Enäniň ýaşy

Günämizi bagyşlaýar eneler,
Sebäp-eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär,
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
ol diýdi: "Özüň et, oň ýaly işi!"
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

"Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam!..."
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
"Wah, nätsemkäm?" Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul,
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
"Indi ata boldyň, adam bol, oglum!"
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...

K.Gurbannepesow.
9 лайков 188 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
15 дек 2021, 20:03
meň iň gowy görýän goşgulammyň biri
like+++++
мусульманка
Автор 15 дек 2021, 20:03
Enegul,
sag bol kop kop
мусульманка
Автор 15 дек 2021, 20:04
Enegul,
men hem gou gorýan
Döwlet Şöhradow
15 дек 2021, 20:06
Wahh Kerim aga..
Like+ brawo
мусульманка
Автор 15 дек 2021, 20:07
sᴛᴀᴛᴇ,
hihi
мусульманка
Автор 15 дек 2021, 21:52
ejelerimize hormat goyalyn olary ynjytmalyn ejeler bizin perisdamizdir
Enejan
17 дек 2021, 22:48
su gosgyny 1nji gezek mekdepde aydamynda mygallymlar aglapdy men su gosgyny 3yasymdan bari bilyan