanyň beýleki egnine dönüp onuň üstünden düşmegi bilen baglymyka?
6-nji aprel.
Kepderiler her 5 minutdan gelip biderek hatlar getirip başladylar. Halk gaharlanyp poçta spam filtr goýmagy teklip etdi. Hetden aşýar-ow şu güjük...
7-nji aprel.
Pişik Zinaida Zaharowna ýuwunyp durka banýa giripdir ýalňyşyp. - Gözlerim ýarylmandyrmy, ýerindemi – diýip soraýar menden. Men bolsa wannanyň ýarylmagyndan gorkýan.
9-njy aprel.
Girdenegiň dosty geldi. Bu haramzadaň dosty hem bar eken-ä! Olar bilen kuhnýada oturyp näme gürleşýänlerini diňledim... gidip pişikden soraýyn, gulagymdan gan gelenokmy-ka...
11-nji aprel.
Halk bilen «Что? Где? Когда?» gördük. Eger ol programma gatnaşyp bilsedi... ol programmany bireýýam ýapardylar. Manysy näme ol programmanyň onsoň. Olam hiç. Hälem Halkyň Wasserman bilen arasynyň gowy dälligi. Ýogsam olar intellektual terraktlary bilen dünýäni basyp alardylar.
12-nji aprel.
Pişik aýnanyň öňünde otyrdy we adamlar maşgalasynyň magazine giderine garaşýardy. Hemmesi gitdem weli kellesine banka geýdi, “Gitdik” diýip elini bulap ugrady. Maňa birin-ä ýatladýar şu... ýogsa-da bu gün kosmanawtikanyň güni.
14-nji aprel.
Mende şeýle durnukly duýgy peýda boldy: bu peläket tutuş öýüň özüni ýuwutman gitjek däl öýdýän bizden. Pişik ýene şarikleri üçin gorkup başlady, Zidanyň delikatesleri gowy görýänini eşidipdir. Halk bu ýagdaýyň döremeginiň sebäbi hroniki depressiýanyň netijesinde emele nerw bulimiýasy... Bäh, şu wagt Anatoliý şeýle bulaşyk zat aýtsa men nirä düşerkäm?
15-nji aprel.
Baharyň orram-ortasy. Pişige bu güni aýratyn bellemegi teklip etdim. Ol burçda territoriýasyny adatdakydan başgaça, ýürek şekilinde belledi... Bir gün-ä Kuklaçýowa tabşyraryn men seni.
17-nji aprel.
Zinaida Zaharownanyň ýanyna bildirmän baryp gulagyna ýuwaşjadan “Gümüňi çek, garry! Öýuňe gitde perlowka iý!” diýdim. Çeýnemesini haýallatdy, ýöne iýmesini goýanok. Demir aýal...
19-njy aprel.
Bikäm atgulakdan salat etdi. Pişik bilen geljegimiz üçin aladalanýas. Elbetde, biz Zidany söýýäs, ýöne aç ölesimizem gelenok.
21-nji aprel.
Şu gün bilmezlikde aýnada özümi gördüm. Gorkudan ýaňa tas krestitsýa edipdim. Öz daş-keşbime seredip başlamaly... ýa-da aýnany döwmeli. Başga wariant ýok.
22-nji aprel.
Leniniň doglan gününi belledik. Pişik – nädip heýkeliň doglan güni bolýa – diýip sorady. Halk sosializmiň ideologiýasynyň nukdaýnazaryndan seretsek... umuman, Wassermanyň Partiýa biledini gördüm, ýaşajyk eken.
24-nji aprel.
Bikäm iPhone satyn aldy. Satyn aldy! Bir alma we haýsydyr bir Andreý barada gidýän jedeliň dowamynda Pişik Halk bilen ýakalaşdy. Hiç zada düşünmedim, indi olar maňa iRuh diýýärler.
27-nji aprel.
Irden koridorda girdenek bilen gabatlaşdym. Ol “Ertiriňiz haýyrly bolsun, Zinaida Zaharowna” diýdi we kuhnýa geçip gitdi. Men geň galdym diýmek – hiç zat diýmezlik. Aý, ýoklaý... meňzämog-a.
29-njy aprel.
Dom-2 gördük. Telewizor ýandy. Ýa girdenek emelsiz elektrik, ýa-da hakykatdanam bu Hudaýyň işi. Ine şeýleräk ylmy teologiýa.
30-njy aprel.
Tokaý ruhy : “Baýramyňyz bilen! Ertir meňkä geliň!” diýip sms ugratdy. Şeýle-de ederis! Ertir piknige gidýäs.
***
1-nji maý.
8:00
Bahar we Zähmet baýramçylygy ýetip geldi. Ony nädip belleýişlerinden çen tutsak, men oňa Sakyrtgalaryň we Mangalyň baýramy diýip at bererdim. Ýa-da Şaşlyk baýramy.
9:15
Maşgalanyň piknik üçin goşlary ýygnaýşyna seredip durun. Alynýan goşlardan çen tutsaň, olar bu ýyl-a yzyna dolanmak niýetleri ýok.
9:50
Pişik bilen bilelikde Zidandan ekzamen kabul etdik, normatiwleri tabşyrdy.
Darajyk sportiwkany ýyrtman geýmeli. Bolýa, hasap, ýöne sportiwkanyň tikinleri dönükçilikli ses edýär arasynda.
Iýmitleri holodilnikden sumka hiç zat iýmän geçirmek. Garaşylan netije! Normatiw tabşyrylmady.
Aýagyň 40-njy razmerkä 37 razmerli kedany geýmek – söz ýok, ajaýyp tomaşa... Zoluşkanyň uýalary gyrada titreşip çilim çekip durlar.
10:30
Çykdyk. Zinaida Zaharowna ýany bilen peşşelere garşy serişde aldy. Pişik oňa diňe özüni öldürjek bolup ýören peşşeleriň ýa-da buruny aýrylyp dakylýan peşşeleriň çozjagyny aýtdy. Halk haçanda Zidan dogulanda iýmit zynjyry öz manysyny doly ýitirdi we indi ol iýmit spiralyna öwrüldi diýdi.
11:00
Tokaý ruhy söz berişi ýaly biz üçin gowy ýer belläp goýupdyr. Zidan ähli futbol däplerini berjaý edip meýdança çykdy – topragy elläp maňlaýyna çyrşady we bir gysym oty çeýnedi.
12:00
Girdenek oduna girdi we batgalyga batdy. Halk – säherler bärde ýuwaş – diýdi-de pikirli halda uzaklara nazaryny dikdi. Onuň logikasy maňa kä wagt lisenzion ylalaşygy ýatladýar. Hiç zada düşünip bolanok, ýöne razylaşmaly.
12:40
Tokaý ruhy geldi. Baýramymyzy gutlady. Zinaida Zaharownany görüp - Lýusiferi näme üçin oýardyňyz – diýip sorady. Men - oňa at dakma – diýdim. Dogru-da, Lýusifer owadan-ow ondan.
13:55
Girdenek ojaga gaçdy, mis gazanda duran gaýnaga bişdi. Oduň, suwuň, we mis turbalarynyň hemmesinden bir wagtda geçenligi üçin oňa bir agyzdan tüweleme diýdik. Diňe Halk ylalaşmady – ol truba däl-de silindr, bir tarapy başga görnüşe öwrülip gid... Ýogsa-da, Wassermana astraly gulplap goýmagy haýyş etdim.
15:15
Pişigiň ýadyna birden ata-babalarynyň raýondaky iň güýçli awçylar bolany düşdi we ony iş ýüzünde subut etjegini aýtdy. Hakykatdanam subut etdi! Ýöne Halk bilen biz tozgajygyň beýle duýdansyz we agressiw hüjüme garaşmanlygy barada pikir etdik.
16:00
Merhum babanyň ruhy “Parahatçlyk. Zähmet. Maýbah.” Ýazgyly plokaty göterip geldi. Halk bu polkatda ýa “Maýbah” sözüni “Kredite Ford Focus” diýip çalyşmaly, ýa-da Zähmet sözüni goşa dyrnaga almaly diýdi. Pişik özüne Anjelina Joliniň ýaraýanyny aýtdy we agajyň arkasyna geçdi.
16:40
Zidan möhümini bitirmek üçin tokaýa girip gitdi. Şondan soň howa garalyp şemal başlady...
17:00
Eýýam bir sagatdan bäri baba bilen kellämizi döwüp otyrys, Anjelinanyň bu ýerde näme dahyly bar? Men-ä tanaýan weli pişigi, ýöne baba weli aňk-taňk. Dubdan soraýyn diýip gitdi şu wagt.
18:20
Kuzmiç geldi. Zinaida Zaharownanyň nomerini sorady. 6-njy diýdim.
19:00
Zinedin şaşlyk iýip otyrka tötänden şampuryň bir bölegini iýdi. Muny görmediksirän boldular. Ýöne indi hiç kim onuň öňüne elini uzadanok, gözüne seretmäge-de gorkýarlar.
20:10
Bikäm meýdan güllerinden girdenege çemen bogup berdi. Pişik oňa “Söýgüli aýalyňdan” diýip lenta dakmagy teklip etdi. Muny eşidip Halk gülküsinden düwündi we ýene az wagtlyk öldi. Hiç öwrenişip bolanog-aý şunuň hereketlerine.
20:50
Öýe gaýtjak bolýas. Alýumin çemçe we haýsydyr bir poroşok bilen towşan geldi. Ody öçürmezligimizi haýyş etdi. Tokaý ruhuna sms ugratdym. Jogap geldi: “Ody öçür, towşany ýyk, poroşogynam suwa okla!”. Taaak, indi esasy zat – hiç zadyň ýerini çalyşmazlyk...
21:00
Zinaida Zaharowna öçürdi ody. Pişik bu görülen zatdan soň onuň durmuşynyň hiç wagtam öňki ýaly bolmajagyny aýtdy. Towşan - köp zada düşündim – diýdi we işe girmäge gitdi. Halk öz bokurdagyny özi çeýnejek boldy... ehh, Zidan. Suw bilen öçürseňem bolýar-a ody.
21:40
Öýe geldik. Mama duşa dirde we wannada dykylyp galdy. Pişik aýdym aýdýar. Gülüp otyrys. Şerhan! Wanna bilen bile daşa çykdy mama. Pyşbaga Tortilla ýene biz bilen!
22:40
Ýerzeminde elbetde howa çygrak, ýöne bu ýerde ümsmlik. Mamanyň hor çekişi eşidilenok. Howpsuzlyk nukdaý nazardan seredende-de bu ýer gowy. Birden ajygyp turaýsa nä biljek... pikir etmegem gorkunç. Boldy. Ýatýas...
***
2-nji maý.
Bu gün elhenç zat boldy. Suwa düşüp durka Zidan wanna fen gaçyrdy. Elektrik togunyň “Jenaplar, bu ýerde men güýçsüz” diýen pyşyrdysyny eşitdim. Ýoldaşlarymy Om we Amper ýatan gabyrlarynda birazajyk gapdal öwrüldiler.
3-nji maý.
Uzakly gün kelläm agyrdy. Girdenekden derman soradym. Umuman, indi bize iki derman gerek: maňa – kelle agyryňky, girdenege – iç geçmäňki.
4-nji maý.
Ruhany geldi, maňa şokolad getirdi, pişige bolsa – Kitekat. Örän medeniýetli pop eken. Pop medeniýetiniň nusgasy diýseňem boljak.
5-nji maý.
Pişigi görmek üçin wetrinar geldi. Pişik “Dirikäm ýan bermerin” diýip aýnadan bökdi. Weterinar Halky görmeli boldy. Olam özüni ýitirmedi, ýüzüne seredip “Abyr Walg” diýdi-de çaý içmegi teklip etdi. Doktor sagbollaşman çykyp gitdi.
6-njy maý.
Pişik “filarmoniýa” sözüni eşidenden bäri iki gün gülüp gezip ýör. Ona “epistolýar gromozeka” diýsem gülüp ýarylarmyka? Barlap görmeli.
8-nji maý.
Goňşularyň ogly öýe kürsäp girdi-de duz sorady. Oňa indiki gezek gapyny kakmalydygyny düşündirdim. Nähili tertipsiz, çal saç çaga!
9-njy maý.
10:00
Nemesler geldi. Baýramymyzy gutlady. Birhili keýpsiz özler-ä. Ýürekdenem gutlamadylar. Mümkin munuň sebäbi olary kepje pil bilen urup duran babadadyr... bilmedim-dä.
11:00
Tokaý ruhuna gutlag ugratdym. Olam weteran. Hat-da medalam bar: “beýik watançylyk urşunyň partizanyna” diýip. Ehh... nemesler, nemesler. 41-nji ýylda siz bilen adamlardan başga kimleriň uruşjagyny bilenligiňizde öz hobitiňizi özüňiz atyp öldürerdiňiz.
12:00
Girdenek Kuzmiçiň döwük hat ýazýan maşynyny bir ýaşik araga satyn aldy. Öýe geldi-de “Apparaty kabul et, pikirlenmän aldym” diýdi. Halk bilen onuň lygy barada gepleşdik.
15:20
Zidanyň çörek iýişine syn edip durkam kelläme bir pikir geldi. Eger 1941-de Zinaida Zaharowany germaniýa taşlan bolsadylar, uruş iki ýyl ir gutarardy.
18:50
Pişigem goňşularyň BMW-siniň içine mina goýup özüniň raýatlyk pozisiýasyny görkezdi. A näme?... Her kimiň özüniň Ýeňiş günibar. Biriniňkide däriniň ysy bar, biriniňkide bolsa däriňki däl...
10-njy maý.
Halk bilen öýi ölçedik. Zinedin bize göçenden bäri öý 5 sm aşak çöküpdir. Pişik iki sany alakanyň goşlaryny ýygnap öýden gidip barýanyny görenligini aýtdy. Olam hiç weli, girdenek öýe nämüçindir çişirilýän gaýyk getirip goýdy.
11-nji maý.
Gije Zidany öýüne ugratjak bolup biraz bogdum, ýetdi sylaşygy. Ol gözlerini açdy-da “Gowulyga tarapmy erbetlige” diýip sorady. Dogrymy aýtsam biraz aljyradymam. Soň “Gümüňdenem aňry, özem çaltrak” diýip jogap berdim. Maňa Injili atyp saldy, gözlerini ýumdy-da öňküdenem batly operasyny aýdyp başlady. Ýogsa-da, Injil hakykatdanam güýçli kitap eken. Agyr eken, dogrusy...
12-nji maý.
Başga ýol bilen gideris. Girdenegiň ýanyna bardymda “Sen ýokkaň Zinaida Zaharowna Giýew sözüniň yzyna paýyş söz goşýar” diýdim. Ol derrew bu sözi bildi, gaharlandy-da maňa ikinji gezek Injili atyp saldy. Sektor “Priz” saňa, al kakmyş...
13-nji maý.
Kuzmiç geldi. Zinaida Zaharowna haýsy gülleri gowy görýä diýip sorady menden. Iýilýän gülleri diýip jogap berdim.
14-nji maý.
Girdenek howluda haly kakyp ýör, biz bolsa towşanyň narkotigini kakyp aldyk. Indem ony nirä gizlejegimizi bilemizok. Pişik ony Zinediniň kisesine zyňmagy we polisiýa çagyrmagy teklip etdi. Halk eger ol şeýtse pişigiň negatiw energiýa bilen öz karmasyny hapalajagyny we indiki reinkarnasiýada... Umuman, salam Wasserman, otyrmyň sag aman.
15-nji maý.
Kuzmiç Zidany duşuşyga çagyranyny aýtdy. Bile gitmegimizi haýyş etdi. Bir litr süýt näme etdirenok... gitmeli bolar...
***
16-njy maý.
10:30
“Ю” güni ýetip geldi. Biz bu güni pişik bilen şeý diýip atlandyrdyk. Sebäbimi? Sebäbi Kuzmiç bilen Zinaida Zaharownanyň bile duran wagtyndaky görnüşi edil şol harpyň şekilini ýatladýar.
11:00
Taýýarlyk başlady. Eger Zidan geçen ömründe Gitler bolan bolsa uruşam bolmazdy, ol 4 ýyllap çolkasyny haýsy tarapa darajagyny bilmän granisada durup geçirerdi. Soň bolsa özünden göwni geçip nemes tualetine aglamaga giderdi...ýa-da holodilnigiň ýanyna. Munuň birhili eşidiljeginem bilýän weli, ýöne ol Gitler bolan bolsa gowy bolardy...
12:30
Ahyry boldy! Çolka çepe daraldy! Pişik jedelde süýtli jamyny utdurdy. A ýok! Saga darap dur ýene. Ýa çepemi ýene-de? Halk häzir biziň tennis görüp oturan tomaşaçylara meňzeýänimizi aýdýar. Aý, onuň ýüzünde golfam oýnasa bolýalaý. Görgüli Kuzmiç...
14:00
Tokaý ruhy sms ugradypdyr. Okap ýetişmedim. Kepderiler Zinaidany görüp toýnuk gurap günorta tarap uçup gitdiler...
16:32
Bu bir gudrat! Zinedin meň bikämiň köýnegine sygdy! Halk edil şu pursatdan soň geometriýanyň hiç zatlygyny ykrar etdi.
17:30
Ömrümde birinji gezek onuň 3 sagatlap hiç zat iýmedigini gördüm.
17:40
Wamp-aýalyň keşbini döretjek bolup Zinaida Zaharowna ýanyna Halky aldy. Pişik – Eger Wan Gog şulara seredip “Güjükli aýal” suratyny çeken bolsa diňe bir gulagyny kesmän gözlerinem çitikläredi – diýip olaryň üstünden gülýär. Ol Wan Gogy nireden tanaýar indi? Porsy pişik. 10-a çenli sanap bilenok weli, Wan Gogdan tutduran bolýar.
18:00
Zinedin bilen duşuşyga barýas. Pişik maňa ondan daşrak dur diýýär. Birje ýalňyş hereket we onuň egnindäki şahidiň köýnegi 3 metr radiusdaky ähli zatlary tozdurar. Daş töwerekdäkilere diňe bir fiziki däl, eýsem moral trawmalaryň ýetmek howpy bar. Şahid diýende... Birden Zinaida Zaharowna ölüp jennete düşmeli bolsa, ondan soň jennete hiç kim girip bilmez. Behişdiň derwezesi ömürlik Zidanyň syrty bilen dykylar...
19:00
Bir sagat gijä galdyk, munuň bilen bolsa Zinaida Zaharownanyň hakykatdanam aýal maşgaladygyny subut etdik. Pişik bolsa oňa adamlaryň arasyna taşlanan gök kitiň çagasy diýýär.
19:10
Kuzmiç meniň maslahatyma gulak asyp bir sebet klubnika getiripdir, Zinedin olaryň içinden ýürek şekillisini gözläp başlady, galanlaryny gözleg dowamynda aşgazanynda ýygnady.
19:30
Kuzmiç Zinedine gamburga girmegi teklip edip ägirt uly ýalňyşlyk goýberdi. Eger burgerdäki kapustanyň iň bolmanda kiçijek beýnisi bolan bolsady, ol Zidany görenden ewolýusirlenip gaçyp başlardy we bir gizlin ýerde “Bela size naçinka däl-de” atly sektany dörederdi.
20:00
Halk – Ýa Kuzmiç hakykatdanam ony söýüpdir, ýa-da onuň benzopilasy döwülipdir. Agaç ýykara zady ýok öýdýän – diýdi. Men-ä ikinji wariantmyka diýýän.
20:40
Kuzmiçe oňa öýlenjek bolsaň nikasyz oňuşmaly bolarsyň diýdim. Bu jübüti gören mukaddes ikonalardaky adamlar yzyna öwrülip durar. Isa umuman haçdan düşer. Indiki gezek haçan doguljagam belli däl.
21:05
Zinaida Zaharowna burgere düwündi we özüniň aýylganç hyrkyldysy bilen tötänleýin Gogolyň ruhuny çagyrdy. Gogol Zidany gördi, alňasady, kellesini tutup Mirgorodyny ýakyp başlady. Zordan yzyna ugratdym.
21:40
Zinedin soňkuja gamburgynam iýdi-de öýe şaýlandy. Kuzmiç umuman şokda. Burgerleriň biriniň içinde ýüzük bardy diýýär. Halk indi onuň içki dünýäsinde iň bolmanda bir gymmatlygyň peýda bolanyny aýtdy.
21:45
Gogol yzyna geldi. Buglakowy getiripdir. Ol köp wagt Zidana seretdi-de: “Ýok, Kolýa, bu Wiý däl” diýdi. Gitdiler.
22:40
Kuzmiç bizi öýe çenli ugratmagy ýüregine düwdi, hiç kim azar bermez ýaly-da! Halk entäk kimiň kimi ugratjagy belli däl diýýär. Hakykatdanam, öýe barýarkak birnäçe gopnikler özleri gelip Zidana öz telefonlaryny berdiler. Kuzmiç olaram edil özi ýaly Zidanyň owadanlygyna maýyl bolup şeýdýärler diýýär. Aý, hawa... Gaçanda bolsa olar bu ajaýyplygy surata geçirmek üçin holst almaga ylgap gidendir...
23:30
Ehh Kuzmiç... biz-ä ol oýun edýärmikä diýdik weli, a ol hakykatdanam oňa toý etmegi teklip etdi! Halk bu teklibi eşidenden soň öz karmasyny birnäçe asyrlyk arassalajaklygyny aýtdy. Aý, näme! Bagt we söýgi size! Ýöne bu ýagdaýda tort we sok size has gelişäýjek ýaly... we börekler...
***
17-nji maý
Irden düýnki başdan geçirenlerimizi pişige aýdyp berdim. Wiý baradakt gürrüňden soň içigip özünden gitdi.
18-nji maý.
Toýy Iýulyň başyna goýdular. Halk – eger Zinedin toýdan soň buket zyňsa onuň ýeriň emeli hemrasy bolmak mümkinçiligi gaty uly – diýdi. Wasserman gülüp astraldan gaçdy.
19-njy maý.
Parikmaher geldi. Halky gyrkdy. Onuň bilen bilelikde biziň medeniýetli popumyz hem gelipdir. Kadilos-dan täze aromatlary hödürledi. Gowy görýän-aý şu popy.
20-nji maý.
Aý aýdyň. Pişik – meni Bella bilen tanyşdyr – diýip Halkyň ýüregine düşdi. Merhum baba geldi. Pişige Timoşenko bilen tanyşdyryp biljekligini aýtdy. Indem hiç ýerde pişik ýok.
21-nji maý.
Towşan geldi. Biraz tohum getiripdir. Mellek ýerde ekmegi haýyş etdi, tokaýda olar ösmeýärmiş. Edil şol wagt pişik onuň arkasyndan gelip “Mentler!” diýip gygyrdy. Towşan ekib-ä ekmedi tohumlaryny, ýöne topragy dökünledi.
22-nji maý.
Halk ylgap geldi-de ahyrzaman gelýänligini aýtdy. Saturn orbitasyndan çykdy we biziň öýümizde uçup ýör diýdi. Men eýýam Anatoliý bilen salamlaşmaga taýýarlanyp durdum weli birden oburuçda dykylyp galan Zinaida Zaharownany gördüm. Gaty degişgen bolup barýar-aý şu Güjikowiç. Ahyrzaman yza süýşürilýär!
23-nji maý.
Syganlar geldi. Adatdaky ýaly bir zatlar diläp ýörler. Pişigi daşary ugratdym, ýiten zat ýokmy görüp gel diýip. Hemme zat ýerinde diýip geldi. Halk heniz täsirden çykyp bilenok, aýnanenene.... gygyryp ýör...
24-nji maý.
Uçastkowoý geldi. Pişik oňa-da ýapyşdy, Bella bilen tanyşdyr diýip. Oňa näme beý diýýäň diýsem – hemme oborotenler Bellany tanaýar, hat-da pogonlylaram – diýýär.
25-nji maý.
Şu gün Zinedin asyryň habaryny aýtdy. – Men semiz däl, meniň süňküm iri – diýdi. Hawa-da, geljegiň arheologlary onuň süňklerini tapanda: “Ýok, bu mamontyň skeleti däl, bu häki bir iri süňkli aýal...” diýerler.
26-njy maý.
Halk bilen giňelýän Älemiň teoriýasy barada gürrüň etdik. Älemiň giňelýänligi barada subutnamalaryň ýoklugy, emma giňelýän Zinaidanyň bolsa hakykatdanam jedelsizligi bilen ikimizem ylalaşdyk. Onda-da Älem uly partlamadan soň emele gelen bolsa, Zinaida şol partlama bilen gutaryp biler.
27-nji maý.
Weterinar gedi. Priwiwka etdi. Ýakymsyz prosedura. Aýnanyň öňünde towşanyň duranyny we gamgyn gözleri bilen şprise seredişini gördüm.
28-nji maý.
Üçege çykdyk. Aşa agyrlygyň ýokarlanmagy sebäpli Halkyň dag keseli tutdy we ol ýene ölüm bilen durmuşyň serhedine geldi. Serhetçileriň güni beýle bellenýändir öýdemokdym.
29-njy maý.
Pişik adam näçe ýaşynda bolsa şonça-da börek gaýnadýar diýen teoriýany öňe sürdi. Gözegçiligiň netijelerine görä Zinaida Zaharowna Dunkan Maklaudyň gyzy bolup çykdy.
31-nji maý.
Baharyň soňky gününi belledik. Nämedir bir zadyň soňky gününi bellemek gowy dälmikä diýýän. Ýöne Halk aýtmyşlaýyn Sansaranyň tigiri ähli zady öz ýerine getirmeli we hemme... Wasserman özüne ýoldaş edinipdir, indi onuň sakalynda serçe ýaşaýar.
1-nji iýun.
Pişik basgançaga mina goýdy. Ilki kim basaryna garaşyp otyrys.
2-nji iýun.
Ätiýaçlandyryş edarasyndan geldiler. Öýi ätiýaçlandyrmagy teklip etdiler. Pişik menden öz şariklerini ätiýaçlandyrmagyň näçä düşjegini bilip bermegi haýyş etdi.
3-nji iýun.
Kuzmiç geldi ýene. Zinediniň ogulhajatynyň ululygyny sorady. Eline gaz açar berdim. Baryp ölçäbersin özi...
***
4-nji iýun.
Maşgaladakylaryň tomus geleni ýadyna düşdi we güne ýanmagy meýil etdiler. Zinaida Zaharowna kupalnigini geýip öýden çykan dessine Gün tutulma hadysasy boldy. Hemmeler bu hadysa tötänlik diýdi, emme biz Halk bilen başga pikirde, sebäbi Günüň üstündäki gara tegmilleriň “näme üçin?” diýen ýazgyny emele getirenini gözümiz bilen gördük.
5-nji iýun.
Kuzmiç geldi. Toýy restornda etseň gymmat düşýä diýdi. Biziň howlymyzda edip bolmazmyka diýip sorady. Pişigiň howatyrlanýanlygyna garamazdan men razylyk berdim. Pişik eger Zinedin Serdýuçkanyň aýdymyna tans edip başlasa dowzahyň derwezeleri açylar diýip gorkýar. A men derweze ýapylar diýýän... iç tarapyndan... gulplanyp...
7-njy iýun.
Tokaý ruhy bilen ýazyşdym. Ýaş çatynjalaryň Kuzmiçlerde ýaşajaklygyny aýtdym. Biraz dymyp durdy we menden doska bilen gyzyl kraska sorady. “Howply çäk” diýip ýazjak diýýä şol öýüň deňine.
8-nji iýun.
Girdenek kondisioner getirip gurnady. Halk bu herekedi bilen onuň Si energiýasynyň ähli akymlarynyň ýoluny beklän... Wassermanyň serçesi ýitipdir.
9-njy iýun
Pişik parkur bilen meşgullanagy ýüregine düwdi. Indi ol özüne parkuror diýýär we gören adamyna koroçkasyny görkezýär, çöregiňkini... Halk çörek koroçkasy bilen ol Zidandan başga hiç kimiň ünsüni çekmez diýýär.
10-njy iýun.
Kuzmiç geldi, ýüzügini gijeňläp gitdi. Pişik - biz otrýad toplap wulkana tarap gitmeli, ýöne biziň hiç birimizi Zinediniň ähli zady görýän göreji görmeli däl, ýogsam hemme zat Mordor hasap edäý – diýdi. Halk bu aýdylanlardan many çykarjak bolup şeýle bir pikire çümdi welin hat-da ýüreginiň duranynam duýmady. Ýöne Tolýa daýy hemişekiler ýaly gerekli wagtynda gerekli ýerde!
11-nji iýun.
Samyrlar geldi. Psihologiýa degişli kitaplary we hat ýazýan maşynkany soradylar. Näme bolýaraý olara?!
12-nji iýun.
Rossiýanyň gününi bellejek bolduk weli, ýöne onuň nädip bellenýänini hiç kim bilmeýän eken. Hor bolup gimn aýtdyk. Bikäm bize goşulyp dogasyny okady. Erbet bolmady. Bikämiň ýagdaýy weli erbet.
13-nji iýun.
Hiç astrala çykyp bilmedim. Halk kömek etmegi makul bildi we maňa korpuskulýar-tolkun dualizminiň nazaryýetini aýdyp berdi. Öteräk geçäýipdir öýdýän. Indi astraldan yzyma çykyp bilemok. Wasserman agşamlyk nahara çagyrdy.
14-nji iýun.
Ruhany geldi. Nikalaşma barada baş ruhana aýdan wagty ähli ikonalaryň sandyrap ýere gaçanyny aýtdy. Toýda nikalaşmanyň bolmajagyny aýtdy. Zinedin razylyk berdi. Ýokarda biriniň uludan demini alanyny eşitdim...
15-nji iýun.
Kuzmiç geldi, galstuk saýlaşmaga kömek et diýdi. Pişik – tapawudy nämaý onuň – diýdi-de kladowkadan hojalyk sabynynyň bir bölegini getirdi. Halk – eger pişigiň degişgenlik duýgusynda bir deşik deşseň ol Gara deşige öwrüler – diýdi.
16-nji iýun.
Kladowkadan üflenýän garmoşka tapdym. Sazyň sesine nemesler ylgap geldi we haýsydyr bir Awgustini çalyp bermegimi haýyş etdiler. Olary Leontewiň ýanyna ugratdym.
17-nji iýun.
Tokaý ruhy sms ugratdy. Berlin diwarynyň beýikliginiň näçe metr bolanyny we derweze üçin ulurak gulplary sorady. Olam toýa taýýarlanýar öýdýän.
18-nji iýun.
Pişik meni kir maşyndaky eşikleriň nähili aýlanýanyna tomaşa etmäge çagyrdy. Her zat tapýa şulam. Baraýyn, gaty görmesin ýene...
19-njy iýun.
Özüne çekiji tomaşa, al kakmyş...
20-nji iýun.
Zinaida Zaharowna tarelka döwdi elinden gaçyryp. Hemmeler “Bagtlylyga” diýdiler. Hiç kim tarelkanyň alýumindenligine üns bermedimi-kä? Ýa-da näbelli güýjüň öňünde garşy durmaklyk gorkusy we özüňi goramak instinkti öz işlerini ýerine ýetirdilermikä?
21-nji iýun.
Nemesleriň pyşyrdaşyp bir zatlara taýýarlanýanlygyny gördüm. Merhum babaýyň ruhy gorkuly zadyň ýoklugyny aýtdy, endiklerimiş. Ýöne her hili ýagdaý bolup biler diýip maňa awtomat berdi we agşamlyk işigi gulplap ýatmagy maslahat berdi. Birgeňsi...
***
22-nji iýun.
Gije sagat 4-de biri bogýan ýaly bolup oýandym. Nemes eken. Babaýyň ruhy halas edäýdi, lopatasy bilen ylgap geldi-de ony derýanyň bir ýerlerine çagyrdy. Nemes ol ýerde eýýam bolanlygyny we oňa ýaramanlygyny aýtdy. Babaý - ýatar ýaly ýer berjek- diýenden soň ylalaşdylar.
23-nji iýun.
Zinaida Zaharowna fatasyny geýip öýde aýlanyp ýör. Birden peýda bolan Gogol – eger panoçka şeýle bolan bolsady, onda Homa Brut birinji gijede ölerdi – diýdi. Pişik akyllysyrap – Güýç nämede, Brut – diýdi we eňegine aýagyny tutup agras görnüşde oturdy. Gogolyň öňünde gaty utandym, masgara etdi.
24-nji iýun.
Kuzmiç gelip toýa nähili köwüş geýse goey boljagyny sorady. Pişik oňa galoş geýmegi maslahat berdi, - sebäbi rezini Zinedin uzagrak çeýnär we sende halas bolmaga mümkinçilik bolar - diýdi. Ylalaşýan, koža geýmeg-ä howply...
25-nji iýun.
Kepderiler täze açylan “Astralda” sosial toruna registrasiýa edilmek teklipli anonim sms getirdiler. Tolýa daýynyň gaty içi gysýar öýdýän. Bir baryp gaýtmaly salama.
26-nji iýun.
Ertirlik wagtynda Halk tötänleýin tozana düwündi we asgyranda öz aşgazanyny agzyndan çykardy. Pişik bilen ilki aşgazany ýerine salmagy we soňundan bolan zatlara gülmegi makul bildik.
27-nji iýun.
Zinaida Zaharowna Kuzmiçden lýustradaky köýen lampoçkany çalyşyp bermegi haýyş etdi. Bir minudam geçmänkä bendäni tok urdy. Şeýle bir urdy welin pahyryň özi ýagtylyp gitdi. Has köp okan Halk bu ýagdaýa lýustrasiýa diýip at berdi, biz bolsa pişik bilen Kuzmiçiň çyrasy diýdik. Kuzmiçiň özi bu ýagdaýy has uzyn at bilen atlandyrdy. Bir ýadymda galan ýeri Gorkiýniň “Ene” romanynyň adam bardy.
28-nji iýun.
Halk toýda tamada bolmaga höwesiniň barlygyny aýtdy we öz düzen konkurslary bilen bizi tanyşdyrdy. Olardan iň gyzyklylary:”Integralyň şadyýan gözlegi” we “Hany bakaly, kommunistler!”... oňa sypaýylyk bilen poha-da gerek däl diýdik.
29-njy iýun.
Kuzmiç geldi we tötänden Zinediniň kladowkada asylgy duran toý köýnegini gördi. Erbet yrym diýýärler şuňa. Ýöne Kuzmiç girdenekden – näme üçin maşynyňa ak ýapynja aldyň – diýip sorandan soň biz köşeşdik
1-njy iýul.
Pişik bilen “Remont mekdebi” programmany gördük. Ol şeýle bir ylhamlandy welin, ylgap gidip koridordaky oboýlaryň penjesine ilen ýerlerini sypyryp urdy. 5 minutdan geldi-de – ýyrtylan oboýlar stili gaty erbedem däl – diýdi. Hany göreli, bikäniň “syrta sübse” stiline näme diýerkäň sen.
2-nji iýul.
Halk pişikden – sende büre bir ýokmy – diýip sorady. Ol bürelerden öler ýaly gorkýanlygyny aýtdy. Meň pikirimçe onuň howatyrlanyşy ýerlikli. Bir gije garynjalar ony göterip howla çykarypdylar-da...
3-nji iýul.
PÝGG-nyň gününi köpçülikleýin düzgün bozmalar bien belledik. Zinedin liwerli kolbasanyň uzaboýuna liniýasyny 10 gezek dagy kesip geçdi. Pişik kwartirada rugsat edilen hereket tizligini birnäçe gezek bozdy. Ýöne hemmelerden tapawutlanan girdenek boldy. Basgançakdan gyzyl hala ýykyldy. Umuman, gyzylda geçip gitdi.
5-nji iýul.
Halk bilen bikäniň toýunda zyňylan bukedi kimiň gapanlygyny ýatladyk. Haçanda buket tutjak dalaşgärler öz hatarlarynda Zinaida Zaharownany görenlerinde “Bolýalaý... ýaşaýyş wajybrak, men-ä entek ýaşajak” diýişip hersiniň her ýere darganlygy ýadymyza düşdi.
6-nji iýul.
Pişik Kuzmiçden toýda wideooperator bolarmy diýip sorady. Ol toýuň diskini soň Spilberge ganymat baha satyp boljaklygyny aýdýar.
7-nji iýul.
Tokaý ruhy sms ugratdy. Tokaýdakylara Zinediniň tokaýda ýaşajaklygny aýdanymdan soň miweli agaçlar ýuwaşjadan miwelerini içine sorup başlady, belkalar bolsa barja zatlardan gyşa zapas toplap başlady – diýip ýazypdyr. Gözüm gidenok...
8-nji iýul.
Zinedine manikýur etdiler. Kosmetolog adaty çotganyň deregine walik ulandy. Pamada derek wodoemulsionka, dyrnak laklaryna derek atrak kraska, pudra gerek şpaklýowka... “Remont mekdebi” programma ýadyma düşdi.
9-njy iýul.
Ine ýylam bildirmänjik geçdi... a näçe wakalar boldy. Ertir bolsa toý!
***
10-njy iýul.
9:00
Zinaida Zaharowna bu gün günüň ilkinji şöhleleri bilen oýandy. Şöhleleriň Zidanyň üstünden serpilip Çernyşowskiýniň kitap tekjesinde duran “Näme etmeli?” atly eserine düşenini gözüm bilen gördüm.
9:30
Pişige - häzir gelinligi satyn alarlar – diýdim. Kladowkada içinden gulplap otyr. Köpçülige bolanaok şu janawar.
9:40
Kuzmiç ak aty çapyp geldi, elinde-de bir sebet klubnika. At Zinediniň nazarnda bir erbetligi duýup şazadasyna üstünden atyp urdy. “Gwsy mongollar iýsin meni” diýip gygyrdy-da gündogara tarap çapyp gitdi.
10:00
Halk – näme diýseňem şu Zinaida gaty hyjuwlandyryjy aýal, şahyryň arzuwy – diýdi. Birden peýda bolan Maýakowskiý şeýle arzuwy proliteriatyň okunda çep eli bilen pyrlanyny aýtdy. Soň uzak wagtlap Halk bilen suw geçiriji turbalar we fleýtalar halda jedel etdi. Intellegentler...
11:20
ZAGS-a wagtynda geldik. Aýrylyşmak üçin nobatda duran jübütler Zinedin bilen Kuzmiçi görenlerinden “bolýalaý, özümiňkä müň şükür” diýişip öýlerine gaýtdylar. Zinaida Zaharowna. Connecting people…
12:00
Nikalaşma wagtynda ýoldaş Mendelson geldi we onuň ýazan sazynyň bolup geçýän zatlara näme dahylynyň barlygyny sorady. Halk onuň gynanjyny paýlaşýanlygyny, bu ýagdaýa has deň geljek bir sazy zakaz edenligini, emma ZAGS-da Merlin Mensonyň ýazgylarynyň ýoklugyny aýtdy.
15:00
Pişik biz bilen gitmändi. Şonuň üçin bizi derwezede nobatdaky improwizasiýa bilen garşylady:
“Iýiň, içiň şatlanyň,
Zinedinden hiç gorkmaň,
ýöne bir zady biliň -
gaçjak ýeri ýok lukmaň!”
Maýakowskiý bu goşgyny eşidip ýene bir gezek şeýle zat ýazsa pişigiň kellesini guýrugynyň aşagyna daňjaklygyny aýtdy.
16:20
Gelinligi ogurlamak synanyşygy doly şowsuzlyk bilen gutardy. Myhmanlar Zinaida Zaharownanyň stoluň başyndan ýitmesine umuman başgaça düşündiler we agşamlygyň dowamynda dowam eden iýmit monopoliýasy tamamlandy diýip ahyry bir zatlar iýdiler.
17:10
Merhum babaýyň ruhy geldi. Poltawanyň aşagynda Şwedlere garşy bolan söweşde gazanylan ýeňişiň ýyllygy bilen gutlady. Oňa bu gün toý bolup dur diýdim. Ýaş çatynjalara seredip daýhanlaryň we gullaryň hukuklary barada bir zatlar samrap tokaýa siňip gitdi.
17:50
Köne däbe görä Halk, pişik we men çatynjalaryň stolunyň aşagynda ýerleşdik. Pişik gaýta-gaýta Zinaida Zaharownanyň aýagyna seredýär. Olara ullakan demir lom daňsaň nebit gazyp alýanlara uly kömek bolar diýýär.
18:20
Pişik walerianka tapyp geldi. Ýaşlaryň bagty üçin içdik. Ýöne çakyşdyrmadyk. Fakt däl, kim bilýär...
18:45
Halkyň kellesi aýlanyp ugrady. Yrsaraýa. – Maňa üns we garaşyk ýetenok – diýýär. Pişik – Garaşyk o dünýäde bar saňa – diýdi-de ýene stakanlary doldurdy.
19:30
Halk – Tuflini özüm ogurlaýan – diýdi. Zinedin ýagdaýlaryň beýle öwrümine garaşmadyk bolarly. Ol özüniň ajaýyp aýajyklary bilen aýawly hereketleriniň birini ýerine ýetirdi. Ýarym sagatdan soň Güjikowiçi tokaý ruhy getirdi. Towşan tokaýyň üstünden parahat ýagdaýda uçup barýan güjügi görüp toba geldi diýýär. Hawa-da, her bir işde haýyr bar...
20:10
Ruhany geldi. Uzak wagtlap nikalaryň asmanda gyýylýanlygy barada bir zatlar aýtdy. Pişik – onda näme üçin bu yşaratlar henizem bärde, ýokarda näme olarsyz belleýälermi toýy – diýip sorady. Bu sözlerden soň men ýokarda bir ýerde gapynyň ýapylan sesini aýdyň eşitdim.
21:00
Ýaş çatynjalaryň tans edýän wagty Zinaida Zaharowna tötände Kuzmiçiň aýagyny basdy. Indi Kuzmiç has hem çalt ýüzüp biler. Brawo!
21:40
Zinaida Zaharowna gelinligiň bukedini zyňdy we garaşylýan ýagdaý! Ikinji etažyň aýnasyny kül-owram etdi. Onam geň görjek däl, ýöne aýna barmazdan öň buket diwara rikoşet etdi. Şol pursat ýeriň düýbünden Döw çykdy we 7 ýyl biz bilen ýaşajagyny aýtdy. Emma biziň söýgüli Zinedinimizi görüp, ruhanydan ýalkanma sorady, soňra bolsa gaty wajyp işlerine salgylanyp kalitkadan çykyp gitdi. Hawaaa, gözellik – elhenç güýç...
22:00
Agşamlygyň ahyrynda uçastkowoý geldi we biziň üstümizden goňşularyň arz edenini aýtdy. Ine, maňa-da iş tapyldy. Indi goňşular peşew saklanmazlygyna arz edýärler.
22:15
Zinaida Zaharowna oturanlara alma hödürläp başlandan soň iň bir durnukly myhmanlar hem öýlerine dargap başladylar. Pişik bu ýagdaýyň gowruljak läşe farş dykylýan pursatyny ýatladýanlygyny aýtdy.
22:30
E-waý! Çatynjalar Ýegipete toý syýahatyna gidýärler! Kuzmiç menem çagyrdy ýany bilen. Gitsemem bolman duranok! Halk ruhlara uçuşyň mugtlygyny aýtdy.
23:10
Kuzmiç öz gyzgyn piražogy bilen öz öýüne bagt gijesini geçirmäge gitdi. Pişik bolsa Zinaida baton diýýär.
23:55
Zinediniň hor çekýän sesini eşitmesem indi ýatyp bilemok. Gideýin, girdenegi bogaýyn. Hiç goýup bilmedim şu häsiýetimem...
...

10комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.