Kerim Gurbannepesow - Enäniñ ýaşy

Günamizi bagyşlaýar Eneler
Sebäp Eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär
Şeýdibem kemelýär Eneleň ýaşy

Ene balasyna buýurdy ýumuş
Ol diýdi “Özüň et oň ýaly işi”
Ýandy Ene. Emma ötdi günasin
Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.

“Öýe wagtynda gel, giç gelme balam”
Ogly bolsa Enä çenedi daşyn
“Wah nätsemkam” Emma günäsin ötdi
Kemeldi Enaniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul
Gapak ýaly boldy tüýlije döşi
“Indi ata bolduň adam bol oglum!”
Gysyldy, gysyldy Enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuz iki gezek
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp gaçdy bir ýaşy.
1 лайков 263 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.