Ene görgüsi (Kerim Gurbannepesowyñ "Ýazmasy agyr düşen" goşgysyny okanymda düzilen goşgylar)

Bir köneräk çatmada, garryja ene,
Ölüm ýassygynda agyr ýatyrda.
Oglyny sorady gaýtalap ýene,
Her geçen günleri ýatlap otyrdy.

Özi iýmän oguljygyna iýdirdi,
Özi geýmän oguljygyna geýdirdi,
Emma, bu agyr ýatan gününde,
Iýdiren, geýdiren ogly nirdedi.

Enäniň pulyna okady ogul,
Okamak nirede, keýp çekdi diňe.
Emma, şol oglyny okatmak üçin,
Gijäni gündiz edip işledi ene.

Bu habar oglyna örän çalt ýetdi,
Ogly diýdi:”Ýaramasa gowlaşar ýene”
Ogly ýatlamady geçen günleri,
Gözünden ýaş damdy, aglady ene.

Gözünden daman her ýaşy üçin,
Ogly hasrat, ejir baryny çeker.
Ýöne şolar ýaly ogul bolandan,
Ogulsyz dünýeden öteniň ýeter

Awtory Jemşit Hajymämmedow
4 лайков 143 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.