Wagtynda biliñ ejäniñ gadryny !

Günämizi bagyşlaýar eneler.
Sebäp –
eneleriň ak süýtli döşi
Köp-köp garalygyň günäsin ötýär.
Şeýdibem kemelýär eneleň ýaşy...

Ene balasyna buýurdy ýumuş,
Ol diýdi: «Özüň et oň ýaly işi!»
Ýandy ene. Emma ötdi günäsin.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

«Öýe wagtynda gel, giç gelme, balam..»
Ogly bolsa enä çenedi daşy.
«Wah, nätsemkäm?» Emma günäsin ötdi.
Kemeldi enäniň ýene bir ýaşy.

Ýigrimi ýaşyny doldurdy ogul.
Gapak ýaly boldy tüýlüje döşi.
«Indi ata bolduň, adam bol, oglum!»
Gysyldy, gysyldy enäniň dişi.

Ene dişin gysdy otuzki gezek,
Her gezek gysanda gaçdy bir dişi.
Enäniň her gaçan dişine derek
Ýaprak dek saralyp,
Gaçdy bir ýaşy...

Kerim Gurbannepesow
5 лайков 144 просмотров
5комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Nurana
26 ноя 2021, 13:22
LIKE+++++++ aglaya
gynançly
Ejegyz.
Автор 26 ноя 2021, 14:07
.x_xXx_x.,
Dogry aydyañyz ! Bar zadyñ barlygynda gadry bilinmeyar haçanda yok bolansoñ gadry bilinyar , yöne soñ giç...
Ejegyz.
Автор 26 ноя 2021, 14:11
.x_xXx_x.,
Meselem : Kerim Gurbannepesowyñ "Yazmasy agyr dusen gosgy " diylen goşgusynda eje :
Howdan gurdy gazy gazdy ,
Laya batyp dyzyndan
Yygnanjasyn lukgelap
Ibererdi yzyndan

Ogly ucin ak mutgelden
Bir haltajyk tikindi
Üçlugini ,manadyny
Şayysyny ,kopugni

Artdyranja puljagazyn
Atdy şonuñ icine
Şeyde şeyde kyrk yasynda
Ak çozupdy saçyna .

Yöne şondada ogul eje gadryny bilman ölüm gunune gelmeyar ejesiniñ
yekeje
26 ноя 2021, 16:17
.x_xXx_x.,
+gosulyan
aslyhan
26 ноя 2021, 16:24
+++++